HABARLAR

Li-Fi tehnologiýasy

Dünýäde smartfonlaryň meşhurlygynyň artmagy bilen, simsiz maglumat aragatnaşygyna zerurlyk barha ýokarlanýar. Munuň netijesinde radio ýygylykly spektriň ýetmezçiligi ýüze çykýar. Çünki radio ýygylykly spektr çäkli bolýar, üstesine-de, onda maglumatlary ýerleşdirmek we geçirmek köp çykdajylary talap edýär. Şonuň üçin häzirki wagtda maglumatlary ibermegiň täze usullary öwrenilýär. Bu ugurlaryň biri hem optiki-simsiz torlardyr. Optiki-simsiz torlary ornaşdyrmakda görünýän ýagtylyk geçiriş ulgamlary (Li-Fi) uly ähmiýete eýedir. Bu tehnologiýa görünýän ýagtylyk çykaryjy diod (VLED) arkaly maglumat geçirilişini üpjün edýär. Bu tehnologiýa Harald Haas tarapyndan döredilip, ilkinji gezek dünýä jemgyýetçiligine 2011-nji ýylyň başynda tanyşdyryldy. Angliýaly alymlar yşyklandyryjy gurallaryň kömegi bilen maglumatlary 10 Gbit/s tizlikde geçirmegi başardylar.

Sanly tehnologiýalara daýanyp

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda halkara ülňülere laýyk gelýän sanly tehnologiýalary, öňdebaryjy önümçilik serişdelerini, ýokary öndürijilikli tehniki enjamlary ornaşdyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Türkmenistan iň täze nusgadaky kompýuter hem-de telearagatnaşyk tehnologiýalaryna esaslanýan sanly ulgamy yzygiderli ösdürmekde uly mümkinçiliklere eýedir. Milli Liderimiziň başda durmagynda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi bu ugurda möhüm çözgütleriň biri boldy. Konsepsiýanyň baş maksady ýurdumyzyň ykdysady taýdan durnukly ösmegine kuwwatly itergi berjek öňdebaryjy sanly ulgamlary kemala getirmekden, sanly hyzmatlaryň hilini yzygiderli ýokarlandyrmakdan, sanly maglumat gorlarynyň ýurdumyzyň islendik künjeginde elýeter bolmagyny üpjün etmekden, sanly ulgamyň düzümlerini we işleýşiniň hilini maksadalaýyk kämilleşdirmekden, ahyrky netijede, milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny düýpli pugtalandyrmakdan ybaratdyr.

Sanly bilim — ösüşiň esasy şerti

Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň durnukly ösmeginde, ykdysady kuwwatynyň yzygiderli berkemeginde ylym-bilim ulgamyna möhüm orun degişlidir. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda, şol sanda ylym-bilim ulgamynda giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. Häzirki wagtda biziň gündelik durmuşymyzda sanly ulgama, sanly tehnologiýalara uly orun degişlidir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilim ulgamy sanly tehnologiýalaryň esasynda düýpli özgerdilýär. Bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kemala getirmek maksady bilen, iri ylmy-barlag taslamalary durmuşa geçirilýär. Munuň özi ýakyn geljekde sanly ykdysadyýete geçmekde, bilim ulgamynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmakda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmäge ýardam edýär.

Ädimme-ädim sanly geljege tarap

Häzirki zaman dünýäsinde sekuntsaýyn bolup geçýän ösüş-özgerişler adamzat durmuşyny ählitaraplaýyn gurşap alýar. XXI asyryň häsiýetli aýratynlygy bolan maglumat tehnologiýalarydyr sanly gurluşlar gündelik durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülýär. Hyzmatlar ulgamyndan başlap, ykdysadyýetiň ähli ugurlaryna giňden ornaşdyrylýan sanly tehnologiýalar wagty tygşytlamaga, zähmet öndürijiligini artdyrmaga, işleri ýeňilleşdirip, onuň hilini ýokarlandyrmaga, täze önümçilikleri döretmäge, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmäge mümkinçilik berýär. Şeýle bolansoň, dünýä ýurtlary öz ösüşiniň täze tapgyrynda ykdysadyýeti sanlylaşdyrmagy möhüm ugur hökmünde kesgitledi. Hormatly Prezidentimiziň ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak işiniň döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtap, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» tassyklamagy bu babatda tapgyrlaýyn işleri amala aşyrmaga badalga boldy. Tapgyrma-tapgyr ýola goýulýan işleriň çäginde bu gün türkmenistanlylar gündelik durmuşynda, her ädimde sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden we artykmaçlyklaryndan peýdalanýarlar. Biz bu makalamyzda onuň diňe bir ugry — neşirýat-çaphana işiniň sanlylaşdyrylyşy dogrusynd

Innowasion ösüş — döwrüň talaby

«Akylly telefonlar», «akylly sagatlar», «akylly öý», «akylly şäher» düşünjeleri häzirki wagtda gündelik durmuşymyza giňden ornaşýar. Häzirki zaman adamyny şol «akylly» tehnologiýalarsyz göz öňüne getirmek kyn. Bu ugurdaky işläp taýýarlamalar gündelik durmuşymyzyň ähli ulgamlaryna tapgyrlaýyn ornaşyp, ýaşaýşymyzy has amatly we ýakymly ýagdaýa getirýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, ähli ulgamlar we pudaklar özgerdilýär. Sanly ykdysadyýete geçmek boýunça öňde goýlan wezipelere toplumlaýyn çemeleşmek bilen, sanlylaşdyrmak işleriniň gerimi giňeldilýär.

Miwesi datly agaç

Güýz paslynda ýetişip, gyşda saçaklarymyzy bezeýän gök önümler, datly miweler az däl. Şeýle datly miweleri boldan getirýän baglaryň biri-de nar agajydyr. Nar agajy welaýatymyzyň Magtymguly, Etrek etraplarynda gowy ýetişýär. «Gözel Sumbaryň nary» diýlip goşguda waspy ýetirilen datly miwäni ösdürip ýetişdirýän babadaýhanlarymyzyň çekýän zähmeti ýerine-de düşýär. Narlaryň tagamy süýji, turşy, turşumtykdyr. Olar däneli, ýumşak däneli we dänesi çigitsiz görnüşinde bolýar. Welaýatymyzda däneli we ýumşak däneli narlar has giňden ýaýrandyr. Ýuka gabykly nar ýumşak däneli bolup, sowuga çydamsyz bolýar. Ony howa sowap başlanyndan sowuk urýar. Şonuň üçin ol maýyl sub- tropiki ýerlerde ekilýär. Dänesi çigitsiz nar welin seýrek duş gelýär.

Sanly ykdysadyýet — döwrebap ösüş

Häzirki wagtda uzak möhletleýin ykdysady ösüşi gazanmakda we onuň durnuklylygyny üpjün etmekde innowasiýalara möhüm orun degişlidir. Muny ikinji müňýyllygyň soňky ýarymynda adamzat durmuşyny düýpli özgerden wakalaryň toplumy — senagatlaşma prosesi we ylmy-tehniki ösüş doly subut etdi. Munuň özi dünýä döwletlerinde sanly tehnologiýalara daýanýan ykdysadyýeti kemala getirmek ugrunda halk hojalygynyň sanlylaşdyrylmagyny we ylmyň soňky gazanan tehnologiýalaryny yzygiderli özleşdirmegi wajyplyga öwürdi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň sanlylaşdyrylmagyna hem-de onuň pudaklaryna maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň we kämil innowasiýalaryň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmekligiň döwlet syýasatynda durmuşa geçirilmeli möhüm wezipeleriň biridigine doly güwä geçýär.

Täze tehnologiýalara daýanyp

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň durmuşa ornaşdyrýan sanly ulgama geçmek babatdaky strategik maksatnamalary bu ugurda kämil hünärmenleriň ýetişdirilmegini talap edýär. Şunda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde guralýan okuw-tejribelik, tälimçilik işi ýokary hilliligi bilen tapawutlanyp, baý many-mazmuna eýe bolýar. Ýurdumyzyň beýleki ýokary okuw mekdepleri bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda hem alnyp barylýan okuw işleri hut şu möhüm özgertmeler bilen berk baglanyşygy emele getirip, sazlaşykly ösüşe ýardam edýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen kabul edilen «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» orny örän ýokarydyr. Çünki bu resminama Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny üstünlikli amala aşyrmak, ylym-bilim, ösen tehnologiýalara erk edýän zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, sanly ulgama çekmek ýaly aýdyň maksatlary öňde goýýar.Şu nukdaýnazardan hem häzirki wagtda institutymyzyň binýadynda ornaşdyrylan sanly ulgamyň mümkinçilik

Söwda ulgamy we innowasiýalar

Döwlet edaralaryny sanly ulgama geçirmegiň depginini ýokarlandyrmak geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezilýär. Häzirki döwürde gerimi giňeýän innowasion ösüş sanly söwda ulgamynyň çäklerine-de aralaşdy. Onda internet dükanlaryň görnüşleri, hukuklarydyr borçlary, uzak aralykdan satylmagyna ýol berilmeýän harytlaryň sanawy, dermanhanalaryň elektron söwdany alyp barmaklarynyň aýratynlyklary, uzak aralykdan satylýan harytlaryň mahabatlandyrylyşy, harydy satyn almak-satmak şertnamasyny baglaşmak we ýerine ýetirmekden ýüz öwürmegiň ýagdaýlary, eltip bermegiň tertibi düzgünleşdirilýär. Bu döwrebap resminama sanly ykdysadyýetiň «ynamly ulanyjylaryny» emele getirmek, söwda ulgamyny sanlylaşdyrmak, internet dükanlarynyň işini ýola goýmagy kadalaşdyrmak ýaly maksatlara ýetmegi göz öňünde tutýar.

Döwrebap kämillik

Hormatly Prezidentimiziň daşyna mäkäm jebisleşen agzybir halkymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň hözirini görüp, asuda, parahat, eşretli durmuşda ýaşaýar. Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda Watanymyzda ynsanyň gadyr-gymmatynyň hemişe belent tutulýandygyny, agzybir ilimiziň ata-baba ýörelgelerini dowam etdirip, öz döwletli ojaklarynyň, eziz ýurdumyzyň abraýyna abraý goşýandyklaryny nygtaýar. Ýurdumyzyň gülläp ösüşinde ýaşlar uly güýç bolup durýar. Şonuň üçin hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hem-de şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklandy. Bu maksatnama esasynda ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny üstünlikli amala aşyrmak, ylym-bilim, ösen tehnologiýalar bilen düýpli gyzyklanýan ýaşlary ýüze çykarmak, ýaşlary sanly ulgama geçmek boýunça geçirilýän işlere giňden çekmek we beýleki möhüm meseleleri çözmek göz öňünde tutulýar.