HABARLAR

Ekologiýa we ýaşlar

«7/24. tm», № 06 (141), 06.02.2023 Daş-tö­we­re­gi­mi­zi gur­şap al­ýan äh­li bar­ly­ga te­bi­gat di­ýil­ýär. Oňa aýaw­ly ga­ra­mak, go­rap sak­la­mak umu­ma­dam­zat jem­gy­ýe­ti­niň baş me­se­le­si bo­lup dur­ýar.

Bag ekmek— sogap

Şu günler Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň zähmetkeşleri edara-kärhanalaryň we mekdepleriň, obalaryň töwereklerinde, uly ýol ugurlarynda agaç nahallaryny oturtmak, timarlamak bilen bir hatarda arassaçylyk we abadanlaşdyryş işlerini güýçli depginlerde alyp barýar. Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi netijesinde, ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen, her ýylyň ýaz we güýz möwsümlerinde pürli, miweli we saýaly agaç nahallarynyň müňlerçe düýbi oturdylyp, ösdürilip ýetişdirilýär. Bu asylly ýörelge indi durmuşymyza giňden ornaşdy. Çünki bag tebigatyň gözelligini artdyrmak bilen sagdyn durmuş ýörelgeleriniň esasylarynyň biri bolup, ynsan saglygy üçin gymmatly baýlykdyr.

Maksatlaýyn işlere giň gerim berilýär

Ýurdumyzda tebigaty goramak, baýlaşdyrmak Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan sebitde we dünýäde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek babatda möhüm başlangyçlaryň başyny başlaýjy we durmuşa geçiriji hökmünde çykyş edýär. Tebigata aýawly çemeleşmek meselesi ýurdumyzda kabul edilýän kanunçylyk namalary bilen hem berkidilýär. Ýakynda goraghanamyzda geçirilen ylmy-tehniki maslahatda geçen ýylda ýerine ýetirilen ylmy we gorag işleri baradaky maglumatlar ara alnyp maslahatlaşyldy. Toplanan maglumatlar ýyl ýazgysy kitabyny taýýarlamak üçin esas bolup durýar. Goraghanamyzyň ylmy işgärleri gadymy Köýtendagyň ekologik ulgamyny dikeltmek we gorap saklamak, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň genetik goruny hem-de sebitiň tebigatyny goramaklygyň ylmy esaslaryny işläp taýýarlamak işlerini alyp barýarlar. Häzirki wagtda ýurdumyzda goraghana zolaklaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça möhüm işlere giň gerim berilýär. Biziň goraghanamyzyň baý ösümlik we haýwanat dünýäsi eziz Diýarymyzyň gaýtalanmajak tebigy baýlygynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Täze başlanan ýylda hem maksatlaýyn işlere guramaçylykly girişdik.

Ekologiýa abadançylygy — sagdyn ýaşaýşyň kepili

Ata Watanymyzda daşky gurşawy goramakda, tebigy serişdeleri aýawly saklamakda we peýdalanmakda asylly ýörelgelere eýerilýär, dünýä we milli tejribelere daýanylýar. Irki döwürlerden bäri bag ekmek we arassa daşky gurşawy emele getirmek halkymyzyň durmuşynyň aýrylmaz bölegi bolup gelýär. Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda her ýylda ählihalk bag ekmek dabaralarynyň çäklerinde millionlarça bag nahallarynyň ekilmegi ýurdumyzyň ösümlik dünýäsiniň has-da baýlaşmagyna, daşky gurşawyň arassa bolmagyna ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiziň: «Häzirki döwürde ýurdumyzda ekologik abadançylygy üpjün etmek, Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynda we Milli tokaý maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, gözel tebigatymyzy aýawly saklamak boýunça döwletimiz tarapyndan maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar» diýip nygtap geçmegi bu meseläniň birjik-de ünsden düşürilmeýändigini görkezýär. Ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan berkarar ýurdumyzda tebigaty goramak we ekologiýa howpsuzlygy boýunça kanunçylyk-hukuk binýady döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilýär. Ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan hojalyk we beýleki iş amala aşyrylan mahalynda ekologiýa howpsuzlygy babatda gatnaşyklary düzgünleşdirýän «Ekologiý

Di­ýa­ryň ho­wa gur­şa­wy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda daşky gurşawy goramak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Tutuş adamzadyň üns merkezinde duran ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri babatda Türkmenistanyň ýöredýän syýasaty, Arkadagly Serdarymyzyň öňe sürýän başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginiň ýokary gyzyklanmasyna eýe bolýar. Munuň özi ýurdumyzyň bu babatdaky özboluşly syýasatynyň oňyn häsiýete eýedigi hem-de ählumumy bähbitlere laýyk gelýändigi bilen şertlendirilendir. Daşky gurşawy goramagyň we howanyň üýtgemeginiň öňüni almagyň derwaýyslygy, ilkinji nobatda, bu meseleleriň diňe bir sebitde däl, eýsem bütin dünýäde örän wajyplygy hem-de Durnukly ösüş maksatlarynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygy bilen baglydyr. Bu günki gün adamzadyň geljegi bilen gönüden-göni baglanyşykly ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri tutuş dünýäniň üns merkezinde saklanýar. Adam bilen biosferanyň özara baglanyşygy, tebigy serişdeleri netijeli peýdalanmak häzirki döwrüň iň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Bu babatda dünýä möçberde ýagdaýlara düýpli täsirini ýetirýän howanyň üýtgemek meselesi öňe çykýar. Ýer ýüzünde howanyň üýtgemeginiň dünýä ykdysadyýetine we adamzadyň geljegine edýän täsirini soňky

Ýaşaýşyň çeşmesi

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwletimiz taryhy ölçegler boýunça uzak bolmadyk döwürde täzelenişiň hoşniýetli alamatlaryny jemleýän ösüş-özgerişlere beslendi. Durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, raýat jemgyýetiniň orny hem-de jemgyýetçilik-syýasy işjeňligi has-da ýokarlandy. Her bir adamyň aýratynlykda we tutuş jemgyýetiň bitewülikde bähbitlerini kepillendirýän kanunlaryň döwrebaplaşdyrylmagy, parahatçylyk arkaly ösüşiň täze belentliklerine badalga berilmegi bilen, ýaş döwletimiz umumadamzat ösüşiniň ummanyna goşuldy. Milli demokratiýany kämilleşdirmek we giňeltmek ugrunda döwletli çözgütleriň kabul edilmegi bilen, eziz Diýarymyzyň at-abraýy, şan-şöhraty dünýä derejesinde belende göterildi. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli merjen paýtagtymyzda geçirilen Döwlet Maslahaty möhüm taryhy waka hökmünde eziz Diýarymyzyň ýyl ýazgysynda täze sahypany açdy. Ýokary guramaçylyk we ruhubelentlik derejesinde geçen bu şanly waka ata Watanymyzyň hukuk, demokratik, dünýewi esaslarynyň mizemezliginiň, türkmen halkynyň jebisliginiň aňlatmasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Döwlet Maslahatyndaky taryhy çykyşynda obasenagat toplumyny ösdürmekde we azyk bolçulygy

Ekologiýa abadançylygy döwrüň derwaýys meselesi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyz ata Watanymyzyň täsin we gözel tebigatyny goramak hem-de ony asyl durkunda geljekki nesillere miras goýmak, ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny durnukly üpjün etmek, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak, ilatymyzyň ekologiýa medeniýetini kämileşdirmek meselesine aýratyn uly ähmiýet berýär. Ekologiýa howpsuzlygy adamyň ýaşaýşy üçin möhüm ekologik bähbitleriniň, ilkinji nobatda, arassa we sagdyn ýaşaýşy üçin amatly tebigy gurşawa bolan hukugynyň goraglylygy, döwlet syýasatynyň bu wezipeleri çözmäge gönükdirilmegi, ykdysady, dolandyryş-guramaçylyk çäreleriniň amala aşyrylyşy ýaly ugurlary öz içine alýar. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ekologiýa abadançylygyny ýokary derejede üpjün etmek maksady bilen toplumlaýyn ýaşyl zolaklaryň döredilmegi uly ähmiýete eýedir. Munuň özi ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmeginiň hormatly Prezidentimiziň üns merkezinde durýandygyny aňladýar. Tebigatyň ýagdaýyna baha bermäge ýardam edýän daşky gurşawy kadalaşdyrmak we dolandyrmak ulgamy ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmeginde wajyp bolup durýar. Bu ugurda alnyp barylýan çäreleriň ulgamy durnukly ösüş konsepsiýasynyň maksatlary bilen sazlaşýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda daşky gurş

Ýedi ölçe-de, bir kes

Her bir işde ölçegli bolup, rejäňi bilmek gowy endik. Durmuş eşretlerinden peýdalanmak babatda-da bu ýagdaý üýtgewsizdir. Adamzat jemgyýetiniň hemişe üns merkezinde durýan azyk howpsuzlygynyň üpjün edilmeginde ölçegli, oýlanyşykly sarp ediş aýratyn ähmiýetlidir. Ata-babalarymyzyň parasatly ýörelgelerine uýýan halkymyzda bir döwüm çörek hem mukaddeslige deňelýär. Azyk önümleriniň yrýa edilmezligi üçin ýönekeýje düzgünleri berjaý edip, hem özümize peýda getirip, hemem tebigaty goramaga goşant goşup bileris. Sebäbi dürli ekinleri ýetişdirmek, azyklyk harytlary taýýarlamak üçin ummasyz zähmet hem-de serişde sarp edilýär. Dükandan başlanýan ýol

Wajyp ekologiýa meseleleri

Dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde durýan meseleleriň biri-de ekologiýa meselesi bolup, ol jemgyýet bilen tebigatyň özara täsiri we tebigatyň baýlyklarynyň rejeli peýdalanylyşydyr. «Ekologiýa» adalgasy ilkinji gezek 1869-njy ýylda ylma girizilip, ol janly-jandarlaryň daşky gurşaw bilen arabaglanyşygyny öwrenýär. Mälim bolşy ýaly, janly-jandarlaryň daşky gurşaw bilen gatnaşygy adatdan daşary çylşyrymlydyr we jandarlaryň dürli topary üçin özboluşlydyr. Şonuň üçin häzirki zaman ekologiýasy dürli ugurlaryň: ösümlikleriň, haýwanlaryň, mikroorganizmleriň ekologiýasyny, gidrobiologiýany, aerobiologiýany öz içine alyp, çalt depginler bilen ösýär. Ýurdumyz üçin daşky gurşawyň ilatyň saglygyna edýän täsiri (tebigy hadysalar, klimatyň üýtgemegi we başgalar); Merkezi Köpetdagyň arça we Bathyz belentliginiň pisse tokaýlaryny abat saklamak; dag ýapgytlaryndan gaýdýan sil suwlarynyň ýygnanýan ýerlerinde kiçi göwrümli suw howdanlaryny gurmak; suw baýlyklaryny hapalanmakdan goramak; içimlik suwuň hilini gowulandyrmak; arçalaryň we pisseleriň ösdürilip ýetişdirilmegini ýola goýmak; gurulýan demir we awtomobil ýollaryny çäge syrgynlaryndan goramak; «Altyn asyr» Türkmen kölüniň Baş akabasyny we onuň şahalaryny süýşýän çägeleriň basmagyndan goramak hem-de beýlekile

Daşky gurşawyň sazlaşygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde daşky gurşawy goramak, tebigatyň baýlyklaryna aýawly çemeleşmek, bagy-bossanlyga öwürmek babatda döwlet derejesinde toplumlaýyn we netijeli işler durmuşa geçirilýär. Arkadagly Serdarymyz her bir çykyşynda daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak, ekologiýa degişli halkara ülňülerine laýyk gelýän kanunçylyk namalary kämilleşdirmek, döwrebaplaşdyrmak, bar bolan kanunlara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça degişli işleri alyp barmagy nygtap geçýär. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek we tokaýlaşdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan işleriniň biridir. Diýarymyzda ösdürilip ýetişdirilýän dürli görnüşli baglar tebigatymyzyň gözelligini has-da artdyryp, ekologiýa abadançylygyny gowulandyryp, raýatlarymyzyň sagdyn durmuşda ýaşamagyny üpjün edýär. Daşky gurşawyň arassa bolmagy sagdyn ýaşaýyş jemgyýetini gurmagyň gözbaşydyr. Şonuň üçin daşky gurşawyň düzüm böleklerini özünde jemleýän toprak, howa, suw, daglar, ösümlik we haýwanat dünýäsi biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly bolup, adamzadyň ýaşaýşynda möhüm orun tutýar. Sagdyn ýaşaýyş jemgyýetini döretmekde tebig