HABARLAR

Globusyň taryhyndan

Zeminiň kiçeldilen nusgasy hasaplanylýan globusyň ýurtlary, deňiz-derýalary, dag-düzleri... öwrenmekde belli bir bahasy ýokdur. Eýsem-de, latynça «şar» diýmegi aňladýan globusyň döreýiş taryhy hem köpleri gyzyklandyrýan bolsa gerek. Häzirki günlere gelip ýeten iň gadymy globus 1459-1507-nji ýyllarda ýaşap geçen nemes matematigi, geografy we jahankeşdesi Martin Behaým tarapyndan 1492-nji ýylda ýasalan globusdyr. Ol bu globusy göläniň derisini gaty çekdirip, beýikli-pesli metala berkidip ýasapdyr. Häzirki wagtda Germaniýanyň Nýurnberg şäherindäki muzeýde saklanylýan bu globus «Ýeriň almasy» diýlip atlandyrylyp, onuň diametri 54 santimetre barabardyr.

“Wagt” düşünjesi ýa-da sagat önümçiliginiň taryhyndan

Gadymy döwürlerden bäri adamlar “wagt” diýlen düşünje bilen içgin gyzyklanypdyrlar. Olar ilkibaşda ýyldyzlara we Güne seredip, wagty hasaplamaga synanyşypdyrlar. Günüň asmandaky hereketine seredipdirler, kölegeleri synlapdyrlar, gum sagatlaryny synag edipdirler. Uzak Gündogar ýurtlarynda bolsa, tütün edilip, onuň tüssesiniň belli bir wagta dowam etmegi bilen wagty ölçäpdirler. Gadymy Müsürde we Gresiýada ilkinji suw sagatlary ulanylypdyr. Olar daşdan ýasalan suw sagatlarynyň içine suwuň dolmagy ýa-da boşamagy bilen wagty ölçäpdirler. Suw sagadynyň başga bir görnüşi bolsa, suwly gabyň içine atylýan bir tarapy deşilen demir gutujykdan ybarat bolupdyr. Kiçijik deşiginden suw girip, ýuwaş-ýuwaşdan çümüp başlan demir guty belli bir wagtdan soňra suwuň düýbüne çökmegi bilen wagt ölçegini görkezipdir. Sagat önümçiliginiň kämilleşiş döwri XVI asyrdan başlanýar. 1524-nji ýylda nemes gulp ussasy Peter Henliýen taryhda ilkinji bolup, tow berilýän sagady ýasaýar. Bu sagadyň binýadynda ilkinji jübi sagatlary öndürilip başlanýar. 1550-nji ýyllarda bazarlarda ilki nemes we fransuz, soňra bolsa şwed hem-de iňlis sagat öndürijileri peýda bolýar. 1656-njy ýylda ilkinji yrgyldawaçly sagatlar öndürilip başlanýar. Sagadyň bu görnüşi hakyndaky pikiri G.Galileýiň oýlap tapandygy

Gadymyýeti yzlan Alym

Türkmen topragyna ykbalyny baglap, oňa yhlas edenleriň sarpasy hemişe belent tutulýar. Ýakynda, 16-njy oktýabrda Milli «Ak bugdaý» muzeýinde meşhur alymlar, arheologlar, Magtymguly adyndaky halkara baýragyň eýeleri Wadim Massonyň we Wiktor Sarianidiniň doglan günleriniň 95 ýyllygy mynasybetli geçirilen «Türkmenistan — gadymy siwilizasiýalaryň ojagy» atly halkara ylmy duşuşyk hem muny ýene bir gezek tassyklady. Wadim Mihaýlowiç Masson diňe biziň ýurdumyzda däl, eýsem, bütin dünýäde belli alymdyr. Bu görnükli alym tarapyndan Türkmenistanyň taryhy ýadygärliklerinde ýüze çykarylan tapyndylar dünýäniň beýik açyşlarynyň hazynasyna girýär.

Ylma baglanan ykballar

Türkmen topragynda kökleri müňýyllyklara uzaýan şöhratly taryhyň şaýady bolan ýadygärlikler dünýä alymlarynyň ünsüni çekýär. Merkezi Aziýada arheologiýa ylmynyň düýbüni tutujylaryň hatarynda atlary ebedileşdirilen Wadim Masson we Wiktor Sarianidi hem Watanymyzyň gadymy taryhyny öwrenmekde uly hyzmatlary bitiren görnükli alymlardyr. 16-njy oktýabrda Änew şäherindäki Milli «Ak bugdaý» muzeýinde bu iki meşhur alym-arheologyň doglan günleriniň 95 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistan — gadymy siwilizasiýalaryň ojagy» atly halkara ylmy duşuşygyň geçirilmegi görnükli alymlara goýulýan belent sarpanyň nyşanydyr. Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň guramagynda geçirilen ylmy duşuşyga türkmen we rus alymlary gatnaşdy. Italiýanyň, Çehiýa Respublikasynyň alymlary bolsa foruma sanly ulgam arkaly goşuldy. Ylmy duşuşygyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň däp-dessurlarynyň özboluşlylygyny we köptaraplylygyny şöhlelendirýän sergi bilen tanyşdy.

«Türkmen topragynyň her bir ýeri taryh»

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyndan: — Kakam Gahryman Arkadagymyzyň taryha, esasanam, türkmen halkynyň taryhyna degişli berýän gyzykly gürrüňleri hemişe täsirli. Ygtybarly maglumatlar hem gyzykly, hem gerekli bolanda, olaryň barha ähmiýeti artýar gidýär. Çuňňur manyly şeýle söhbetleriň birinde kakam Gahryman Arkadagymyz maňa türkmen topragynyň gadymylygyny hem-de şanly şöhratyny jahana ýaýan dünýä belli adamlar bilen bile işleşendigini hem gürrüň berdi.

Dünýä medeniýetiniň mukaddes ojagy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde döwletimiziň halkara abraýynyň has-da artyp, mertebesiniň barha beýgelýän taryhy döwründe naýbaşy gymmatlyklary özünde jemleýän taryhy we medeni ýadygärliklerimiz hem aýratyn ähmiýete eýedir. Ilkidurmuş adamzat jemgyýetinden galan yzlar — daşdan we demirden ýasalan zähmet gurallary, irki ekerançylyk we şäher merkezleri, köp sanly ýazuw we arheologik çeşmeler diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýä medeniýetiniň taryhy ýoluny beýan edýän, çeper aň kämilligi bilen ölçenilýän gymmatly ýadygärliklerdir. Şular dogrusynda oýlananyňda adamzat medeniýetiniň iň gadymy ojagy — Jeýtun, Altyndepe, Goňurdepe, Parfiýa-Nusaý, Horezm-Köneürgenç, Amul, Dehistan ýaly ösen siwilizasiýaly şäherler göz öňüňe gelýär. Meşhur akademik W.M.Massonyň ýurdumyzda geçiren gazuw-barlag işleriniň netijesinde ençeme gymmatlyklar ýüze çykaryldy. Aw awlamagyň, hasyl ýygnamagyň, iki tigirli arabalaryň, atly-ýaragly gerçekleriň gaýa ýüzündäki şekilleri — gadymy sungat eserleri adamzat medeniýetiniň aýrylmaz bölegini düzýär. Ussat alym tarapyndan edilen açyşlaryň subut edişi ýaly, adamzat taryhynda ilkinji otur

Gadymy Änew — müdimi Änew

Türki medeniýetiň halkara guramasy bolan TÜRKSOÝ tarapyndan Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň esasy wakalarynyň birine öwrüldi. Bilşimiz ýaly, Änew şäheri türkmen halkynyň şöhratly taryhynda özboluşly orny eýeleýän, milli medeni we taryhy ýadygärlikleri özünde jemleýän gadymy şäherleriň biridir. Geçen asyryň başlarynda Änewiň depelerinde geçirilen arheologik gazuw-barlag işleri bu ýerde eneolit döwründe ýaýran ekerançylyk medeniýeti barada köp sanly gymmatly maglumatlary ýüze çykardy. Bu giň gerimli işlere Änew medeniýetini ilkinjileriň biri bolup dünýä tanadan Rafael Pampelli, şeýle hem Wadim Masson, Wiktor Sarianidi we beýleki görnükli alymlar mynasyp goşantlaryny goşdular. Bu hakynda hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly ajaýyp eserinde hem giňişleýin gürrüň berilýär. Mälim bolşy ýaly, 16-njy oktýabrda Änew şäherindäki milli «Ak bugdaý» muzeýiniň binasynda geçirilen «Türkmenistan — gadymy siwilizasiýalaryň ojagy» atly halkara ylmy duşuşyk hem meşhur arheologlar W.Massonyň we W.Sarianidiniň doglan günleriniň 95 ýyllygyna bagyşlandy. Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek

Sakar

Jeýhun boýlarynda döreýiş taryhy asyrlaryň jümmüşine siňip gidýän gadymy oba-kentleriň ençemesi bar. Şolaryň biri-de Saýat etrabynyň çäginde ýerleşýän Sakar şäheridir. Ol welaýat merkezinden 25 kilometr çemesi gündogarda ýerleşýär. «Sakar» adalgasynyň döreýşi barada dürlüçe garaýyşlar bar. Alym Soltanşa Atanyýazow «Sejere (Türkmeniň nesil daragty)» atly kitabynda bu sözi türkmenleriň gadymy ata-babalary hasaplanylýan saklaryň ady bilen baglanyşdyryp, sak we ar (gadymy türkmen dilinde köplügi aňladýan goşulma), ýagny, «sak ili», «saklar» diýen manyny berýär diýip düşündirýär. Maglumat berlişine görä, sakarlylaryň bir topary XIX asyrda goňşy Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabyndaky Gyzylçäge diýen ýere göçüp gidipdir. Olaryň gelmegi bilen Gyzylçäge ady üýtgedilip, Sakarçäge diýlip atlandyrylyp başlanypdyr we bu etrabyň ady emele gelipdir.

Meşhur alymlaryň hatyrasyna

Düýn Änew şäherindäki «Ak bugdaý» muzeýiniň binasynda meşhur alymlar Wadim Massonyň we Wiktor Sarianidiniň doglan günleriniň 95 ýyllygyna bagyşlanyp «Türkmenistan — gadymy siwilizasiýalaryň ojagy» ady bilen halkara ylmy duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň, onuň garamagyndaky taryhy-medeni döwlet goraghanalarynyň işgärleri, Türkmenistanyň ýadygärliklerinde bilelikdäki arheologik gazuw-barlag işlerini alyp barýan daşary ýurtly alymlar we hünärmenler, Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň alymlary, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetiniň we Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymlarydyr talyplary, muzeý işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Köpsanly taryhy ýadygärliklere baý Türkmenistanyň çäginde ençeme zehinli arheologlar zähmet çekdiler we olaryň her biri gazuw işlerinde tapyndylaryň çeşmelerini öwrenmäge uly goşant goşdular. Türkmen topragynyň geçmişiniň syryny açmaga ömrüni bagyşlan meşhur alymlaryň hatarynda ýaşytdaş dostlar, birnäçe ylmy işleri bilelikde ýazan awtorlar Wiktor Iwanowiç Sarianidi we Wadim Mihaýlowiç Masson dagy hem bardy. Şeýle bolansoň Gahryman Arka

Söz äleminiň ägirdi

Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi dana şahyryň at-abraýyny belende götermekde, edebi mirasyny dünýä ýüzünde giňden ýaýmakda şan-şöhratly ýyllaryň biridir. Gahryman Arkadagymyz «Ynsan kalbynyň öçmejek nury», «Älem içre at gezer» atly çuň paýhasly kitaplarynda Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyna, goşgularynyň terbiýeçilik ähmiýetine uly baha berýär we «Beýik Magtymgulyny dünýä beren türkmen halky öz akyldarlaryna, şahyrlaryna buýsanmaga doly haklydyr» diýip belleýär. Watana söýgi, topraga buýsanç duýgulary kalbynda joş uran dana Pyragynyň eserleri ýaş nesilleri watansöýüjilik, adamkärçilik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde nusgalyk mekdebe öwrüldi. Magtymguly Pyragynyň dürdäne eserleri bu gün agzybirligiň, ynsanperwerligiň belent nusgasy hökmünde dünýä halklarynyň hakydasynda müdimi orun aldy. Şu ýyl Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy dabaraly bellenilip, ýurdumyzda ylmy-amaly maslahatlar, döredijilik duşuşyklary üstünlikli geçirilýär. Bularyň ählisi akyldar şahyrymyza bolan hormat-sarpanyň belent derejelere göterilendigini doly subut edýär.