HABARLAR

Türkmen wekiliýeti «Geljegiň şäherleri» atly şäher häkimleriniň sammitine gatnaşdy

30-njy sentýabr — 1-nji oktýabr aralygynda Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewa şäherinde geçirilen BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy (UNECE) tarapyndan guralan «Geljegiň şäherleri» atly şäher häkimleriniň sammitine gatnaşdy. Türkmenistanyň daşary syaýasat edarasynyň habar bermegine görä, türkmen tarapyna Awaza etrabynyň häkimi D.Jumaýew wekilçilik etdi. Häkim öz çykyşynda Türkmenistanyň durnukly şäher ösüşi ugrundaky üstünliklerini belläp, durmuşyň hilini ýokarlandyrmaga we ilat üçin döwrebap şertleri döretmäge gönükdirilen üstünlikli taslamalar barada gürrüň berdi.

1,3 milliard amerikan dollar maýa goýar

«Microsoft» kompaniýasy Meksikada emeli aň we bulut tehnologiýalaryny ösdürmek üçin 1,3 milliard amerikan dollary möçberinde maýa goýmagy göz öňünde tutýar. Bu maýa goýum 3 ýylyň dowamynda özleşdiriler. Maýa goýumlary, hususan-da, kiçi we orta kärhanalara täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, şeýle hem Meksikanyň Hökümetiniň emeli aň pudagynda ilatyň bilimini ýokarlandyrmak baradaky 5 million töweregi adamy öz içine alýan başlangyjyny goldamak üçin gönükdiriler.

Oleg Kononenko HKS-da bolmagyň dowamlylygy boýunça täze rekord goýdy

Rus kosmonawtlary Oleg Kononenko we Nikolaý Çub bir uçuş wagtynda Halkara kosmos stansiýasynda (HKS) bolmagyň dowamlylygy boýunça täze rekord goýdular. Bu barada kosmos işleri boýunça döwlet korporasiýasy “Roskosmos” habar berýär. “Moskwa wagty bilen 16:06:51-de, olar (Kononenko we Çub), Sergeý Prokopýewiň, Dmitriý Peteliniň we Fransisko Rubionyň 370 gün 21 sagat 22 minut 16 sekunt dowam eden uçuşynda görkezen netijesi geçdi” – diýip, “Roskosmos”-yň habarynda aýdylýar.

Täze döwrüň ösüşinde intellektual eýeçiligiň orny

Ösen döwürde tehnologiýanyň, innowasiýalaryň we sanly ulgamyň kämilleşmegi bilen intellektual eýeçiligiň ähmiýeti has-da ýokarlandy. Dünýä ykdysadyýeti, medeniýet, ylym we bilim ulgamlarynda intellektual eýeçiligiň goralmagy we ösdürilmegi zerur meseleleriň biridir. «Intellektual eýeçilik» adalgasy XVIII we XIX asyrlarda ykdysadyýet we hukuk ylmynyň käbir wekilleri tarapyndan agzalyp gelnendigine garamazdan, onuň giňden dolanyşyga girizilmegi diňe 1967-nji ýylda Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasynyň döredilmegi barada Konwensiýanyň kabul edilmeginden soň bolup geçdi. Bu guramanyň esaslandyryjy resminamalaryna laýyklykda, intellektual eýeçilik — bu senagat, ylym, edebiýat we çeperçilik çygyrlarynda intellektual işiň netijelerine berkidilen kanuny hukuklardyr.

Türkmenistanly okuwçylar Gresiýada geçiriljek Robototehnika boýunça dünýä çempionatyna gatnaşarlar

Türkmenistanyň Robototehnika bölüminiň milli ýygyndysynyň agzalary 2024-nji ýylyň 26 — 29-njy sentýabry aralygynda Gresiýa Respublikasynyň Afiny şäherinde 190-dan gowrak döwletiň gatnaşmagynda geçiriljek Robototehnika boýunça dünýä çempionatyna gatnaşarlar. Ýaryşda Türkmenistanyň toparyna mekdep okuwçylary — Aýlar Tekäýewa, Gülhatyja Ataýewa, Şatlyk Batyrow, Merdan Muhammetorazow, Aýhan Baýramow wekilçilik ederler. Topara Arkadag şäherindäki 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň Robototehnika bilim merkeziniň mugallymy Myrat Sähetgulyýew hem-de «Kämil bilim» okuw merkeziniň robototehnika bölüminiň mugallymy Didarberdi Badyýew ýolbaşçylyk eder.

Ilon Maskyň «Neuralinki» gözi görmeýänleriň görüşini dikeltmek üçin implantatyň üstünde işleýär

Ilon Mask tarapyndan esaslandyrylan «Neuralink» kompaniýasy «Blindsight» implantatynyň ABŞ-nyň Azyk we derman serişdelerine gözegçilik müdirliginiň (FDA) «öňdebaryjy enjam» statusyna eýe bolandygyny aýtdy. Bu status ömre howp salýan ýagdaýlary bejermäge gönükdirilen lukmançylyk enjamlaryna berilýär. Statusyň berilmegi enjamlaryň işlenip taýýarlanyşyny we synagdan geçirilişini çaltlaşdyrmaga gönükdirilendir diýip, «Reuters» habar berýär. «Neuralinkiň» «Blindsight» enjamy iki gözüni we görüş nerwisini ýitiren adamlara-da görmäge mümkinçilik berer. Görüş korteksiniň zaýalanmazlygy şerti bilen, hatda dogluşdan körlere-de ilkinji gezek görmäge mümkinçilik berer. Eger görüş gabygyna zeper ýetmedik bolsa, ol dogabitdi körlere hem görmäge mümkinçilik berer. Görşüň, ilki atari grafikasy ýaly, durulygy pes bolar, ýöne soňlugy bilen, ol tebigy görüşdenem has gowulaşyp biler we infragyzyl, ultramelewşe ýagdaýda tolkunlaryň uzynlygyny radiolokasion diapazonda görmäge mümkinçilik berer» diýip, Ilon Mask gürrüň berdi.

«Emeli aň» üçin dollarlyk maýa goýum gaznasy dörediler

ABŞ-nyň «BlackRock», «Microsoft» kompaniýalary hem-de BAE-niň «MGX» döwlet maýa goýum kompaniýasy tarapyndan «Emeli aň» ulgamynda maýa goýum gaznasy (Global AI Infrastructure Investment Partnership, GAIIP) dörediler. Gaznanyň umumy mukdarynyň 30 milliard amerikan dollaryna deň bolmagyna garaşylýar. «Göni maýa goýumlaryny çekmek we uzak möhletli karzlary maliýeleşdirmek arkaly «Emeli aň» infrastrukturasyna maýa goýmak üçin 100 milliard amerikan dollaryna çenli pul toplamaga mümkinçilik dörär» diýip, kompaniýalaryň bilelikde ýaýradan metbugat beýanatynda bellenilýär.

Türkmenistan "Politehnik" belarus tehnologiýa parky bilen hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini öwrenýär

Ýakynda Belarus Respublikasyndaky Türkmenistanyñ Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Nazarguly Şagulyýew Respublikan innowasion unitar kärhanasy bolan Belarusyñ milli tehniki uniwersitetiniñ "Politehnik" Ylmy-tehnologiýa parkyna baryp gördi. Tehnologiýa parkynyñ Baş direktory Georgiý Werşina bilen geçirilen duşuşygyñ dowamynda bilelikdäki ylmy-tehniki we innowasion işiniñ mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar Türkmenistan bilen Belarusyñ arasyndaky gatnaşyklaryñ pugtalandyrylmagynda möhüm ädim boljak bilelikdäki sergileri we pudagara wekiliýetleriniñ ikitaraplaýyn saparlaryny guramak mümkinçiliklerine aýratyn ähmiýet berdiler. Georgiý Werşina "Politehnik" tehnologiýa parkynyñ gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyryp, onuñ metallaryñ işlenilip taýýarlanylmagy, trawmotologiýa, kardiologiýa, stomatologiýa we onkologiýa ýaly ugurlarda innowasion kärhanalaryny döretmek we olary goldamak boýunça wezipesi barada aýratyn belläp geçdi. Şu günki gün tehnopark tarapyndan 69 patent hasaba alyndy we 50-den gowrak innowasion tehnologiýalar işlenilip düzüldi.

Türkmenistanyň ilçisiniň Katar Döwletiniň kiberhowpsuzlyk boýunça Milli agentliginiň başlygy bilen duşuşygy

Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow Kataryň Döwletiniň kiberhowpsuzlygy boýunça Milli agentliginiň başlygy Abdulrahman bin Ali Al Farahid Al Maliki bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmekligiň ýollary we öňde duran wezipeler barada maslahatlaşdylar.

Öýjükli telefony göwnejaý ulanmak babatda maslahatlar

«7/24.tm»:№39 (226) 23.09.2024 Hä­zir­ki za­man­da döw­re­bap yn­sa­nyň dur­mu­şy­ny öý­jük­li te­le­fon­syz göz öňü­ne ge­tir­mek müm­kin däl. Bu en­jam bi­ze iş üçi­nem, ýa­kyn-ýat­lar bi­len gat­na­şyk üçi­nem, in­ter­net to­ry ar­ka­ly peý­da­ly we gy­zyk­ly zat­la­ry bil­mek üçi­nem ge­rek. Em­ma öý­jük­li te­le­fo­na çak­da­na­şa de­re­je­de bag­lan­mak ada­myň ün­sü­ni oý­la­ny­şyk­ly we ön­dü­ri­ji­lik­li iş­den, ýa­kyn-ýat­la­ry bi­len ha­ky­ky gat­na­şyk­dan, ýaş­la­ryň dyk­ga­ty­ny okuw­dan we öz­le­ri­ni ru­hy hem-de be­den taý­dan ös­dür­mek­den so­wup bil­ýär. Bu en­ja­myň ýaý­rad­ýan ra­dio­ýy­gy­lyk şöh­le­len­me­le­ri­­niň beý­nä köp tä­sir et­me­gi­niň düw­nü­gi dö­red­ýän­di­gi­ni yl­my bar­lag­lar gör­kez­di. Hä­zir­ki dö­wür­de köp alym­lar ýat­keş­li­giň bo­zul­ma­sy, ün­si jem­läp bil­mez­lik, ýa­daw­lyk, baş aý­lan­ma­sy we uky­nyň bo­zul­ma­sy ýa­ly der­de­ser­le­ri te­le­fo­ny köp ulan­mak bi­len bag­la­nyş­dyr­ýar­lar. Ýaş­la­ryň ara­syn­da bar­ha art­ýan şo­wa­kör­lü­ge hem ep-es­li de­re­je­de el te­le­fo­ny se­bäp­kär ha­sap edil­ýär. Gu­lak­