HABARLAR

Bag eken barly bolar

Halkymyz asyrlaryň dowamynda tebigata aýawly çemeleşmegiň we onuň bilen sazlaşykly ýaşamagyň özboluşly ýörelgelerini kemala getiripdir. Bagbançylyk işine hem aýratyn üns berlipdir. Asylly ýörelgelerdir döwrebap tejribeler utgaşyp, bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan ekologiýa syýasatynyň özenini düzýär. Her ýylyň ýaz we güýz möwsümlerinde hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ählihalk bag ekmek çäresiniň geçirilmegi asylly ýörelgä öwrüldi. Ýakynda, has anygy, 9-njy noýabrda geçirilen ählihalk bak ekmek dabarasynyň barşynda hem tutuş ýurdumyz boýunça bag nahallarynyň 539 müň 185 düýbi ekildi. Şeýle hem seýilgähleri we tokaý zolaklaryny arassalamak hem-de abadanlaşdyrmak işleri bilen birlikde jemi 2 million 67 müň 630 düýp baga ideg etmek işleri geçirildi. Munuň özi täze taryhy döwürde ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, daşky gurşawy gorap saklamak, onuň ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça ählumumy tagallalara goşýan mynasyp goşandynyň aýdyň güwäsine öwrüldi. Ýurdumyzda asylly däbe öwrülen bag nahallaryny ekmek boýunça köpçülikleýin çäreler täze seýilgähleriň, tokaý zolaklarynyň döredilmegine, türkmen topragynyň ösümlik dünýäsiniň baýlaşmagyna, amatly

Daş­ky gur­şa­wyň aba­dan­çy­ly­gy

Garaşsyz ata Watanymyzda ykdysady we durmuş ulgamlaryndaky giň möçberli özgertmeleriň maksatnamalary ähli babatda adamlaryň abadançylygynyň aýrylmaz şerti bolan ekologiýa bilen berk baglanyşyklydyr. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, daşky gurşawy goramak we ekologiýa arassaçylygyny üpjün etmek babatda ýurdumyzda netijeli işler amala aşyrylýar. Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijesinde gysga wagtyň içinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, aýratyn-da, paýtagtymyzyň we Arkadag şäheriniň golaýyndaky dag eteklerinde müňlerçe gektar meýdanda tokaý zolaklary emele getirildi. Ýerli agaç nahallary bilen birlikde, dünýä ýurtlarynda gözelligi, ekologiýa edýän oňyn täsiri bilen tapawutlanýan agaç nahallary hem ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine uýgunlaşdyrylyp ekildi. Nahal ekmek, bag oturtmak, baga ideg etmek ýaly ýörelge türkmeniň gadymdan gelýän däp-dessurlarynyň biridir. Häzirki wagta çenli ülkämiziň tebigat dünýäsini öwrenmek boýunça alnyp barlan ylmy-barlag işleriniň netijeleri güneşli Diýarymyzyň gymmatly agaç tokaýlarynyň mekanydygyny tassyklady. Agaçlaryň käbir görnüşleri bolsa, Orta Aziýa döwletleriniň çä

Ählihalk işine goşant

Ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, tebigata aýawly çemeleşmek ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bu hakykaty her ýylyň ýaz we güýz aýlarynda geçirilýän bag ekişlik we baglara ideg etmek çäreleriniň mysalynda hem aýdyň görýäris. Ýaňy-ýakynda geçirilen şeýle ähmiýetli çärelere biziň etrabymyzyň ýaşaýjylary-da uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Ýurdumyzda bag ekişlik çäreleriniň yzygiderli geçirilmegi tokaý meýdanlaryny giňeltmekde, howanyň zyýanly galyndylardan arassalanmagyny gazanmakda, ýaşlaryň arasynda ekologiýa medeniýetini dabaralandyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir. Şu gezekki ählihalk bag ekmek çäreleriniň dowamynda raýatlarymyz saýaly, pürli we miweli baglaryň ýüzlerçe düýbüni ekdiler. Şeýle hem olar öňki ekilen, gün-günden boý alýan agaçlara ideg işlerini geçirdiler. Şeýle sogaply işlere gatnaşmak biziň her birimiz üçin belent borçdur. Goý, gün-günden bagy-bossanlyga, gül-gülzarlyga bürenýän Diýarymyzda baglarymyzyň hatary barha artyp, ömürlere saýa salsyn!

Ekoabadançylygyň berk binýady

Güýzüň şu sahawatly günlerinde hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça amala aşyrylýan giň möçberli işler ekologiýa abadançylygynyň berkidilmegine, daş-töweregimiziň gözelleşmegine örän uly täsirini ýetirýär. Ekologiýa abadançylygyny berkitmäge gönükdirilýän işleriň mazmunynda, ozaly bilen, döwletimiziň adam baradaky aladalarynyň durýandygy has-da guwandyrýar. Tebigat baradaky alada häzirki döwrüň iň wajyp wezipeleriniň birine öwrüldi. Şoňa görä, Türkmenistan diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, Ýer ýüzüniň häzirki we geljek nesilleriniň abadançylygynyň bähbidine gönükdirilýän ählumumy ekologik meseleleriň oňyn çözgütlerini öňe sürýär. Aşgabat şäheriniň Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goşandy üçin degişli güwänama mynasyp bolmagy hem ýurdumyzyň ekologiýa diplomatiýasyny ösdürmekdäki üstünligidir. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» esasynda Diýarymyzda amatly ek

Agzybirlikde asylly iş

9-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berildi. Şol gün sebitde ýeke-täk «akylly» şäher bolan Arkadag şäherinde hem asylly däbe eýerilip, ählihalk bag ekmek dabarasy ýokary guramaçylykda geçirildi. Oňa şäheriň degişli ýolbaşçylary, edara-kärhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim, sport, medeniýet we saglygy goraýyş ulgamynyň, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, mähriban eneler, talyp ýaşlar gatnaşdy.

Şäher infrastrukturasy we ekologiýa strategiýasy

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatdaky döwlet syýasaty ekologiýanyň taglymat esaslaryny, onuň esasy kanunlaryny, ýörite kadalary öwrenmek arkaly tehnogeneziň, jemgyýetiň we daşky gurşawyň özara baglanyşygynyň çylşyrymly meselelerini, tebigaty oýlanyşykly peýdalanmagy, daşky gurşawyň aýratynlyklaryny kadalaşdyrmagy, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmagyň usullaryny we beýleki aýratynlyklary öz içine alýar. Bu döwlet ekologiýa strategiýasy şähergurluşyk işine-de giňden ornaşdyrylan. Ekologiýa strategiýasy — bu häzirki zaman düşünjesinde «uzak möhleti öz içine alýan umumy, çylşyrymly meýilnamalaşdyrylan maksada ýetmegiň usullary we ýollary» diýmegi aňladýar. Ol ylmyň we tehnologiýanyň soňky gazananlarynyň üsti bilen sebitiň ekoulgamyny tehnogen täsirlerden goramak babatda oňaýly çözgütleri ulanmaga gönükdirilen çäreleriň toplumy. Görnüşi ýaly, «tebigat», «ilat» we «hojalyk» «Ekologiýa strategiýasynyň» esasy üç daýanç düşünjeleri bolup durýar.

Döwrüň derwaýys meselesi

Halkymyzyň abadançylygy ugrunda durmuşa geçirilýän asylly işler bu gün öz netijesini berýär. Bagtyýar ykbally ildeşlerimiziň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagy, ýurdumyzda ähli ulgamlarda uly ösüşleriň gazanylmagyna itergi berýär. Has dogrusy, daşky gurşawyň abadançylygy nurana geljegimizi kepillendirýär. Hut şu nukdaýnazardan hem ekologiýa howpsuzlygy, häzirki zaman jemgyýetimiz üçin derwaýys meseleleriň biri bolmak bilen, oňa goşant goşmak her birimiziň borjumyz hökmünde ör-boýuna galýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy goramak wezipesi Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzda saýaly we miweli bag nahallaryny oturdyp, ýaşyl zolaklary döretmek, ekologiýa wezipelerini çözmek, atmosferanyň hapalanmagynyň öňüni almak, howanyň üýtgemegine garşy aýgytly göreş çärelerini ýaýbaňlandyrmak babatdaky tagallalar özüniň oňyn netijesini berýär. Bag ekmek, mähriban topragymyzy bagy-bossanlyga, göze ýakymly ýaşyl ýazlara beslemek ýurdumyzyň ekologiýa ýagdaýyny durnukly gowulandyrmaga uly goşantdyr. Tebigaty, daşky gurşawy gorap saklamak, Diýarymyzy geljekki nesillerimiz üçin abadan, arassa, ýaşamak üçin amatly ýagdaýda miras galdyrmak belent adamkärçiligiň nyşanyd

Ekologiýa abadançylygy ugrunda

Daşky gurşawy goramak babatda halkara derejesinde goşulyşmak hem-de özara peýdaly hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Eziz Diýarymyz hemişe giň möçberli ekologiýa meselelerini çözmäge ýardam edýän oňyn hyzmatdaşlyk üçin açykdyr. Ýurdumyz möhüm ekologiýa howpsuzlygyny öňe sürýän başlangyçlary bilen dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär. Ýurdumyz suw serişdelerini goramak we ýerleriň zaýalanmagynyň, howanyň üýtgemeginiň öňüni almak, bioköpdürlüligi saklamak ýaly sebit derejesindäki meseleleri çözmekde hem nusgalyk işleri durmuşa geçirýär. Garagum sährasynyň jümmüşindäki, el bilen döredilen «Altyn asyr» Türkmen kölüniň daşky gurşawy sagdynlaşdyrmaga, suw we ýer serişdelerini rejeli peýdalanmaga gönükdirilen ägirt uly ekologiýa taslamasynyň ähmiýeti örän uludyr. Türkmen kölüniň gurulmagy netijesinde öri meýdanlarynyň müňlerçe gektary dolanyşyga gaýtarylyp berilýär, zeý suwlary gaýtadan ulanylýar, suw serişdeleriniň gorlary artýar, bioköpdürlülik baýlaşýar. Bu taslama ilatyň saglygy, daşky gurşaw hakynda döwletiň edýän aladasynyň nusgasy bolup durýar.

Gözelligiň gurşawynda

Güller — tebigatyň iň ajaýyp zynatlarynyň biri. Gyş we güýz pasyllarynda tebigat uka gidip, açyk meýdanlardaky al-elwan güller seýrekleşende, öýümizi tebigatyň bir bölegine öwürýän otag gülleri kalbymyza aýratyn rahatlyk getirýär. Otagda ösýän güller, diňe bir bezeg hökmünde däl, eýsem, adamyň ruhunyň tämizlenmegine we rahatlanmagyna hem uly täsir edýär. Köp adamlar ösümliklere ideg etmek arkaly ruhy lezzet alýarlar. Otag gülleriniň taryhy hakynda söz açsak, olaryň haçan we kim tarapyndan ösdürilip başlanandygy barada anyk maglumat ýok. Ýöne, gözellik şeýdalarynyň ilkinji bolup bu işe girişendikleri çaklanylýar. Dürli geografik sebitleriň açylmagy bilen, ösümlik dünýäsiniň öwrenilmegi netijesinde dürli güller otag şertlerinde ösdürilip başlanypdyr. Aloe, balzamin, begoniýa, geran, limon, kaktus, hytaý bägüli, palma, fikus ýaly güller häzirki wagtda iň naýbaşy otag gülleri hasaplanyp, öýlerimize täsin gözellik paýlaýar. Bu güller, esasan, äpişgäniň öňünde ýerleşdirilip, öýüň howasyny arassalaýar we kislorody baýlaşdyrýar.

Suw gorlary — gymmatly baýlyk

Suwdan rejeli we tygşytly peýdalanmak döwrüň derwaýys meseleleriniň biridir. Merkezi Aziýanyň beýleki döwletlerinde bolşy ýaly, ýurdumyzda-da bu babatda yzygiderli tagalla edilýär. Güneşli Diýarymyzyň suw gorlary Amyderýa, Murgap, Tejen, Etrek we Sumbar derýalarynyň, Köpetdagyň we Köýtendagyň kiçi derýalarynyň, Köpetdagyň demirgazyk-gündogar eňňidindäki uly çeşmeleriň we kärizleriň, wagtlaýyn akarlaryň (sil suwlarynyň), takyrlarda toplanýan ýagyş suwlarynyň, şeýle-de ýerasty süýji suw gorlarynyň hasabyna emele gelýär. Türkmenistan ýerüsti suw gorlaryny, esasan, Amyderýadan alýar. Murgap, Tejen, Etrek derýalarynyň köpýyllyk suw akymlarynyň jemi 2854 million kub metre, Köpetdagyň we Köýtendagyň kiçi derýalarynyň, Köpetdagyň demirgazyk-gündogar eňňidiniň uly çeşmeleriniň we kärizleriň suw akymlarynyň umumy möçberi bolsa 150 million kub metre deňdir. Dag we dagetek sebitlerde çabgaly ýagyşlaryň ýagýan ýaz we güýz pasyllarynda sil akymlary döreýär. Merkezi Köpetdagyň dagetek sebitlerinde iň täze tehnologiýalary ulanmak arkaly sil suwlaryny toplamak üçin göwrümi uly bolmadyk suw howdanlary guruldy. Olara Bagyr we Gozgançaý obalarynyň töweregindäki howdanlar degişlidir. Geljekde şeýle suw howdanlaryny ýurdumyzyň beýleki dag we dagetek sebitlerinde-de