Aşgabat, 27-nji ýanwar. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň hem-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýakynda geçiriljek Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere garaldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahaty açyp, möhüm wakanyň — Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisiniň ýakynlaşyp gelýändigine ünsi çekdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, biziň Garaşsyz döwletimizi 2022 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň örän möhüm ugurlaryny kesgitlemek onuň esasy meseleleriniň biridir.