HABARLAR

Özgertmeler ösüşleriň özeni

Soňky ýyllarda «sanly ykdysadyýet» adalgasy biziň durmuşymyza giňden aralaşdy. Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek babatda hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklary bu ugurdaky bilimlerimiziň yzygiderli artdyrylmagyny, jemgyýetimizde bolup geçýän ykdysady hadysalar barada düşünjelerimiziň has-da çuňlaşdyrylmagyny talap edýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan her bir özgertme halkymyzyň bähbidine, ata Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilendir. Milli Liderimiz halkymyzyň abadan ýaşaýşyny, eziz Diýarymyzyň gülläp ösüşini üpjün etmegiň baş şerti hökmünde ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda dünýä we döwür bilen aýakdaş gitmegiň derwaýysdygyny belleýär. Sanly ykdysadyýete geçmek üçin alnyp barylýan düýpli özgertmeler bolsa bu ugurdaky möhüm ädimleriň biridir. Dünýä ykdysadyýetiniň häzirki zaman ösüşiniň netijeli ýollarynyň biri hökmünde häsiýetlendirilýän bu ulgama geçmegiň zerurlygyna dogry düşünilmeginiň özi hem, öňde duran wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna itergi berýär. Şonuň üçin hem ýurdumyzda hünärmenleriň sanly ulgam, sanly ykdysadyýet baradaky bilimlerini artdyrmak bilen bir hatarda, dürli ugurlary sanlylaşdyrmak işi giň gerimde alnyp barylýar.

Sanly gurşaw we durmuş goraglylygy

«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» esasy maksatlarynyň biri hyzmatlaryň düzümini we hilini kämilleşdirmek arkaly ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Ilaty durmuş taýdan goramak ulgamynyň işinde iň täze maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň barha işjeň ulanylmagynyň möhümdigini örän çalt depginlerde ösýän döwür görkezýär. Durmuşyň ösüş depginleri ýylsaýyn ýokarlanýar, şunuň bilen baglylykda, ähli ugurlarda maglumatlaryň möçberi artýar. Bu bolsa degişli düzümleriň iş guraýyşlarynyň özgerdilmegini şertlendirýär. Durmuş goraglylygy ulgamynyň edaralarynyň işine sanlylaşdyrylan tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy hyzmatlary amala aşyrýanlara we olary sarp edijilere ykdysady taýdan hem peýda getirýär. Sebäbi sanlylaşdyrma hadysasynyň hasaplaýyş kuwwaty netijesinde maglumatlary toplamak, saklamak, seljermek, gaýtadan işlemek we hödürlemek üçin sarp edilýän hyzmatlaryň gymmaty ep-esli pese düşýär, tor ulgamlary arkaly durmuş çygrynyň awtomatik häsiýetdäki işine gatnaşýanlaryň ählisinde ykdysady taýdan işjeňlik ýokarlanýar.

Sanly ulgamyň mümkinçilikleri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimiz ýokary derejede ösdürilýär, maksatnamalar üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar. Esasan hem, sanly ulgamy ösdürmek, ösen tehnologiýalary öndürmek, bu ugurdan kämil hünärmenleri taýýarlamak baş maksat bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary uly ösüşlere eýe bolýar. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde pudaklara sanly ulgam giňişleýin ornaşdyrylýar. Bu bolsa ylmy esasda amala aşyrylyp, ösüşi has-da ýokarlandyrýar. Sebäbi munuň özi işleriň tiz amala aşyrylmagynda, guramaçylygy sazlaşykly ýola goýmakda möhüm ähmiýete eýedir. Aslynda sanly ulgam düşünjesi uzak aralykdan gepleşikleri geçirmäge, elektron resminamalary dolandyrmaga, okuwlary ýa-da ylmy maslahatlary onlaýn görnüşde geçirmäge niýetlenendir. Şonuň üçin hem häzirki wagtda sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri yzygider ösdürilýär.

Sanly ykdysadyýetiň hukuk esaslary

Hormatly Prezidentimiziň döwleti we jemgyýeti hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmek ugrunda alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty ýurdumyzyň ähli sebitlerini gurşap alýan we ilatyň abadan durmuşda ýaşamagynyň hatyrasyna üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet maksatnamalarynda öz beýanyny tapýar. Jemgyýetiň aň-bilim mümkinçilikleriniň kämilleşdirilmegi döwletiň syýasy, ykdysady, hukuk esaslaryny pugtalandyrýar. Döwletimizde sanly ulgamy ösdürmekde, ylmyň soňky gazananlaryny önümçilige giňden ornaşdyrmakda, kazyýet edaralarynyň işini innowasion esasda guramakda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen, 2018-nji ýylyň noýabrynda tassyklanylan «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» durmuşa ornaşdyrylmagy ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegine aýratyn üns berilýändiginiň tassyknamasy bolup durýar. Konsepsiýany amala aşyrmagyň çäklerinde milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda edaralaryň, kärhanalaryň, guramalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak we kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, şeýle hem ýokary hünär derejeli hünärmenleri taýýarlamak hem-de tejribeli milli we halkara bilermenleri işe çekmek boýunça işleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzd

«Time management»-e görä hereket

«Time management»-iň gymmatyna düşünýän Merjen atly topardaşym bardy. Bir gün onuň okuw otagynda unudan ýandepderçesi başga bir hünäriň talyplarynyň Merjeniň her gün üçin meýilnama düzüp, şoňa görä hereket edýändiginden habar tapmasyna sebäp boldy. Ýandepderçäni okan talyplaryň bu gowy hem geň endik hakynda köp ýerde dil ýarmaklary bolsa, topardaş gyzymy tanaýanlaryň sanawyny artdyrdy gidiberdi. Soňabaka mugallymlaram onuň bu endigi barada eşidip, Merjene bu işi edip ýalňyşmaýandygyny ýaňzydyp başladylar. Şondan soň ýyllykdaşym öňküler ýaly: «Žurnalistikadaky Merjen bar-a...» diýip däl-de, «Time management»-e görä hereket edýän gyz bar-a...» diýip tanaldy... Aslynda-ha, Merjen meýilnamany diňe bir gün, bir hepde ýa bir aý däl, eýsem, ýyllar üçin taýýarlaýan eken. Munuň şeýledigini bilmegime hälki ýandepderçäniň ýantorbama tötänden düşmegi sebäp boldy. Garasaý, azaşmagy halaýan ýandepderçe maňa topardaşym hakynda köp zady «gürrüň berdi». Bir günem okuwdan öýe barýarkak aladaly görünýän topardaşymyň göwnüni götermek üçin onuň ýandepderçesinden okanlaryma esaslanyp:

Döwrebap ösüşler

Häzirki ösen jemgyýetimizde sanly ulgama uly orun degişlidir. Bu ugruň ösdürilmegi pudaklarda alnyp barylýan işleriň döwrebaplaşdyrylmagynda aýratyn ähmiýete eýedir. Sanly ulgam biziň her birimiziň gündelik durmuşymyza-da giňden ornaşýar. Internetiň mümkinçilikleri uly, ondan ýerlikli peýdalanmak ýaşaýyş durmuşymyzda-da, iş şertlerinde-de örän ähmiýetlidir. Biz özümize gerekli maglumatlary, çeşmeleri internetden gysga wagtda alyp hem okap bilýäris. Ýurdumyzdaky gündelik täzelikleri, habarlary internet neşirleriniň üsti bilen okamagy endige öwürýäris. Hormatly Prezidentimiz bu ulgamyň işiniň barha ösdürilmegine giň mümkinçilikleri döredip berýär. Şeýle bolansoň, ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlar bilimlerini artdyryp, öwrenýän hünärleri dogrusyndaky düşünjelerini çuňlaşdyrýarlar.

Sanly ulgamyň ähmiýeti

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda bilim ulgamy täze ösüşlere eýe bolýar. Ulgamyň işini döwrebap derejede guramak, oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, bu babatda milli aýratynlyklary göz öňünde tutmak bilen, dünýä tejribesinden ugur almak, sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, häzirki döwürde ýurdumyzda «2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» tapgyrma-tapgyr durmuşa geçirilýär. Biziň mekdebimizde hem sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmak, kämilleşdirmek boýunça birnäçe işler ýerine ýetirilýär. Şol işleriň hatarynda mekdebimize degişli bolan resmi web-saýtyň döredilmegini belläp bolar. Bu resmi web-saýtyň kömegi bilen mugallymlar, bilim alýan talyp ýaşlarymyz özlerine gerek bolan kitapdyr gollanmalardan, ylmy we publisistik makalalardan peýdalanýarlar.

Hormatly okyjylar!

Eziz Diýarymyzda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzda neşir edilýän gazet-žurnallar 2020-nji ýylyň 1-nji iýulyndan bäri «turkmenmetbugat.gov.tm» internet sahypasynda we «Türkmenmetbugat» mobil goşundysynda elektron nusgada okyjylara hödürlenilýär. Munuň özi giň okyjylar köpçüligine birnäçe artykmaçlary döredýär: indi abuna üçin poçta bölümine ýörite gitmek zerurlygy aradan aýrylýar, internet arkaly birbada 30-a golaý gazet-žurnala ýazylyp bolýar. Habarlary okamak üçinem uzak garaşmak gerek däl. Neşirler çapa berlen badyna ondaky makalalar internet sahypasynda ýerleşdirilýär. Üstesine-de, gazet-žurnallaryň elektron nusgalary okamak üçin ykjamlygy bilen tapawutlanýar. Bu artykmaçlyklar size wagtyňyzy we serişdeleriňizi tygşytlamaga ýardam eder. Ýurdumyzda çykýan döwürleýin neşirlere elektron abuna ýazylmak üçin bary-ýogy birnäçe ädim ýeterlik:

Sanly ulgam — ykdysady ösüşleriň şuglasy

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, elektron senagatyny ösdürmek, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň iň täze gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Şonuň üçin häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynda sanly ulgama geçmek maksatnamasy üstünlikli amala aşyrylýar. Mälim bolşy ýaly, ösüşiň çäksiz mümkinçiliklerini üpjün etmek bilen aragatnaşyk we kompýuter tehnologiýalaryny öz içine alýan, ähli maglumatlary ýygnamaga, saklamaga, gaýtadan işlemäge hem-de torlaryň üsti bilen bir ýerden başga ýere geçirmäge giň şert döredýän tehnologiýalara «Sanly ulgam» diýilýär. Sanly ulgam giňişligi bilim bermegiň, maglumatlaryň mazmunlarynyň hem-de okatmagyň, üznüksiz hünär kämilleşdiriş okuwlarynyň netijeleriniň ýokary bolmagy üçin döredilýän we ulanylýan lokal hem-de global kompýuter torlarynyň kommunikasion mümkinçilikleriniň jemidir. Eziz Diýarymyzda ähli pudaklarda we ulgamlarda sanly ulgamy ornaşdyrmak işleri giň gerime eýe boldy. Hormatly

«Ma­il.ru Group» ady­ny üýt­getdi

«TASS» agent­li­gi­niň habar bermegine görä, «Ma­il.ru Group» kor­po­ra­si­ýa­sy ady­ny «VK» adyna üýtgetdi. «Tä­ze «VK» at tu­tuş kor­po­ra­si­ýa üçin ýe­ke-täk brend ady bo­lar. «Ma­il.ru Group»-dan ta­pa­wut­ly­lyk­da, tä­ze at di­ňe bir kor­po­ra­si­ýa­nyň çä­gin­de däl, eý­sem, kor­po­ra­si­ýa­nyň in­ter­net önüm­le­rin­de-de — ara­gat­na­şyk­da, oýun­lar­da, bi­lim­de (mek­dep­den ýo­ka­ry oku­wa çen­li), der­man we azyk önüm­le­ri­ni el­tip ber­mek­de, tak­si­de, aw­tou­la­gy kä­ren­de­si­ne al­mak­da we on­laýn söw­da­lar­da, ki­çi we uly telekeçilikde we beý­le­ki­ler­de ula­ny­lar» di­ýip, kor­po­ra­si­ýa­nyň baş di­rek­to­ry Bo­ris Dob­ro­de­ýew köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine beren in­terw­ýu­syn­da bel­läp geç­di.