HABARLAR

Jeýhunyň ýakasyna syýahat

Halkymyzyň hak howandary alym Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Türkmen medeniýeti», «Medeniýet halkyň kalbydyr» atly kitaplary gönüden-göni halkymyzyň taryhyny, taryhda döreden gymmatlyklaryny aýdyňlygy bilen açyp görkezýän ajaýyp ensiklopediýadyr. Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynda Gündogar Türkmenistanyň çäginde saklanyp galan ajaýyp taryhy ýadygärliklere hem aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýle ähmiýetli ýadygärlikleriň biri hem Amyderýanyň orta akymynda ýerleşen Hoja Idat galasydyr. Bu taryhy-medeni ýadygärlik Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň çäginde ýerleşýär. Hoja Idat galasynyň günorta-günbatarynda Erkgala (içki gala) ýerleşip, galanyň daş tarapyndan duşman howpy abananda, içi suw bilen doldurylýan garym gazylypdyr. Bu bolsa gala howp salýan duşman goşunyna garşy galany goraýjylar tarapyndan ilkinji päsgelçilik bolup hyzmat edipdir. Mundan başga-da galanyň diwarlary uly göwrümli, mäkäm gurlan diňler bilen berkidilipdir.

Geçmişiň buýsançly – gadamyň batly

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr. Şonuň üçin hem, Gadymy Merw, Köneürgenç we Gadymy Nusaý taryhy-medeni ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşuldy. Şunuň ýaly taryhy ýerlerde hem gymmatly maglumatlary, taryhy tapyndylary görmek bolýar. Gadymy galalarda geçirilýän arheologik gazuw-agtaryş işlerde hem binagärlik-gurluşyk galyndylary ýüze çykarylýar we ylmy esasda öwrenilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda jemgyýetiň ruhy sagdynlygyny we ahlak taýdan kämilligini üpjün etmek, taryhy-medeni mirasa sarpa goýmak, ata-babalarymyzyň hem-de tutuş adamzadyň nesilden-nesle geçirip gelýän däplerini ösdürmek ýaly asylly ýörelgeler mynasyp dowam etdirilýär. Şeýle asylly ýörelgelere eýerip, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda häzirki wagtda türkmen halkynyň şöhratly taryhyny öwrenmek, dünýä ýaýmak işleri üstünlikli alny

Azyk we azyk däl önümleri gaplamak işiniň taryhyndan

1827-nji ýylda fransuz alymy Baret azyk önümçiliginde ulanylýan ýagly kagyzy oýlap tapýar. Ýagly kagyzyň bir gapdaly guradylan ýag bilen örtülendir. Biz gaplamanyň bu görnüşini häli-şindi aşhanada köke, keks, tort bişirmekde ulanýarys. Onuň käbir görnüşleri  bolsa kafelerde, restoranlarda örän wajyp orny eýeleýär. ***

Şirin zybanly Mahesti

Türkmen halky — beýik taryhly halk. Ol taryh şu günümize we geljege ýagty nur saçýar. Taryh diýlende, ilki bilen, beýik-beýik döwletleri dolandyran şahsyýetler ýadyňa düşýär. Şahsyýet bolup taryhda yz galdyrmak bolsa uly mertebedir. Batyrgaýlygy, dogumlylygy, talapkärligi, ýiti zehini we zenan gözelligi bilen taryhda yz goýup giden zenan şahyrlaryň biri hem Beýik Seljuk türkmenleriniň hökümdary Soltan Sanjaryň döwürdeşi Mahestidir. Mahesti edebiýat äleminde mynasyp orun tapmagy başarypdyr. Bu zenan şahyryň terjimehaly barada gaty ujypsyz maglumatlar saklanyp galypdyr. Onuň doglan ýyly we ýeri barada anyk maglumat gabat gelmeýär. Şonuň üçinem bu mesele häzire çenli jedelli bolup galýar. Taryhy maglumatlarda Mahestiniň Balhda, Hojanda, Nişapurda, Genjede doglandygy hakynda dürli maglumatlar berilýär. Alym Jöwheri Zergäriň Mahestä bagyşlap ýazan «Mahesti we Emir Ahmet» atly goşgusynda şeýle setirler bar:

Gadymy taryhly kuraş

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Kuraş boýunça dünýä çempionaty geçirilýär. Kuraş göreş görnüşleriniň arasynda iň gadymylarynyň biridir. Taryha ser salsak, kuraşyň dörän, kämilleşen ýeri Özbegistan Respublikasy hasaplanylýar. Kuraş boýunça ilkinji dünýä çempionaty 1999-njy ýylda Özbegistanyň paýtagty Daşkentde geçirildi. Kuraş ýurdumyzda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna hem girizilipdi. Bu abraýly ýaryşda kuraş boýunça göreşen pälwanlarymyz ençeme medala mynasyp boldular. 2017-nji ýylda Türkiýäniň Stambul şäherinde guralan Kuraş boýunça dünýä çempionatynda türkmen pälwanlary 7 medal gazandylar.

From the history of the Turkmen wrestling

The literary work Oguznama reads that the Turkmen national wrestling was one of the most popular martial arts in ancient times. In these times, the national wrestling was of great importance in preventing controversial issues. The Turkmen people loved their national wrestling and created proverbs with a deep meaning related to this martial art, namely, ‘don't pay respect to anyone in a wrestling contest’, ‘the one who fights will win, the one who competes will lose’, ‘wrestling brings glory, war teaches a lesson’, ‘the one who falls will not enjoy the struggle’.

Adam eli bilen dörän täsinlikler

Adamzat jemgyýetinde wagtyň geçmegi bilen ylymda, bilimde uly üstünlikler gazanylýar, ylmy gözlegler arkaly täze açyşlar edilýär. Muňa garamazdan, geçmişde döretmek üçin şertleriň we mümkinçilikleriň çäkli wagty hem adamzat ösüşe ymtylypdyr. Munuň şeýledigini üstünden müňlerçe ýyl geçen, adam eli bilen döredilen täsin gymmatlyklar hem subut edýär. Täsin harby lybas

Gadymy Köneürgenç — mukaddes toprak

Häzirki Köneürgenç şäheri ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň adybir etrabynyň merkezi bolmak bilen, Daşoguz şäherinden 120 kilometr uzaklykda ýerleşýär. Köneürgenç taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň ýadygärlikleri 2005-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Munuň özi müňýyllyklaryň şaýady bolan arheologiýa we arhitektura ýadygärliklerini dünýäniň taryhçylary we alymlary tarapyndan has içgin öwrenmäge we syýahatçylyga uly mümkinçilikleri açdy. Umumybilim berýän orta mekdeplerde taryh derslerinden sapaklar guralanda ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärlikleri okuwçylara öwredilýär. Ösüp gelýän ýaş nesiller Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen taryhy ýadygärlikler baradaky maglumatlary öwrenýärler. Olaryň öz Watanyna bolan buýsanjy artýar hem-de ýurdumyzyň taryhy-medeni goraghanalary bilen içgin tanyşmaga mümkinçilik bolýar.

Ta­ry­ha ser sal­saň...

«7/24. tm» № 47 (182) 13.11.2023 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Gahryman Arkadagymy­zyň, Ar­ka­dag­ly Gahryman Serdarymyzyň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de türk­men hal­ky­nyň geç­miş ta­ry­hy­nyň, mad­dy we ru­hy me­de­ni­ýe­ti­niň çuň­ňur öw­re­nil­me­gi üçin äh­li müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap ýur­du­myz­da döw­re­bap pi­kir ýö­red­ýän, ýo­ka­ry ah­lak­ly, giň göz­ýe­tim­li, ylym­ly-bi­lim­li ýaş­la­ry ter­bi­ýe­le­mek­li­ge örän uly üns be­ril­ýär. Yl­myň ga­za­nan­la­ry­ny bi­lim ul­ga­myn­da or­naş­dyr­mak, ta­lyp ýaş­la­ry yl­ma ug­ruk­dyr­mak hä­zir­ki aja­ýyp za­ma­na­my­zyň mö­hüm ta­lap­la­ry­nyň bi­ri­dir. Şeý­le mö­hüm ta­lap­lar­dan ugur alyp, ýur­du­myz­da ylym-bi­lim ul­ga­myn­da be­lent sep­git­le­re ýe­til­ýär.

Gözli ata — rowaýatlara siňen şahsyýet

Türkmenistanyň çäklerinde zyýarat maksatly gelim-gidimli ýerler örän köpdür, olaryň biri hem Gözli ata tahallusy bilen tanalýan sopy Hasan ata we onuň aýaly Aksuluw (Aksil hem diýilýär) mamanyň ýatan ýeridir. Bu ýerde Türkmenistanyň ähli künjeginden, şeýle hem goňşy ýurtlardan gelýän syýahatçylary kabul etmek maksady bilen myhmanhana we sadaka bermek üçin ähli şertler döredilen toplum gurlupdyr. Gözli ata XII — XIII asyrlarda ýaşap geçipdir. «Ol atalaryň soňky neslibaşysydyr» diýlip, ýazuw çeşmelerinde ýatlanylyp geçilýär. Şol döwürlerde Hoja Ahmet Ýasawynyň taglymatlaryny dowam etdirijiler öz adynyň yzyna «ata» diýen hormatly at derejesini dakypdyrlar. Olaryň biri hem Balkan türkmenleriniň arasynda sopuçylygy wagyz eden Hasan ata ýa-da Ahsan şyhdyr. Urug başy bolan Hasan atanyň ady golýazmalarda we beýleki taryhy çeşmelerde Hasan, Uzyn Hasan, Gul Gedaýy, Gözli ata ýaly tahallusy bilen duş gelýär. Bu barada türkmenleriň nusgawy şahyrlary Magtymguly Pyragy, Durdy şahyr, Misgingylyç, Nedir şahyr (Kuraýyş) we beýlekiler öz goşgy setirlerinde agzap geçýärler. Pyragynyň «Ol nedir» goşgusynda «Gözli ata, Baba Selman şypa ber» diýen setiri bar.