HABARLAR

Howadan azyk öndürildi

Finlýandiýaly alymlar diňe howadan we suwdan peýdalanyp, iýmitlilik kuwwaty bolan protein külkesini öndürdiler. Bu açyşyň geljekde azyk ýetmezçiliginiň öňüni almaga ýardam etjekdigi bellenilýär. Ilki bilen öýjügiň ösüşi üçin gerek bolan şertler döredilýär. Turşamak prosesiniň netijesinde iýmitlilik kuwwaty bolan külke emele gelýär. Munuň üçin gerek bolan elektrik energiýasy alternatiw çeşmelerden alynýar. Şeýlelikde, finalymlary howadan iýmit öndürendiklerini belleýärler. Külkäniň tagamsyzdygy, ýöne käşiriň tagamyna çalaja meňzeýändigi bellenilýär. Bu bolsa, geljekde howadan alnan azygy süýji hem-de duzly iýmitleri öndürmekde ulanmaga mümkinçilik berer. Göwher ANNAMYRADOWA, Türkmen döwlet binagärlik- gurluşyk institutynyň talyby. Göwher ANNAMYRADOWA, Türkmen döwlet binagärlik- gurluşyk institutynyň talyby.

Iň köp smartfon satan kompaniýa

«Canalys » kompaniýasy 2021-nji ýylyň dördünji çärýeginde smartfon satuwynda öňdebaryjy kompaniýalary mälim etdi. Bu döwür satylan smartfonlaryň 20 göterimini «iPhone » emele getiripdir. Şeýlelikde, «Apple » dünýäniň iň köp smartfon satan kompaniýasy boldy. Kompaniýanyň birinji orny eýelemegi «iPhone 13» smartfonuna bolan islegiň uly bolmagy bilen baglanyşyklydyr. «Samsung » ikinji ýeri eýeläpdir. Üçünji orny eýelän «Xiaomi » bolsa umumy satuwyň 12 göterimine eýe boldy. Hytaýyň OPPO we «Vivo» kompaniýalary degişlilikde 9 göterim we 8 göterim bilen öňdäki orunlary eýeleýär. Hojaýüsüp ANNAÝEW, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Internet tizliginiň rekordy täzelendi

Ýapon inženerleri sekuntda 319 terabit internet tizligini hasaba aldylar. Bu barada Ýaponiýanyň Maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary instituty mälim edýär. Institutyň hünärmenleri şeýle tizlige ýetmek üçin erbiý we tuliý elementleri bilen güýçlendirilen süýüm arkaly ýetmegi başarypdyrlar. Munuň üçin dört ýadroly optiki süýümden peýdalanylypdyr. Bu geçiriji birden köp tolkuny birikdirip bilýär. Maglumat geçirişiniň amala aşyrylan iki nokadynyň aralygynyň 3000 kilometrdigi mälim edildi. Bu bolsa, şeýle tizlige adaty internet geçirijilerinde hem ýetilip bilinjekdigini görkezýär. Mundan ozalky rekordyň sekuntda 178 terabitdigi mälim edildi. Bu görkeziji geçen ýylky rekordyň iki essesine, ozalky ýylky rekordyň 7 essesine barabar. Ýapon inženerleri bu rekordy täzelemegiň aňsat däldigini, emma muňa garamazdan, bu ugurda işlemeklerini dowam etdirjekdiklerini belleýärler. Ogultäç MYRADOWA, Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň B.Kerbabaýew adyndaky şahamçasynyň müdiri.

Aň-paýhas zähmetiniň goragy

Ähli babatda dünýäniň ösüşleri bilen deň gadam urýan ýurdumyzda akyl-paýhas işiniň önümlerini goramak boýunça-da zerur çäreler durmuşa geçirilýär. Aň-paýhas işjeňliginiň goragy barada gürrüň edilende, köplenç, «intellektual eýeçilik» diýen düşünje bilen ýüzbe-ýüz bolýarys. Eýsem-de, bu düşünje haçan, nähili ýüze çykdy we ýurdumyzda aň-paýhas işiniň önümlerini goramak boýunça nähili işler amala aşyrylýar? 1967-nji ýylda Şwesiýanyň paýtagty Stokgolmda Intellektual eýeçiligiň bütindünýä guramasynyň döredilmegi baradaky Konwensiýa gol çekilýär. Guramanyň esaslandyryjy resminamalaryna laýyklykda, intellektual eýeçilik düşünjesi edebi, çeperçilik we ylmy eserlere (şol sanda kompýuterleriň maksatnama üpjünçiliklerine), sungat ussatlarynyň çykyşlaryna, ses ýazgylaryna, radio we telewideniýede ýaýlyma goýberilýän gepleşiklere, adam işiniň ähli çygyrlaryndaky oýlap tapyşlara, senagat nusgalaryna, haryt nyşanlaryna, hyzmat ediş nyşanlaryna, firma atlaryna we söwda belgilerine, önümçilik, ylmy, edebi we çeperçilik çygrynda intellektual eýeçilige degişli bolan beýleki hukuklary öz içine alýar.

Elektrik awtomobilleri hyzmatda

Häzirki döwürde gündelik ulanýan enjamlarymyzyň sarp edijiler üçin döredýän oňaýlyklary sanardan köpdür. Hakykatdan-da, durmuşymyzyň ähli ugurlaryna täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen, döwür özgerýär, ösýär. Emeli intellekt diňe bir ykdysadyýetiň ösmegine däl, eýsem, gündelik durmuşymyza hem öz düýpli täsirini ýetirýär. Häzirki döwürde dünýäde «Tesla» ýaly köpsanly kompaniýa tarapyndan ýaňy-ýakynda öndürilip başlanan we sarp edijileriň ünsüni özüne çekýän elektrik awtoulaglarynda benziniň ýerine elektrik energiýasy ulanylýar. Elektrik ulaglarynyň iň möhüm aýratynlygy, olaryň bütinleý diýen ýaly sessiz hereket etmegidir. Batareýalary elektrik energiýasy bilen üpjün etmek üçin merkezlerde ulaglar 30 minutyň dowamynda saklanmaly bolýar. Öýlerinde ulaglaryna bu ugurda hyzmat etmek isleýän sürüjiler üçin 8 sagada çenli wagt gerek bolýar. Ýangyjy tygşytlamagy maksat edinýän elektrik ulaglary günde ortaça 60 kilometre barabar aralygy geçýär, şunda ýylda 1710 litr benzini tygşytlaýar. Bu usul ýangyja sarp edilýän puly tygşytlamakda hem peýdalydyr. Elbetde, munuň özi dünýäde ekologiýa meselesini kadalaşdyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir. 

Türkmenistanda web-saýtlar üçin bitewi talaplar işlenip düzüldi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi türkmen web-saýtlaryny döretmek hem-de olary ýöretmek boýunça bitewi tehniki talaplary işläp düzdi. Bu resminama Adalat ministrliginiň saýtynda neşir edildi. Talaplar hormatly Prezidentimiziň ýurduň ähli edara-guramalarynyň öz web-saýtlaryny döretmek zerurlygy barada Kararyna laýyklykda işlenip taýýarlanylýan internet-sahypalaryň işine degişli meseleleri kadalaşdyrmak maksady bilen işlenip düzüldi.

«Skagen Falster Gen 6» täze akylly sagady

«Fossil» kompaniýasy täze akylly sagatlarynyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi. Olar «Razer X Fossil Gen 6» we «Skagen Falster Gen 6» akylly sagatlarydyr. «Skagen Falster Gen 6» akylly sagatlary «Wear OS 3» operasion ulgamy bilen utgaşykly işleýän «Qualcomm Snapdragon Wear 4100+» bir kristally ulgamyň esasynda gurlar. Sagatlaryň iki görnüşi hem 1 Gb wagtlaýyn we 8 Gb fleş ýat aldy. Goşar kemeriniň üç görnüşi bolup, olar «Skagen»-iň meşhur poslamaýan poladyndan, silikondan we deriden ýasalandyr. Bu barada «GSM Arena« habar berýär.

Ykjam elektrik krossowerini çykarar

«Wroom.ru»-yň habar bermegine görä, «Volvo» kompaniýasy 2022-nji ýylda «XC20» ýa-da «C20» atly ykjam elektrik krossowerini çykarar. «Volvo»-nyň täze elektrik krossoweri «Volvo» we «Geely» tarapyndan bilelikde işlenip düzülen «SEA» platformasynda gurlar. Şol platformada şeýle hem «Tesla» kompaniýasynyň täze «Zeekr 001» atly elektrik awtoulagy ýasaldy.

Samsung dört eplenýän noutbugyny hödürledi

«Samsung Electronics» kompaniýasy çeýe displeýleriniň önümçiligine aýratyn üns berýär. Şu ýylyň ýanwar aýynda kompaniýa her bölegi eplenýän gibrid noutbugyna patent almaga isleg bildirdi.   WIPO halkara guramasynyň web sahypasynda peýda bolan patent arzasynda aýrylýan klawiatura bölümi bolan noutbugyň dizaýny barada maglumat berilýär. Enjamyň ekran bölegini planşet hökmünde ulanmak mümkin, ol maglumat girizmek üçin ruçka we duýgur interfeýs bilen üpjün edilipdir. Çeýe displeý enjamyň bu bölegini iki gezek eplemäge mümkinçilik berýär. Enjamyň klawiatura bölümi hem iki eplenýär. Onda batareýanyň öýjükleriniň esasy böleginiň, periferiýa enjamlaryny birikdirmek üçin portlaryň bolmagy mümkin. Häzirki wagtda bu enjam bazarlara çykarylmaz, ýöne kompaniýa bu täze çeýe displeýli noutbugyny ýakyn geljekde görkezip biler.

Iri ýangyç elektrik stansiýasy

Hytaýyň Tuoketuo ýangyç elektrik stansiýasy dünýäde iň ulularyň biridir. Onuň kuwwatlygy müňlerçe megawatta deňdir. Ol özünde energiýa bloklarynyň bäşisini jemleýär. Olar, öz gezeginde, her haýsy 600 megawatt kuwwatlygy bolan iki bölege bölünýär. Stansiýa özüniň işlemegi üçin zerur bolan elektrik energiýasyny öndürmekde goşmaça her haýsy 600 megawatt kuwwatlykly iki sany bölege eýedir. Stansiýanyň gurluşygyna sarp edilen wagt özboluşly rekord tizlige eýedir. Onuň işlemegi we elektrik energiýasyny öndürmegi üçin ondan 50 kilometr aradaşlykda ýerleşýän känden kömür gazylyp alynýar. Suwa bolan zerurlyk hem stansiýadan, bary-ýogy, 12 kilometr aradaşlykda ýerleşýän Sary derýanyň hasabyna üpjün edilýär.