HABARLAR

Aşgabatda “Türkmentel-2024” sergisi açyldy

Penşenbe güni Aşgabat şäherinde telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlaryna we teleradioýaýradyş enjamlaryna bagyşlanan “Türkmentel-2024” atly XVII halkara sergisi we ylmy maslahaty açyldy.  Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow serginiň açylmagy mynasybetli oňa gatnaşyjylara we guramaçylara iberen gutlag hatynda telearagatnaşyk pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm ähmiýetini belledi. “Häzirki döwürde milli telekommunikasiýa ulgamynda halkara ölçeglere laýyk gelýän täze innowasion sanly tehnologiýalary we maglumat aragatnaşyk enjamlaryny ornaşdyrmak işleri üstünlikli amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, aragatnaşyk edara-kärhanalaryny döretmek we döwrebaplaşdyrmak üçin düýpli maýa goýumlar gönükdirilýär. Bäsdeşlige ukyply häzirki zaman aragatnaşyk hyzmatlarynyň hil taýdan täze derejesini döretmek we ilata hödürlemek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga hem uly üns berilýär” diýip, Türkmenstanyň döwlet Baştutany belleýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär. 

Beýik ösüşleriň röwşen menzilleri

Şu gün 14-nji noýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Türkmentel ─ 2024» atly XVII halkara sergisi we ylmy maslahaty öz işine başlady. Bu giň möçberli halkara çäresine «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň we onuň garamagyndaky edara-kärhanalarynyň, hojalyk jemgyýetleriniň, hususy kärhanalaryň we telekeçileriň 40-dan gowragy hem-de Hytaý Halk Respublikasy, Türkiýe Respublikasy, Fransiýa Respublikasy, Germaniýa Federatiw Respublikasy, Gazagystan Respublikasy, Belarus Respublikasy, Russiýa Federasiýasy, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Birleşen Arap Emirlikleri, Malaýziýa, Azerbaýjan Respublikasy ýaly döwletlerden 70-e golaý kompaniýalar gatnaşdylar. Şolaryň hatarynda maglumat tehnologiýalary bazarynda öňdäki orunlary eýeleýän «Huawei», «Nokia», «Motorola», «Thales Alenia Space», «Delta Telecom Ltd», «Space Systems International Monaco», «Cisco», «Azertelecom» ýaly kompaniýalar hem bar.

Türkmenistan halkara aragatnaşyk ulgamynyň möhüm merkezi

Düýn ýurdumyzda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2024» atly XVII halkara sergisi hem-de ylmy maslahaty açyldy. Munuň özi ösüşiň innowasion ýoluny üpjün edýän telekommunikasiýa ulgamyny kämilleşdirmekde, dünýä ähmiýetli iri taslamalary, milli maksatnamalary durmuşa geçirmekde möhüm ähmiýetli wakadyr. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça uzak möhletleýin maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde ýurdumyz tehnologik ösüş babatda uly üstünliklere eýe bolýar. Häzirki wagtda innowasion düzüme ýokary tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, onuň hemmetaraplaýyn sanlylaşdyrylmagyna hem-de iň gowy dünýä tejribesiniň özleşdirilmegine, şol sanda aragatnaşyk ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär.

Arkadag şäheri: sanly konsepsiýanyň, oýlap tapyşlaryň ornaşdyrylýan mekany

Ýurdumyzda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmakda durmuşa geçirilýän işler diýseň buýsandyrýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasy, «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda», «Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda», «Aragatnaşyk hakynda», «Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Innowasiýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary, «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy», «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy» bolsa ýurdumyzda innowasion ösüşleri durmuşa geçirmegiň hukuk binýady bolup hyzmat edýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň uzak geljegi nazarlaýan paýhasyndan gurlan Arkadag şäheri sanly çözgütleriň iň soňky gazananlaryny özüne birleşdirýän sebitde ilkinji «akylly» şäher bolmak bilen, adamlarda parahat hem sapaly durmuşda döredijilikli işlemegiň joşgunyny döredýär. Arkadag şäherinde ylmyň iň soňky gazananlarynyň şeýle netijeli ornaşdyrylyşy ony geljegiň şäheri adyna eýe edýär. Şäher gurluşygy babatda dünýäniň iň öňdebaryjy tejribeli ýurtlary hem sebitde deňi-taýy bolmadyk bu ajaýyp şäherde ekologi

«Akylly» şäherde aragatnaşyk hyzmaty

Arkadag şäheri — ösen tehnologiýalara daýanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň irginsiz yhlasy, hormatly Prezidentimiziň bimöçber tagallalary bilen gurlan «akylly» adyna muwapyk ajaýyp şäher. Onda durmuş hyzmatlaryndaky zamanabaplyk hem aýdylanlary tassyklaýar. Arkadag şäheriniň edara-kärhanalary we ýaşaýjylary üçin 20 000 belgilik döwrebap GPON ulgamy we 25 000 müşderä niýetlenen we goşmaça giňeltme mümkinçiligi bolan 235 töweregi telewizion kanallaryny alyp görkezýän IP TV ulgamy gurnalyp işe goýberildi. Bu tehnologiýalaryň işe girizilmegi bilen, her bir öýe optiki-süýümli ulgam çekilip, tizlikli internet, IP TV hem-de telefon ulgamyndan bir wagtda peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Arkadag şäheriniň Aragatnaşyk müdirligi tarapyndan şäheriň edara-kärhanalaryna wirtual serwer, fiziki serwer, kolokasiýa we sanly akym hyzmatlary ýerine ýetirilýär. Şäheriň Baş baýdak meýdançasynda, «Arkadag Binasynda», 10 000 orunlyk stadionda, «Gökdere» söwda we dynç alyş merkezinde raýatlaryň medeniýetli dynç almagy üçin, her ulanyja ýokary tizlikde internet ulgamyndan peýdalanmaga mümkinçilik berýän Wi-Fi zolagy döredildi. Şäherde gurlan desgalarda elektrik energiýasy, gaz üpjünçilik ulgamy we agyz suwy üçin sanly ulgam arkaly hasaplaşyklary geçirmäge hem-

«Akylly» yşyklandyryjy

«Xiaomi» kärhanasy «Mijia Vertical Study Lamp Pro» atly iş ýerini ýagtyldýan «akylly» yşyklandyryjysy bilen tanyşdyrdy. Yşyklandyryjynyň beýikligi 2 metre, uzynlygy bolsa 1,05 metre ýetýär. Enjamda birbada iki sany lampa oturdylyp, olaryň birinjisi aşak, ikinjisi ýokaryk bakýandyr. «Mijia Vertical Study Lamp Pro» yşyklandyryjysynyň bahasy 677 amerikan dollaryna deňdir.

Emeli aň bilen işleýän kärhana

«Changan» hem-de «Huawei» hytaý kompaniýalary bilelikde «Changan Auto» diýlip atlandyrylan awtomobilleri öndürýän kärhana açdylar. Täze kärhana emeli aňyň kömegi bilen iş alyp barýan ilkinji kompaniýalaryň biri bolar. Kärhananyň umumy meýdany 400 inedördül metre deň bolup, onuň içinde 1,5 müňe golaý robotlaşdyrylan enjamlar oturdylandyr.

Russiýadaky iň meşhur robot tozan sorujylar

«Ali Express» onlaýn platformasy Russiýada 2024-nji ýylyň üç çärýeginiň jemi boýunça iň meşhur robot tozan sorujylaryň sanawyny düzdi. Sanawyň ilkinji bäşligi şulardan ybarat: «Roborock Q7 MAX Plus», «Roborock S8 Robot Vacuum Cleaner», «Dreame Bot L10 Pro», «Roborock Q8 Max» we «Xiaomi Mi Omni Robot 1S».

«Xiaomiden» ýene bir täzeçillik

«Xiaomi» kompaniýasy «Smart Home Screen Mini» diýlip atlandyrylan täze smart-displeý çykardy. Displeý akylly öýüň enjamlaryny dolandyrmaga ukyplydyr. Enjamyň göwrümi 113×78×54 ululykdadyr. Ol beýleki enjamlara Wi-Fi hem-de Bluetooth torlarynyň üsti bilen birigýär. Smart-displeýi diňe ýüzünden däl-de, eýsem, ses bilenem dolandyryp bolýandyr. «Smart Home Screen Mini» smart-displeýi 35 amerikan dollaryndan satlyga çykaryldy.

«Kiadan» täze awtomobil

Dünýä belli «Kia» kompaniýasy Koreýa Respublikasynda özüniň «Kia Sportage 2026» atly awtomobilini görkezdi. Täze awtomobil 2025-nji ýylyň ikinji çärýeginde satuwa çykarylar. Awtomobil «Prestige», «Noblesse», «Signature» hem-de «Signature X-Line» nusgalardan ybaratdyr. Olaryň bahasy 20,5 – 25,5 müň amerikan dollary aralygynda bolar.