HABARLAR

Koreýa Respublikasy maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryna degişli harytlaryň we hyzmatlaryň eksportyny artdyrýar

Koreýa Respublikasy iýun aýynda umumy bahasy 21,05 milliard amerikan dollaryna barabar maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary bilen baglanyşykly harytlary we hyzmatlary eksport etdi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 31,1 göterim köpdür. Eksportyň 49,4 göterimi ýa-da 13,44 milliard amerikan dollary ýarymgeçirijileriň paýyna düşýär. 2024-nji ýylyň birinji ýarym ýyllygynyň maglumatlaryna ser salanymyzda, Koreýa Respublikasy maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryna degişli harytlaryň we hyzmatlaryň 108,9 milliard amerikan dollarlygyny daşarky bazarlara iberipdir. Ýeri gelende bellesek, hasabat döwründe Wýetnam, Hytaý we Gonkong Koreýa Respublikasyndan maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary bilen baglanyşykly harytlary we hyzmatlary iň köp import eden döwletler boldy.

Döwrüň talaby — sanly ykdysadyýet

Hormatly Prezidentimiziň döwletiň we jemgyýetiň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegine gönükdirilen syýasaty ilatyň abadançylygy üçin üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet maksatnamalarynda öz beýanyny tapýar. Esasy Kanunymyzyň 16-njy maddasynda: «Döwlet ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň ösüşine ýardam edýär, şeýle hem bu ugurlarda halkara hyzmatdaşlygyny goldaýar» diýlip kesgitlenilýär. Bu konstitusion kadalar «Aragatnaşyk hakynda», «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda», «Innowasiýa işi hakynda», «Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda», «Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda», «Maglumatlar we ony goramak hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynda giňişleýin beýan edilendir.

2024-nji ýylyň ikinji çärýeginde dünýäde smartfonlaryň öndürilişi 6% artdy

Halkara gözleg kompaniýasy IDC-iň deslapky hasabatyna görä, 2024-nji ýylyň ikinji çärýeginde dünýäde smartfonyň öndürilişi 285,4 million birlige ýa-da geçen ýyl bilen deňeşdirilende 6,5% artdy. Bu eýýam yzygiderli dört çärýek satuwda gazanylan ösüşidir. Çärýegiň jemleri boýunça bazaryň öňdeligini Günorta Koreýanyň Samsung kompaniýasy eýeledi, ýagny geçen ýyl bilen deňeşdirilende 0,7% artyp, – 53,9 million smartfona ýetdi.

Sanly ulgam Ýaragly güýçlerimiziň binýadynda

Häzirki wagtda sanly ulgam biziň gündelik durmuşymyza düýpli ornaşdy. Ýurdumyzda bolup geçýän özgertmeleriň ählisi diýen ýaly sanly ulgamyň hasabyna amala aşyrylýar. Bellenilişi ýaly, ýokary tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, iň täze enjamlaryň hem-de programma üpjünçiliginiň herekete girizilmegi, maglumat serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagy bilen bir hatarda, harby ugurda-da sanly ulgama geçilmegi dolandyryş babatynda düýpli özgerişleri göz öňünde tutýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ulgamy ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, bu maksatnamalaýyn resminamada bellenilen wezipeleri öz wagtynda ýerine ýetirmek üçin zerur çäreler ýerine ýetirilýär. Munuň şeýledigini Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde sanly ulgama geçmek boýunça alnyp barylýan düýpli işleriň mysalynda-da görmek bolýar. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň tagallalary esasynda ýurdumyzyň milli goşunynyň maddy-enjamlaýyn binýady has-da pugtalandyrylýar. Şol bir wagtda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň kuwwatyny barha ýokarlandyryp biljek sanly ulgamyň mümkinçilikleri öwrenilýär. Şol nukdaýnazardan hem ýurdumyzyň goranyş ukybyny berkitmäge gönükdirilen, uzak aralykdan dolandyrylýan, awtomatlaşdyrylan häzirki zaman ulgamlara uly üns berilýär. Watan goragçyla

Aragatnaşyk pudagynyň halkara birikmeleri

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň edara-binalary ýurdumyzyň ähli künjeginde ýerleşip, aragatnaşyk ulgamynyň amatly we giň gerimli hyzmatlaryny yzygiderli artdyrýar. Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde uzak möhletli ykdysady ösüşiň derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy tarapyndan işe goýberilen halkara optiki süýümli aragatnaşyk ulgamlary we  üstaşyr akymlary ýurdumyzyň innowasiýa ýoly bilen öňe gitmeginiň esasy ugurlarynyň biri boldy.

Mümkinçilikler döredijilikli peýdalanylýar

Dünýä jemgyýetçiligi bu gün şeýle bir hakykaty ykrar edýär: medeniýet we sungat, edebiýat össe, halkyň aňy-da, ýaşaýşy-da öser. Bu gün halkymyz maddy we ruhy mirasymyzy äleme ýaýmakda sanly ulgamyň şert-mümkinçiliklerini döredijilikli peýdalanýar. Aşakda getiren mysallarymyz biziň aýdýanlarymyzy tassyk etse gerek. turkmenmetbugat.gov.tm — Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň saýty. Bu ýerde ýurdumyzda neşir edilýän gazetlerdir žurnallaryň elektron görnüşi goýulýar. Saýtda makalalardyr habarlar «Garaşsyzlyk», «Bitaraplyk», «Resmi habar», «Syýasat», «Hyzmatdaşlyk», «Ykdysadyýet», «Jemgyýet», «Medeniýet», «Miras», «Edebiýat», «Ylym», «Bilim», «Syýahatçylyk», «Taryh», «Sport», «Saglyk», «Maşgala», «Tehnologiýa», «Oba hojalyk», «Tebigat», «Ekologiýa», «Haýwanat dünýäsi», «Telekeçilik», «Bildirişler, bäsleşikler» atly bölümler boýunça ýerleşdirilýär. Bu saýtyň esasy artykmaçlygy okyjylar eýýäm gije sagat 00:00-da ertirki neşiriň PDF görnüşini öz şahsy el telefonyna ýa-da kompýuterine ýükläp bilýändiginden ybarat. Saýt öz işini «türkmenmetbugat» mobil goşundysy arkaly ýerine ýetirýär. Bu platformada ildeşlerimiz her günki täzeligi gyzgyny bilen okap, tanşyp bilýärler. Okyjylar bu goşundy arkaly «Me

Türkmenistanda gümrük edaralaryna ulag serişdeleri we harytlar barada deslapky maglumaty bermek mümkinçiligi döredildi

2024-nji ýylyň iýul aýyndan başlap, daşary ykdysady işine gatnaşyjylar we ulag-logistika kompaniýalary üçin Türkmenistanyň gümrük çägine getirilmegi göz öňünde tutulýan ulag serişdeleri we harytlar barada elektron görnüşde deslapky maglumatlary bermek mümkinçiligi döredildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtynda habar berilýär. Deslapky maglumatlary berlen ulag serişdeleri we harytlar Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilmegi we gümrük taýdan resmileşdirilmegi ileri tutma tertibinde amala aşyrylýar.

«Xiaomi» smartfonlaryň adam gatnaşmaýan önümçiligini işe goýberdi

Pekinde «Xiaomi» smartfonlarynyň täze nesliniň önümçiligi boýunça zawod işe başlady diýip, kompaniýanyň baş direktory Leý Szun habar berdi. Ol täze kärhanada adamlaryň zähmet çekmejekdigini aýtdy. Ol ýerde robotlar özara sazlaşykda işlärler, arassaçylygy berjaý ederler, mikron derejede tozanlary aradan aýrarlar. Önümiň hiline aňly maşynlar gözegçilik ederler diýip, «GizmoChina» neşirine salgylanýan «rg.ru» ýazýar.

Türkiýäniň “Türksat 6A” aragatnaşyk hemrasy uçuryldy

Türkiýe Respublikasynyň ýerli inženerleri tarapyndan işlenip taýýarlanan “Türksat 6A” aragatnaşyk hemrasy ABŞ-nyň Florida şäherindäki Kanaweral kosmodromyndan kosmos giňişligine uçuryldy. Türk emeli hemrasynyň älem giňişligine uçurylmagy mynasybetli guralan dabara Türkiýäniň ulag we infrastruktura ministri Andulkadyr Uralogly, “Türksat” edarasynyň baş direktory Hasan Hüseýin Ertok, Türkiýäniň Ylmy-tehniki barlaglar geňeşiniň (TÜBITAK) ýolbaşçysy Hasan Maldan we beýlekiler gatnaşdy.

SANLY DÜNÝÄ: ÝAŞLAR. ÖSÜŞ. GELJEK

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler gönüden göni ykdysadyýetiň ähli ugurlaryny gurşap alýar. Bu gün ylym-bilimiň kömegi bilen awtomatik tilsimatlar, maksatnamalaýyn dolandyrylýan kuwwatlyklar, kompýuterleşdirilen enjamlar ynsanyň bähbidine gulluk edýär. Bilşimiz ýaly, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmek boýunça aýgytly başlangyçlara badalga berlip, häzirki wagta çenli netijeli işler alnyp baryldy. Bu işleriň netijesinde maglumat tehnologiýalarynyň we internetiň mümkinçilikleriniň giňden ulanylmagy bilen, sarp edijileriň wagtlary we serişdeleri tygşytlanylýar. Munuň özi, hyzmatlaryň tiz wagtda ýerine ýetirilýändigini, sanlylaşdyrylan tehnologiýalaryň döredýän amatlyklarynyň geriminiň giňeýändigini we geljekde has-da giňejekdigini ynamly aýtmaga esas döredýär. Ýurdumyzda sanly ulgamlaryň giňden ornaşdyrylýan döwründe olardan kämil baş çykarmak, dogry peýdalanmak ýaly işlere ýaşlary çekmek, olary höweslendirmek Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar.