«Açyk gapylar» syýasatyna eýerip

12 мая 2022
1022

Aşgabat, 11-nji maý. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Täjigistan Respublikasynyň Milli Majlisiniň Oli Majlisiniň Başlygy, Duşenbe şäheriniň Başlygy Rustam Emomali bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda, esasan, parlamentara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Myhman türkmen Liderine duşuşmaga wagt tapyp, kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna aýratyn üns berýän Täjigistanyň ýokary ýolbaşçylarynyň iberen salamyny ýetirdi.

www.tdh.gov.tm
Другие новости