HABARLAR

Milli taryhymyzda zenan mertebesi

Gahryman Arkadagymyz «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp eserinde ene mertebesi bilen ene dilimiziň baglanyşygyny beýan edip: «Biziň ene dilimiz — türkmen dili dünýäniň iň baý dilleriniň biridir. «Orhon-Ýeniseý ýazgylarynda», «Kutadgu-Bilik» (Bagtly edýän bilim), «Diwany lugat et-türk» (Türki dilleriň diwany), «Oguznama», «Kitaby dädem Gorkut», «Görogly» ýaly ençeme naýbaşy eserler gadymy türkmen diliniň eserleridir, gadymy türkmen halkynyň döredijilik önümleridir. Söze baý, dile çeper, sözleýşe dilewar halkymyzyň ene dili Oguz han Türkmeniň diliniň dowamydyr. Şol dil Magtymguly ýaly akyldarlaryň zehin eleginde zerlenip, halkymyzy dünýä tanadýar» diýýär. Hormatly Arkadagymyzyň kitabynda mysal getirýän «Orhon-Ýeniseý ýazgylarynda», gadymy türki halklarda halkyň ýolbaşçysyna «kagan» (han), onuň aýalyna bolsa «katun» (hatyn) diýlip ýazylypdyr. Taryhy çeşmelerde hem beýan edilişi ýaly, ol ýerde «kagan» (han) sözüniň yz ýanyndan «katun» (hatyn) sözüniň getirilmegi, gadymy ata-babalarymyzda zenan maşgalanyň jemgyýetde tutýan ornunyň uly bolandygyny alamatlandyrýar. «Bilge Kagan» bölüminde zenanlar bilen baglanyşykly «Taňry milletimiz ýitip gitmesin diýip, atam II-Teriş Han bilen enem II-Bilge Hatyny Ýer ýüzüne ugratdy» diýen setirler

Watançylygyň nusgasy

Watançy hökmünde giňden tanalýan, XVIII asyryň iň beýik akyldarlaryndan biri Magtymguly Pyragydyr. Nesillerde mukaddes Watana, öz milletiňe, adamzada bolan belent häsiýetleri terbiýelemekde, halklaryň arasynda dost-doganlygy berkitmekde, jemgyýetimiziň mundan beýläk-de sazlaşykly ösüşini gazanmakda Magtymgulynyň edebi mirasy ägirt uly ähmiýete eýedir. Dana Pyragynyň döredijiliginde watançylyk duýgulary çuň mazmunly beýan edilýär. Magtymgulynyň mertlik, gaýduwsyzlyk ýaly häsiýetleri öwüt-ündew edýändigini «Begler», «Aty gerek», «Meýdan ýoluksa», «Mert biläni» ýaly goşgularynda görmek bolýar. Mälim bolşy ýaly, bu şygyrlaryň many-mazmunynda türkmen halkynyň asylly ýörelgeleri beýan edilýär. «Mert çykar myhmana güler ýüz bilen» diýen setirde türkmen halkynyň myhmansöýerligini duýmak bolýar.

Şany dünýä dolan gala

Ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän Merw, Nusaý, Köneürgenç, Abiwerd, Dehistan, Amul ýaly taryhy-medeni ojaklar halkymyzyň şöhratly taryhyny, baý geçmişini, milli mirasyny bütin dünýä aýan edýär. Berkarar döwletimizde bu gadymy ojaklary öwrenmek, olarda arheologik barlaglary geçirmek ugrunda alnyp barylýan işler şanly taryhymyzyň üstüni gymmatly we baý maglumatlar bilen doldurýar. Soňky ýyllarda dünýä alymlarynyň, arheologlaryň aýratyn gyzyklanmasyna eýe bolýan taryhy ojaklaryň biri-de welaýat merkezimiz Türkmenabat şäheriniň günortasynda ýerleşýän Amul galasydyr. Orta asyrlar döwrüne degişli bolan bu gadymy gala Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundan söwda kerwenleriniň geçmeginde aýratyn orny eýeläpdir. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda bu ýerde senetçiligiň, daýhançylygyň ösendigi dogrusynda gyzykly taryhy maglumatlar, rowaýatlar beýan edilýär. Dürli ýyllarda dünýä alymlarynyň, taryhçylarynyň, etnograflarynyň ençemesi gadymy Amul galasynda bolup, bu ýerde gazuw-agtaryş işlerini geçirdiler. Ylmy barlaglaryň netijesinde galanyň we onuň ýerleşýän ýeri bolan Amul şäheriniň geçmiş-taryhy bilen baglanyşykly birnäçe tapyndylar tapylyp, gyzykly maglumatlar öwrenildi. Gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylan

Türkmenistanyň gaz senagaty: geçmişden şu güne

Türkmençilikde aýdylyşy ýaly, Ojak gaz käniniň höwri köp boldy. Amyderýanyň hekdaş gatlaklaryny düýe boýnuny döredip kesip geçýän ýerinde, Şyharyk obasynyň ýanynda 1966-njy ýylda türkmen gazçylarynyň merkezi Gazojak şäheriniň düýbi tutuldy. 1970-nji ýylyň aýagyna Günorta-Gündogar we Demirgazyk-Gündogar Türkmenistanyň çäklerinde açylan ululy-kiçili gaz we gazkondensat känleriniň 19-sy bolup, şolardan Kükürtli gazkondensat we Minara (Maýsk) gaz känleri 1970-nji ýylda ulanyşa goýberildi. Şeýlelik bilen, Gündogar Türkmenistanda 1971 — 1976-njy ýyllar aralygynda gorlarynyň göwrümi boýunça uly bolmadyk Demirgazyk Ojak, gorlarynyň göwrümi uly bolan Naýyp gazkondensat känleri 1972-nji ýylda we örän uly gaz gorlary bolan Gündogar (Şehitli) we Günbatar (Jojukly) Şatlyk gazkondensat känleri 1973-nji ýylda ulanyşa goýberildi. Netijede, şol döwürde ulanyşda duran känleriň sany 7-ä ýetirildi we 1976-njy ýylda çykarylan tebigy gazyň göwrümi 1970-nji ýyla garanyňda, 4,7 esseden hem köpeldi. Şol ýyl Maýsk diýlip atlandyrylan, 1964-nji ýylda açylan gaz ýatagyndan başlanýan, içki ulanyjylara niýetlenen Maýsk — Aşgabat — Büzmeýin magistral gaz geçiriji çekilip, tebigy gaz Aşgabada getirildi. Dünýä tejribesinde ilkinji bolup, köpgatlakly Ojak gazkondensat käninde bir g

TOGRUL BEG

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Mälim bolşy ýaly, Çagry begiň we Togrul begiň döreden Beýik Seljuk döwleti gysga döwrüň içinde Günbatara, Kiçi Aziýa tarap ummasyz giňişliklere ýaýrapdyr. Bu döwlet dargandan soň hem özbaşdak türkmen döwletleri döräpdir. Beýik Seljuk döwletinden başlap, bularyň her biriniň türkmeniň şöhratyny dünýä ýaýmakda, yslam dinine arka durmakda bitiren işleriniň gymmaty hakynda pikir edip görüň!

Taryha şan beren kitap

Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda gadymy Änew şäheriniň binagärlik medeniýeti, çeperçilik däpleri barada örän täsirli söhbet edilýär. Änew medeniýeti irki eneolit döwründen giçki orta asyrlara çenli dowam edipdir. Bu medeniýet dürli döwürlerde birnäçe alymlar tarapyndan öwrenilipdir. Hormatly Prezidentimiz öz kitabynda: «Bu mekanyň gadymylyk alamaty, onuň ady babatda alnanda, oýlandyrýar. Ýöne käbir alymlaryň şumerleriň iň uly taňrysy bolan asman taňrysyny «Anu» diýip atlandyrandyklary, «Änew» diýen adyň hem şundan gelip çykandygy hakyndaky pikirleri hem ünsi özüne çekýär» diýip belleýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz kitapda 1904-nji ýylda ABŞ-nyň Karnegi institutynyň professory Rafael Pampelliniň Änew depelerini öwrenmek maksady bilen toplumlaýyn ekspedisiýany gurandygy barada belläp geçýär. R.Pampelli kömekçileri E.Hantington we öz ogly bilen bilelikde, Waşington şäheriniň Karnegi institutynyň maliýe taýdan goldaw bermeginde Türkmenistan bilen tanyşlyk ekspedisiýasyny amala aşyrypdyr. Dolanyp barandan soň, institutyň ýolbaşçylarynyň öňünde hasabat bilen çykyş edipdir. Şonuň netijesinde hem ekspedisiýa geçirmäge goşmaça serişdeler goýberilipdir.

Änew – gadymy medeniýetiň gözbaşy

Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda belleýşi ýaly, biziň halkymyz beýik sungaty, nusgawy ýörelgeleri we gaýtalanmajak medeni mirasy bilen giňden tanalýar. Türkmen medeniýeti dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant goşdy. Munuň şeýledigine şaýatlyk edýän Türkmenistanyň Milli «Ak bugdaý» muzeýi halkymyzyň şan-şöhratly taryhyny äşgär edýän gymmatlyklarymyzyň saklanýan ojagy. Binagärlik sungatymyzyň täsin gözelliklerine beslenen muzeýiň binasynda bugdaý sümmülleriniň şekilleriniň ýerleşdirilmegi uly mana eýedir. Mälim bolşy ýaly, amerikan alymy Rafael Pampelliniň Änewiň taryhy depelerinde geçiren gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde, ekerançylyk medeniýeti bilen baglanyşykly gymmatly maglumatlar ýüze çykaryldy we ak bugdaýyň däneleri tapyldy. Munuň özi geçmişde ata-babalarymyzyň ak bugdaýy medeni usulda ösdürip ýetişdirendigini görkezýär. Iň gadymy ak bugdaýyň Änewiň depelerinden tapylmagy, diňe bir halkymyz üçin däl, eýsem, dünýä jemgyýetçiligi üçin hem bahasyz taryhy gymmatlyk bolup, bu ýerde gallaçylygyň gülläp ösendigine güwä geçýär. Ýüze çykarylan ak bugdaýyň däneleri häzirki wagtda muzeýiň esasy gymmatlyklarynyň biri bolmak bilen, ak bugdaýyň Watanynyň türkmen topragydygyny dü

Kakageldi Gul pälwan

(Soňy. Başlangyjy gazetiň geçen sanynda) Ahalyň göreş düzgüni boýunça ilkinji baş baýraga çykan dört jübüt ahmyrly bolmaz ýaly täzeden tutluşdyrylýar. Ine, şol toýda hem Kakageldi Poran pälwan bilen göreş tutýar. Ol çepine göterjek bolanda, myhman pälwan badak salyp ýeňiş gazanýar. Gaýtadan tutluşylanda, garşydaşy çilip, arkanlygyna zyňjak bolanda, Kakageldi pälwan eline tekge berip, aýagyny çekende, Poran pälwan sogrulyp diň arkan gaýdyp ýeňilýär. Soňky dörtlükde hem, bu iki pälwan göreşende Kakageldi pälwan sagyndan gyşarylybrak baryp, garşydaşyny göterip, daşyndan bir sapar aýlap, ýere goýup badak atyp ýykýar.

Gadymy medeniýetiň ýadygärlikleri

Arheologiýa ylmynda Jeýtun medeniýeti döwründen ilkinji siwilizasiýalara, bürünç zamanyna geçiş döwrüne «eneolit» ýa-da «daş-mis asyrlary» diýilýär. Munuň sebäbi, daş gurallary ulanmagyň dowam edýän döwründe täze mis gurallaryň hem ulanylyp başlanandygy bilen baglanyşyklydyr. Änew medeniýeti-de eneolit zamanyna degişli medeniýetleriň hatarynda orun alýar. Bu medeniýet 1904-nji ýylda Waşingtonyň Karnegi institutynyň professory Rafael Pampelliniň gadymy Änewde geçiren arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde ýüze çykaryldy. Şol gazuw-agtaryş işleri Änewiň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän depede medeni gatlaklaryň ikisini aýan etdi. Bu barada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda giňişleýin söhbet edilýär. Änew medeniýetiniň dowam eden döwri b.e. öňki V-IV müňýyllyklara gabat gelýär. Jeýtun we Änew medeniýetleriniň sepgidinde dowam eden maddy medeniýetiň dürli toparlarynda olaryň görnüşleriniň hil taýdan çalşygy bolup geçýär. Bu bolsa täze medeniýetiň başlanandygyny aňladýar. Änew medeniýeti öz ösüşinde birnäçe döwürleri başdan geçiripdir. Olaryň arasyndaky tapawutlar küýzegärlikde has aýdyň ýüze çykypdyr.

Dünýä medeniýetiniň ojagy

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mynasyp dowam etdirýän medeni diplomatiýasy häzirki zaman dünýä jemgyýetçiligine türkmen halkymyzyň müňýyllyklardan dowam edip gelýän milli medeniýetimiz, mirasymyz barada gyzykly maglumatlar bilen tanyşmaga ýardam edýär. 2024-nji ýylda gadymy Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmeginde döwletimiziň medeni diplomatiýasynyň üstünlikleri aýdyň ýüze çykýar. Amerikan alymy R.Pampelliniň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň günorta sebitlerinde geçirilen gazuw-agtaryş işleri netijesinde, gadymy Änew medeniýetine degişli bolan ýadygärlikleriň çig kerpiçleriniň arasyndan bugdaý däneleri we gylçyklary ýüze çykarylýar. Ylmy hasaplamalar bu bugdaý däneleriniň biziň eýýamymyzdan öňki