HABARLAR

Hytaý ilkinji gezek iki milliondan gowrak awtoulag eksport etdi

2021-nji ýy­lyň ne­ti­je­si bo­ýun­ça Hy­taý 2020-nji ýyl bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, aw­tou­lag eks­por­ty­ny iki es­se art­dyr­dy. Bu bol­sa ta­ryh­da il­kin­ji ge­zek aw­tou­lag eks­por­ty­nyň 2,02 mil­lio­na ýe­ten de­re­je­si­dir. Şeý­le­lik­de, ýo­lag­çy aw­tou­lag­la­ryň eks­por­ty 1,61 mil­lio­na, tä­jir­çi­lik ulag­la­ryň eks­por­ty bol­sa, 402 mü­ňe ýet­di. Tä­ze ener­gi­ýa çeş­me­le­ri bi­len iş­le­ýän aw­tou­lag­la­ryň da­şa­ry ýur­da eks­por­ty üç es­se ar­typ, 310 mü­ňe ba­ra­bar bol­dy. 2021-nji ýy­lyň di­ňe de­kabr aýyn­da hy­taý aw­tou­lag ön­dü­ri­ji­le­ri 223 müň aw­tou­lag eks­port et­di­ler (54%). Hy­ta­ýyň «CICC» ma­ýa go­ýum bank­lar to­pa­ry­nyň çak­la­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, ýurt­da aw­tou­lag­la­ryň umu­my söw­da­sy 6,2% ös­me­li we 27,22 mil­lion aw­tou­la­ga ba­ra­bar bol­ma­ly.

Awtomobiller howada hereket eder

Slowakiýanyň «Klein Vision» kompaniýasy özüniň öndürýän elektroulaglarynyň howa giňişliginde hereket etmegi üçin ýerli häkimiýetden rugsatnama aldy. Sebäbi kompaniýanyň ýakynda jemgyýetçilige tanyşdyran elektrik energiýasy bilen işleýän awtomobilleri hem gury ýerde hem-de howa giňişliginde hereket etmäge ukyply. Has takygy, «AirCar» diýlip atlandyrylýan awtoulag gysga wagtda howa ulagyna öwrülip, howada 2 ýarym müň metr belentlikde, 40 sagatda müň kilometre çenli ýol geçip bilýär. Kompaniýanyň oýlap tapyjy alymlary eýýäm bu ulag görnüşini şäherara gatnawlarynda synagdan geçirýärler. 

Iň arzyly söwda nyşanlary

Bazary we söwda ulgamyny öwrenijiler dünýäniň iň gymmat bahaly söwda nyşanlaryny kesgitläp, oňa baha berdiler. Netijede, tehnologiýa dünýäsiniň öňdebaryjy kompaniýasy bolan «Apple» nyşany dünýäniň iň gymmat bahaly söwda markasy diýlip yglan edildi. «Apple» kompaniýasynyň nyşany 355 milliard amerikan dollary möçberinde bahalanýar. Kompaniýa geçen ýyl hem dünýäniň iň gymmat bahaly söwda nyşany hökmündäki abraýyny saklapdy. Ikinji ýerde 350 milliard dollar bahasy bilen «Amazon» söwda nyşany, üçünji ýerde 263 milliard amerikan dollary bilen «Google» durýar. Bulardan soň, degişlilikde, «Microsoft», bölek satuw kompaniýasy bolan «Wallmart» we «Samsung» kompaniýalary iň arzyly söwda nyşanlary hökmünde bilinýär. 

Ýaş zehinleriň robot bäsleşigi

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ähli ugurlarda bedew bady bilen öňe barýan Watanymyzda sanly ulgamy durmuşa ornaşdyrmak, ösen tehnologiýalardan baş çykarýan ýaş nesli kemala getirmek ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Ýaş zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň, talyp ýaşlarynyň arasynda döredijilik bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär.     Ýakynda Aşgabat şäherindäki 83-nji orta mekdepde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda mekdep okuwçylarynyň arasynda  «Zehin geler ýaşlara, Arkadagly zamanada» atly bäsleşigiň şäher tapgyry geçirildi. Bäsleşikde mekdep okuwçylary taýýarlan robotlaryny ýaryşdyrdylar. Bäsleşik dört ugur boýunça geçirildi.

Sanly maglumatlar binýady dörediler

Häzirki wagtda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda doly awtomatlaşdyrylan sanly maglumatlar binýadyny ornaşdyrmak meýilleşdirilýär. Şu maksat bilen halkara bäsleşigi yglan edildi. Bäsleşigiň ýeňijisiniň öňünde täze sanly ulgamy döretmek hem-de önümçilige ornaşdyrmak boýunça işleriň taslamasyny we meýilnamasyny taýýarlamak wezipesi durýar.

Tehnologiýalar dünýäsi

«7/24.tm», № 05 (88), 31.01.2022. DÜNÝÄDÄKI IŇ ÇALT KOMPÝUTER

«Hua­wei» tä­ze önü­mi­ni sat­ly­ga çy­kar­dy

Hy­ta­ýyň «Hua­wei» kom­pa­ni­ýa­sy smart­fon­lar we nout­buk­lar üçin tä­ze ýan zar­ýad be­ri­ji enjamy ön­dü­rip baş­la­dy. Zar­ýad be­ri­ji­niň içi­ne özü­ne bi­rik­di­ri­len en­ja­myň pa­ra­met­ri­ne la­ýyk be­ril­me­li zar­ýa­dy aw­to­ma­tik usul­da kes­git­le­ýän çip otur­dy­lan­dyr. Onuň göw­rü­mi 55х55х28,3 mil­li­met­re ba­ra­bar, ag­ra­my 135 gra­ma deň­dir. En­jam bir metr­lik USB Ty­pe-A we USB-C ka­bel­le­ri bi­len üp­jün edi­len­dir. «Hua­wei» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň tä­ze önü­mi­niň ba­ha­sy, tak­my­nan, 63 dol­la­ra deň bo­lup, ol Hy­taý­da sat­ly­ga çy­ka­ryl­dy.

Ýew­ro­pa­nyň iň meş­hur aw­tou­la­gy bol­dy

Ger­ma­ni­ýa­nyň «Volks­wa­gen» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň «Volks­wa­gen Golf» hatç­bek-aw­tou­la­gy 2008-nji ýyl­dan bä­ri Ýew­ro­pa ba­za­ryn­da iň köp sa­tyn alyn­ýan aw­tou­lag ady­na eýe bo­lup gel­ýär. Se­bit­de 2021-nji ýyl­da aw­tou­la­gyň bu mo­de­li­niň 205 müň­den gow­ra­gy sa­tyl­dy. Şeý­le­lik­de, «Volks­wa­gen Golf» ýe­ne-de bi­rin­ji­li­ge eýe bol­dy. Meş­hur aw­tou­lag­la­ryň sa­na­wyn­da ikin­ji ýe­ri «Peu­geot 208» (196,9 müň aw­tou­lag), üçün­ji ýe­ri «Dacia San­de­ro» (196,8 müň aw­tou­lag), dör­dün­ji ýe­ri «Re­nault Clio» (196,2 müň aw­tou­lag), bä­şin­ji ýe­ri bol­sa «Peu­geot 2008» (194,7 müň aw­tou­lag) eýe­le­di­ler. Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­niň en­çe­me in­ter­net saýt­la­ryn­da «Volks­wa­gen Golf»-yň ma­ha­bat­la­ry giň­den ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy.

Elekt­ro­mo­bil­le­ri ön­dür­mek üçin ma­ýa go­ýar­lar

«Re­nault», «Nis­san» we «Mit­su­bis­hi» aw­tou­lag kom­pa­ni­ýa­lary 2030-njy ýy­la çen­li elekt­ro­mo­bil­le­riň 35 sa­ny tä­ze mo­del­le­ri­niň önüm­çi­li­gi­ni ýo­la goý­mak mak­sat­ly 23 mil­liard ýew­ro ma­ýa goý­mak­çy bol­ýar­lar. Fran­suz-ýa­pon aw­tou­lag bi­le­le­şi­gi­niň hü­när­men­le­ri­niň aýtmagyna gö­rä, kom­pa­ni­ýa­lar elekt­rik ulag­la­ry üçin ba­ta­re­ýa teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny iş­läp düz­mek me­ýil­na­ma­la­ry ba­ra­da yla­laş­dy­lar. Bu, hu­su­san hem, «Nis­san» we «Re­nault» üçin Fran­si­ýa­da, Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­da we Ýa­po­ni­ýa­da ba­ta­re­ýa­nyň umu­my üp­jün edi­ji­si­ni saý­la­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer. 

Halas ediji robot döredildi

Italiýada tebigy betbagtçylyklarda adamlary halas etmek üçin «Demir adam» görnüşli robot öndürildi. Italiýanyň Genuýa şäherinde ýerleşýän «Istituto Italiano di Tecnologia» (IIT) hünärmenleri tarapyndan döredilen bu «ICub» robot dürli heläkçilikli wakalarda gözleg we halas ediş işlerine gatnaşmak üçin niýetlenendir. Onuň boýy 104 santimetr bolup, uçarmansyz howa ulaglarynyň baryp bilmeýän ýerlerine hem aralaşyp bilmek mümkinçiligine eýedir. «Marvel» atly kinofilmiň super gahrymanlaryna meňzeş bu halas ediji robotyň haçan ulanylyşa çykaryljakdygy barada heniz takyk maglumatlar ýok.