HABARLAR

Sanly ulgam — şu günüň we geljegiň ösüşi

Berkarar döwletimiziň röwşen geljegini özüniň aýdyň ýoly bilen ýöredýän Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bu günki gün bagtyýarlyk döwrümizde dünýä derejesinde ösýän hem özgerýän Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz örän baý wakalary bilen diňe geçmiş taryhyň däl, eýsem, geljek üçin hem öz döwrüniň mizemez eşretlerini halkymyza bakylyk miwesi hökmünde goýup gelýär. Ata-baba arzuwlap gelen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň bu ýyl — hormatly Prezidentimiziň paýhas nurundan sünnälenip çykan parasatly hem öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylynda Garaşsyz Türkmenistan döwletimiz şanly 30 ýyly arka atýar, şanly 30 ýyllyk ýubileýini uly baýram, uly toý edip belleýär! Beýik özgertmeler döwrümizi bize peşgeş beren milli Liderimiziň döwlet baştutanlygyna geçen ilkinji günlerinden başlap, ýurdumyzyň ähli pudaklarynda öň görülmedik ösüşlere ýetildi. Oba hojalygy, ylym-bilim, ykdysadyýet, maliýe, gurluşyk we senagat önümçiligi, söwda gatnaşyklary ýaly ulgamlaryň ählisinde hem uly netijelere eýe bolundy.

Sanly ulgam ösüşleriň binýady

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilim ulgamyny sanlylaşdyrmaga ünsüň güýçlendirilmegi ýurdumyzyň oba hojalygyny, şol sanda maldarçylyk pudagyny hem geljekde sanly tehnologiýalara geçirmegiň usullaryny kämilleşdirmäge itergi berýär. Maldarçylyk pudagyna sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy mallaryň baş sanyna gözegçilik etmäge, kadaly iýmitlendirmegi ýola goýmaga, talabalaýyk weterinar hyzmatyny alyp barmaga, mallaryň sürülerini netijeli dolandyrmaga, öri meýdanlarynyň suwlandyryş desgalaryny abat saklamaga we mallaryň seçgi-tohumçylyk işlerini geçirip, ýokary önüm berýän tohum mallaryny ýaýratmaga zerur şertleri döredýär. Şeýle hem atçylyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmaga, arassa ganly tohum atlaryň genofonduny saklamaga, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmäge giň ýollary açýar. Öňdebaryjy usullaryň ornaşdyrylmagynyň hasabyna mallaryň we guşlaryň baş sanynyň köpeldilmegi et we süýt önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalaryň öndürijilik kuwwatyny güýçlendirmek hem-de tehnologiýa taýdan kämil enjamlaşdyrylan täze görnüşleriniň gurulmagyna talaplar artdyrylýar. Sanly ulgamy maldarçylyk pudagynda netijeli ulanyp boljakdygynyň mysalynda 2018-nji ýylda Ahal welaýatynda «Guş toplumy» hususy kärhanasynyň buýurmasy esasynda gurlan

Tehnologiýa dünýäsi

AWTOULAG SERGISI GEÇIRILDI ■ Germaniýanyň Mýunhen şäherinde «IAA Mobility 2021» atly halkara awtoulag sergisi geçirildi. Bu halkara sergide dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň doly önümçiligi taýýar hem-de ýakyn geljekde öndürilip başlanjak ulaglary köpçülige görkezildi. Ulaglaryň daşky şekili, ýokary tehnologiýasy, elektrik energiýasy bilen işlemegi we çig mal hökmünde ozal ulanylan zatlaryň galyndysyndan peýdalanylmagy ünsi çekdi. 7-nji sentýabrda açylan gözden geçiriliş aýyň 12-sine çenli dowam etdi.

«Kroger» garaşylandan has gowy netije gazandy

10-njy sentýabrda «Kroger» kompaniýasy 2021-nji ýylyň ikinji çärýeginde ABŞ-nyň 467 million dollary (her bir paýnama 61 sent) möçberinde girdeji gazanandygy barada habar berdi. Bu geçen ýylky görkeziji — ABŞ-nyň 819 million dollary bilen deňeşdireniňde, her bir paýnama 1,03 dollar köpdür. Hasabat döwri kompaniýanyň girdejisi ABŞ-nyň 30,49 milliard dollaryndan ABŞ-nyň 31,68 milliard dollaryna çenli ýokarlandy. Awtobenzini hasaba almanyňda, «LFL»-niň satuwy 0,6 göterim ýokarlandy. «Kroger» kompaniýasy söwdalarynyň jeminde ABŞ-nyň 29,97 milliard dollary möçberinde sap girdeji gazanmagy meýilleşdirýär. Häzirki wagtda kompaniýa her ýylda paýnama başyna düşýän girdejisini ABŞ-nyň 3,10 dollaryndan ABŞ-nyň 3,35 dollaryna çenli ýokarlandyrmagy başardy.

«Toyota» kuwwatlandyryjy önümçiligine ABŞ-nyň 13,5 milliard dollaryny sarp eder

Ýaponiýanyň awtoulag öndürýän «Toyota Motor» korporasiýasy 2030-njy ýyla çenli elektrik hereketlendirijide işleýän ulaglary üçin kuwwatlandyryjylary hem-de tok üpjünçilik ulgamlaryny işläp düzmek işlerini ýokarlandyrmak maksady bilen, ABŞ-nyň 13,5 milliard dollaryndan gowrak pul serişdesini sarp etmegi meýilleşdirýär. Häzirki wagtda kompaniýa gaty jisimli kuwwatlandyryjylary köpçülikleýin öndürmekde öňdebaryjy hasaplanýar. Meýilnama üstünlikli amala aşyrylan ýagdaýynda täze kuwwatlandyryjylar suwuk litiý-ion batareýalarynyň ornuny tutar. Şeýle-de «Toyota» kompaniýasy «Prius» ýaly garnuw elektrik awtoulaglarynyň modellerinde hem gaty kuwwatlandyryjylary ulanmagy meýilleşdirýär.

«Intel» Ýewropada çip zawod gurýar

«Intel» tehnologiýa kompaniýasy Ýewropada ýarymgeçirijileri öndürýän zawodlaryň gurluşygyna ABŞ-nyň 95 milliard dollary möçberinde maýa goýmagy meýilleşdirýär. Bu meýilnama bökdençsiz amala aşyrylan ýagdaýynda «Intel» kompaniýasynyň degişli bazarda öňdäki orunlara geçmegi üçin uly ädim bolar. Kompaniýanyň baş direktory Pet Gelsingeriň sözlerine görä, «Intel» ýakyn geljekde Ýewropada iki sany çip öndürýän zawod gurar. Şeýle-de on ýylyň dowamynda maýa goýumlaryny 80 milliard ýewro çenli ýokarlandyrar.

«Apple» tanyşdyrylyş dabarasyny guraýar

«Apple» kompaniýasy 14-nji sentýabrda täze «iPhone» toplumynyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirýändigi barada habar berdi. Çäre wideoşekil arkaly geçiriler. Dabarada kompaniýanyň täze önümleri — «Apple Watch» we «AirPods» enjamlary görkeziler. Tanyşdyrylyş dabarasyny apple.com saýty ýa-da Apple TV ýaýlymy arkaly tomaşa edip bilersiňiz. Maglumat üçin, «Apple» kompaniýasy, adatça, täze önümlerini güýzüň ilkinji aýynda köpçülige hödürleýär, ýöne 2020-nji ýylda pandemiýa sebäpli, oktýabr aýynda geçirilipdi. Şol dabarada kompaniýa sagatlarynyň täze — «Apple Watch» we «iPad» modellerini görkezipdi.

Hytaýda öndürilen elektrokarlaryň söwdasy 34% ýokarlandy

Hytaýyň ýeňil awtoulag bileleşiginiň resmi portalynda çykan soňky maglumatlara laýyklykda, «Tesla» kompaniýasy awgust aýynda 44 264 sany Hytaýda öndürilen elektrokarlarynyň söwdasyny amala aşyrdy. Şeýlelikde, «Tesla» kompaniýasynyň awgust aýynda elektrik hereketlendirijili awtoulaglarynyň söwdasy iýun, iýul aýlaryna garanyňda, 34% artdy. Maglumat üçin, amerikaly işewür Uorren Baffet tarapyndan goldanylýan «BYD» kompaniýasy awgust aýynda 60 858 elektomobil, Hytaýyň «General Motor» bilen bilelikdäki kärhanasy bolsa 43 783 elektrokar satdy.

Ilkinji akylly telewizorlaryny görkezdi

«Amazon» kompaniýasy alyjylar bazaryna gönükdirilen ilkinji akylly telewizorlaryny köpçülige görkezdi. «Fire TV Omni» akylly telewizorynyň ilkinji iki görnüşi dürli ululykda bolar. Täze önümleriň oktýabr aýynda ABŞ-nyň 369,99 — 1099,99 dollary aralygynda bazara goýberilmegine garaşylýar. «Amazon»-yň saýty bilen bir hatarda täze telewizorlar ABŞ-nyň iň iri «Best Buy» dükanlar toplumynda hem satlyga çykarylar. Ýeri gelende aýtsak, «Best Buy» hem-de «Amazon» ýakyn wagtda «Pioneer» kompaniýasynyň «Fire TV» bilen enjamlaşdyrylan akylly telewizorlarynyň täze görnüşlerini köpçülige hödürlemegi meýilleşdirýär.

Ary guşy

Guşlar te­bi­gat­da iý­mit zyn­jy­ry­nyň mö­hüm hal­ka­sy­ny eme­le ge­tir­ýär. Bu jan­dar­lar me­de­ni zo­lak­lar­da oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­ne zy­ýan be­ri­ji mör-mö­jek­le­ri iý­ýän bol­sa­lar, ýa­ba­ny te­bi­gat­da dür­li ösüm­lik­le­riň kö­pel­me­gi­ne we ýaý­ra­wy­nyň art­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär. Mör-mö­jek­ler bi­len iý­mit­len­ýän guş­la­ryň bi­ri hem «ary iýi­ji­ler­dir». Yl­my dil­dä­ki ady «Me­rops» hem bol­sa, ola­ra köp dil­de «ary gu­şy» ýa-da «ary iýi­ji» di­ýil­ýär. Köp­lenç ary­lar bi­len iý­mit­le­nen­soň, ola­ra şeý­le at ber­lip­dir. Bu guş­lar, esa­san, Af­ri­ka­da, Gü­nor­ta Ýew­ro­pa­da, Azi­ýa­da, Awst­ra­li­ýa­da we Tä­ze Gwi­ne­ýa­da ga­bat gel­ýär. Ola­ryň kä­bir gör­nü­şi pa­syl­la­ryň ça­lyş­ma­gy bi­len ýy­ly ýurt­la­ra gö­çüp, iý­mit­len­mek üçin uç­ýan mör-mö­jek­le­ri aň­sat­lyk bi­len ta­pyp bol­jak bat­ga­lyk ýer­le­riň go­la­ýyn­da ýa­şa­ýar­lar. Çä­ge­den we to­ýun­dan edi­len di­war­lar­da ki­çi­räk de­şik­ler de­şip, hö­würt­ge ýa­sa­ýar­lar. Şeý­le-de bu jan­da­ryň tä­sin ta­ra­py hö­würt­ge­si­ni ýe­riň as­tyn­da hem gu­rup bil­ýän­di­gi­dir. Da