HABARLAR

«Toyota Motor» 2023-nji maliýe ýylynda 10,3 milliondan gowrak awtoulag satdy

Ýaponiýada iň uly awtoulag öndüriji kompaniýa bolan «Toyota Motor» 2023-nji maliýe ýylynda (2023-nji ýylyň aprel aýy — 2024-nji ýylyň mart aýy) dünýädäki zawodlarynda 9,97 milliondan gowrak awtoulag çykardy, bu hem kompaniýanyň taryhynda rekord boldy. Bu barada kompaniýanyň resmi hasabatynda habar berildi. Maglumata görä, önümçiligiň mukdary geçen ýylyň görkezijileri bilen deňeşdirilende, 9,2 göterim ýokarlandy.

«Honor» Hytaýyň smartfon bazarynyň liderine öwrüldi

«International Data Corporation» halkara seljeriş we maslahat beriş kompaniýasy tarapyndan 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde Hytaýyň smartfon bazaryndaky ösüşiň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 6,5 göterime deň bolandygy mälim edildi. Bu ösüş, esasan, ýerli öndürijiler «Honor» we «Huawei» kompaniýalarynyň bazardaky işjeňliginiň artmagy bilen bagly. Has takygy, «Honor» özüniň «Magic 6» smartfonyny bazara çykarmak bilen, Hytaýyň smartfon bazarynda lidere öwrüldi. Hasabat döwründe Hytaýyň smartfon bazarynyň 17,1 göterimi «Honor» kompaniýasyna degişli boldy.

70 000 zawod gurar

Koreýa Respublikasynyň «Kia Motors» kompaniýasy Gazagystanda öz awtoulaglarynyň önümçiligini ýola goýar. Kompaniýa şu maksat bilen Kostanaý şäherinde täze zawod gurmagy meýilleşdirýär. «Kia Motorsyň» Gazagystandaky täze zawody ýylda 70 müňe çenli awtoulag öndürer we onda 1500 sany täze iş orny dörediler. Täze zawodyň gurluşygy 2025-nji ýylda tamamlanar. Birinji tapgyrda uly bölekleýin ýygnamak (CKD) usuly bilen 50 müň awtoulag ýygnalar.

Germaniýanyň iň gymmat brendi boldy

«Brande Finance» konsalting kompaniýasy iň gymmat nemes brendleriniň sanawyny çap etdi. Oňa laýyklykda, «Deutsche Telekom» telearagatnaşyk operatory 150 kompaniýany öz içine alýan sanawyň birinji ornuny eýeledi. Häzirki wagtda bu kompaniýanyň bahasy 68,4 milliard ýewro möçberde bahalanýar. Iň gymmat nemes brendleriniň reýtinginiň ikinji basgançagyndan bolsa bahasy 55,5 milliard ýewro deň bolan meşhur awtoulag öndürijisi «Mercedes-Benz» orun aldy. Ilkinji üçlügi  43,8 milliard ýewrolyk görkeziji bilen «Allianz» ätiýaçlandyryş kompaniýasy jemledi. Şeýle-de iň gymmat nemes brendleriniň öňdäki onlugyndan «Porsche», «BMW», «Volkswagen», «SAP», «Siemens», «Lidl» we «Aldi Sxd» ýaly kompaniýalar orun aldylar.

Emeli aň — geljege täzeçe garamak

2023-nji ýyl boýunça geçirilen barlaglara görä, internet giňişliginde iň köp gyzyklanylan söz «emeli aň» bolupdyr. Alymlar emeli aň tehnologiýasynyň diýseň çalt ösýändigini hem-de 2023-nji ýylda iň köp ara alnyp maslahatlaşylan temadygyny belleýärler. Aslynda emeli aň näme? Munuň üçin biz, ilki bilen, ýönekeý aňyň nämedigini anyklalyň! Köp kişi ol diňe adamlarda bardyr öýdüp ýalňyşýar. Aslynda, aň haýwanlarda-da, maşynlarda-da bar. Ýene bir ýalňyş pikir bolsa, aň diňe düşünje hemem hasaplamalar bilen baglanyşykly diýip hasaplaýarlar. Aslynda bolsa, aň diýen zat birgiden ukyp başarnyklary öz içine alýar. Meselem: • üýtgeşmelere uýgunlaşmagy,

Almazyň emele gelmegi üçin indi milliardlarça ýyl gerek bolmaz

Indi almazyň emele gelmegi üçin milliardlarça ýyl gerek bolmaz. Alymlar ony 150 minutda ýetişdirdiler. «Koreýa Respublikasynyň hünärmenleriniň ýolbaşçylygyndaky halkara alymlar topary almazy bary-ýogy 2,5 sagadyň dowamynda döretmegiň usulyny oýlap tapdylar» diýip, «Hi-Tech» ýazýar.

Finlýandiýada emeli aň kofäniň täze garyndysyny döretdi

Emeli aň Finlýandiýadaky üçünji iň iri kofe öndüriji bolan «Kaffa Roastery» üçin täze kofe garyndysyny döretdi. Neýroulgamyň döreden garyndysyna «AI-conic» diýlip at goýuldy. Garyndy «ChatGPT-ä» we «Copilota» meňzeş ösen modelleriň kömegi bilen işlenip düzüldi. Olaryň wezipesi kofe muşdaklarynyň isleglerini doly kanagatlandyrjak, ýöne şol bir wagtyň özünde, adaty usullaryň daşyna çykmaga mümkinçilik berýän garyndy döretmekdi.

«Google» maglumat merkezlerine 3 milliard amerikan dollarlyk maýa goýar

«Reuters» habarlar agentliginiň habar bermegine görä, «Google» gözleg kompaniýasy maglumatlar merkezini döretmek maksady bilen, 3 milliard amerikan dollary möçberinde maýa goýmagy maksat edinýär. Kompaniýa pul serişdesini, esasan, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Indiana ştatynda maglumatlar merkezi şäherçesini döretmeklige we Wirjiniýada bar bolan maglumatlar merkezini has-da giňeltmeklige gönükdirer. Soňky ýyllarda emeli aňa hem-de bulut hsaplamalaryna bolan isleg gitdigiçe ýokarlanýar. Bu bolsa tehnologiýa ägirtleriniň maglumatlar merkezleriniň mümkinçiliklerini giňeltmeklige iterýär.

Amerikan kompaniýasy kosmos syýahaty üçin ýangyçsyz işleýän hereketlendirijini oýlap tapdy

Amerikanyň «Exodus Propulsion Technologies» başlangyjy reaktiwsiz kosmos hereketlendirijisiniň işlenip taýýarlanandygyny yglan etdi diýip, «Haýtek» ýazýar. Başlangyjy esaslandyryjy we NASA-nyň öňki inženeri Çarlz Býuler «The Debrief» bilen guralan söhbetdeşliginde öz toparynyň ýangyç ulanman, dartyş güýjüni ýeňip geçmek üçin ýeterlik güýç döredip biljek enjamy döredip bilendigini aýtdy.

Komp­ýu­ter teh­no­lo­gi­ýa­la­ry