Türkmen arheologiýasynyň üstünlikleri
Döwlet Maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli amal etmek üçin Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen, öz döwründe hünärmentçiligiň, söwdanyň, ylmyň we medeniýetiň ösen merkezleri bolan Lebap welaýatynyň çägindäki Amul galasynda, Mary welaýatynyň çägindäki Abdyllahan galasynda, Uly Gyzgalasynda, Dandanakan (Daşrabat) galasynda, Ahal welaýatynyň çägindäki Abiwerd galasynda, Paryzdepede, Şähryslamda, Balkan welaýatyndaky Dehistan ýadygärlikler toplumynda, Daşoguz welaýatyndaky Köneürgenç ýadygärlikler toplumyna degişli Kerwensaraýda we beýleki ýadygärliklerde giň möçberli arheologik gazuw-barlag işleri alnyp baryldy. Paryzdepede geçirilen barlaglar bu ýerde ilkinji oturymly mekanyň Änew medeniýeti döwründe ýüze çykandygyny, irki demir asyry zamanynda bolsa onuň Günorta Türkmenistanyň Köpetdagyň etegi zolagyndaky iri ykdysady we medeni merkezleriň birine öwrülendigini görkezdi. Orta asyr Abiwerd galasynda geçirilen arheologik gazuw-barlag işleri Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň orta asyr şäherleriniň ösüş yzygiderliligini, ykdysady we medeni durmuşyny öwrenmek üçin möhüm ähmiýete eýe bolan maglumatlary berdi. Bu ýerde Türkmenistanda ilkinji gezek magdan eredip, demir öndürilýän küräniň üsti açyldy. Has çylşyrymly tehnologiýany we t