HABARLAR

Ekologiýa abadançylygy

18-nji martda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Watanymyzy gülläp ösýän künjege öwürmek boýunça giň möçberli ählihalk bag ekişliginiň ýazky möwsümine badalga berildi. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde saýaly, pürli we miweli bag nahallarynyň ýüz müňlerçesi ekildi. Bu ählihalk çäresi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Arkadag şäherinde hem gyzgalaňly ýagdaýda dowam etdi. Umuman, şu gezekki ýazky möwsümiň dowamynda Arkadag şäheriniň çäklerinde 20 müňe golaý bag nahaly ekiler. Ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň mähriban topragymyzyň ekologik abadançylygyny we halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek boýunça başyny başlan işleriniň häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli dowam etdirýändigi üçin hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli pähim-paýhasy bilen ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurda amala aşyrylýan giň gerimli işler özüniň oňyn netijelerini hem görkezýär. Mähriban Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, daşky gurşawa aýawly garamak, bu ugur

Möhüm syýasat üstünlikli amala aşyrylýar

Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ekologiýa ýagdaýynyň gowulanmagyny gazanmak maksady bilen her ýyl geçirilýän ählihalk bag ekişlik dabarasy indi asylly däpleriň birine öwrüldi. Häzirki wagtda Türkmenistanda bu köpýyllyk işiň aýdyň netijeleri görünýär. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde giň meýdanlarda ynsan eli bilen döredilen tokaýlyklar ýaýylyp gidýär. Giň tokaý zolaklary her bir şäheriň, ilatly ýeriň töwereginde peýda bolýar, ak mermerli paýtagtymyzda, Köpetdagyň eteginde bagy-bossanlyklar döredilýär. Tokaý zolaklaryny döretmek işi hormatly Prezidentimiziň kabul edýän Kararlary bilen kadalaşdyrylýar. Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek işiniň barşy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň hemişe üns merkezinde durýar, bu mesele Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde hem-de wideoşekilli iş maslahatlarynda ara alnyp maslahatlaşylýar. Hünärmenleriň tassyklaýşy ýaly, hatda iň döwrebap himiki barlaghana hem, tebigatdaky ýaly, şeýle kämil we düzümi boýunça dürli birleşmeleri sintezlemäge ukyply däldir. Tebigat özüniň «ýaşyl laboratoriýalarynda» emeli ýol bilen döretmek mümkin bolmadyk maddalary öndürýär. Geçirilýän işleriň möçberleri haýran galdyrýar. Giň gerimli bag ekmek maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi howanyň üýtgemeginiň ýarama

Ekologiýa syýasaty — abadan durmuşyň kepili

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hem ata Watanymyzyň tebigy baýlyklaryny we gözel tebigatyny aýawly saklamakdan, ony geljek nesillerimize ýetirmekden ybaratdyr. Ýurdumyzda ýer, suw we biologik serişdeleri netijeli peýdalanmak, biologik köpdürlüligi goramak, çölleşmä we tokaýlaryň ýitmegine garşy göreşmek babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Tutuş dünýä ýüzünde daşky gurşawy ýaramaz täsirlerden goramak möhüm meseleleriň birine öwrülýär. Ýurdumyzyň bu ugurda BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, şeýle-de onuň Durnukly ösüş boýunça «Rio+20» maslahatynda, Ýaponiýada geçirilen BMG-niň tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça III Bütindünýä maslahatynda we Koreýa Respublikasynda geçirilen VII Bütindünýä suw forumynda beýan eden netijeli başlangyçlary dünýä bileleşiginiň goldawyna eýe boldy. Bu başlangyçlardan ugur alyp, ýurdumyzda olary iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça hem çäreler durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigine halkara kadalara laýyk gelýän «Tebigaty goramak hakynda», «Ozon gatlagyny goramak hakynda», «Ösümlik we haýwanat dünýäsi hakynda», «Balykçylyk we suw biologik serişdelerini goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň, Tokaý kodeksiniň kabul edilmeginiň mysalynda-

Arkadag şäheri bagy-bossanlyga bürener

18-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde bina edilen Arkadag şäheriniň çäginde guralan ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy. Säher bilen türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilýän ýerine geldi. Bu ýerde ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Bagşy-sazandalaryň joşgunly aýdym-sazlary çärä baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

Ene topraga söýginiň beýany

Ýurdumyzda ýazky bag ekmek möwsümine badalga berildi 18-nji martda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Watanymyzy gülläp ösýän künjege öwürmek boýunça giň möçberli ählihalk bag ekişliginiň ýazky möwsümine badalga berildi. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde saýaly, pürli we miweli bag nahallarynyň ýüz müňlerçesi ekildi.

Tebigat — umumy öýümiz, ýaşyl bag — ýaşaýşymyz

18-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwrüň sazlaşykly ösüşiniň nyşany hökmünde Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde bina edilen Arkadag şäheriniň çäginde guralan ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy. BAG EKMEK — ASYLLY ÇÄRE

Ýokary ruhubelentlige beslendi

18-nji martda geçirilen ählihalk bag ekmek dabarasyna welaýatymyzyň şäherleriniň, etrap merkezleriniň, şäherçeleriniň, obalarynyň ýaşaýjylary ýokary watançylyk hyjuwy bilen  gatnaşdylar. Balkanabat şäherinde bu sogaply işe Uly Balkan dagynyň etegindäki gözel ýerde badalga berildi. Baglaryň ilkinji nahallaryny oturtmaklygyň ýaşuly nesliň wekillerine, ýaş çatynjalara  hem-de röwşen geljegimiziň eýeleri bolan körpelere ynanylmagy çuň many-mazmuna eýe bolup, çärä gatnaşyjylaryň ruhubelentligini has-da  belende göterdi.

Türkmenistan – bagy-bossan

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda»  toýlarymyz toýlara, baýramlarymyz baýramlara ulaşyp, olar halkymyzyň bagtyýar, abadan, asuda, bolelin durmuşyň hözirini görýändiginiň özboluşly subutnamasy bolup dabaralanýar. Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli ýörelgelerimiz rowaçlanyp, milli gymmatlyklarymyz sarpalanýar. Her ýyl bahar paslynyň gelmegi bilen, ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasy ýokary guramaçylykly geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek hem-de ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek maksady bilen, welaýatymyzyň ýaşaýjylarynyň, edara-kärhanalaryň işgärleriniň, ýaşuly nesliň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda bag ekmegiň ýazky möwsümine badalga berilmegi hem munuň aýdyň subutnamasy boldy. Munuň özi ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek, onuň gözelligini we baýlygyny geljek nesiller üçin saklamak meselesiniň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyna aýdyň şaýatlyk etdi. Goý, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde beýik işleri durmuşa geçirýän Gahr

Türkmenistanyň Prezidenti ýazky bag ekmek möwsümine badalga berdi

Aşgabat, 18-nji mart (TDH). Şu gün ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Watanymyzy gülläp ösýän künjege öwürmek boýunça giň möçberli ählihalk bag ekişliginiň ýazky möwsümine badalga berildi. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde saýaly, pürli we miweli bag nahallarynyň ýüz müňlerçesi ekildi. Umuman, 2023-nji ýylda ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, häkimlikleri tarapyndan paýtagtymyzda we welaýatlaryň töwereklerinde 3 million düýp bag nahalyny ekmek meýilleşdirildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherinde ýazky ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Ahal welaýaty, 18-nji mart (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwrüň sazlaşykly ösüşiniň nyşany hökmünde Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde bina edilen Arkadag şäheriniň çäginde guralan ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy. Türkmen topragyny bagy-bossanlyga büremek boýunça ýaýbaňlandyrylan asylly çäräniň ýazky möwsüminiň başlanmagyny alamatlandyrýan bu dabara ýurdumyzda asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlaryň döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi. Säher bilen türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilýän ýerine geldi. Bu ýerde ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Bagşy-sazandalaryň joşgunly aýdym-sazlary çärä baýramçylyk öwüşginini çaýdy.