OLIMPIÝA HEREKETI WE SPORT MUZEÝI
Katardaky Olimpiýa hereketi we sport muzeýi dünýäniň häzirki zaman iň iri sport muzeýleriniň biridir. 19 müň km² meýdany eýeleýän bu muzeý Kataryň we dünýäniň sport we Olimpiýa hereketiniň taryhyny ýygnady. 2022-nji ýylda açylan muzeý «Aspire Zone Foundation» toplumynyň bir bölegi hökmünde Halifa halkara stadionynyň çäginde ýerleşýär. Muzeý sportuň gadymy döwürlerden häzirki döwre çenli taryhyny açyp görkezýän alty galereýadan ybarat. Olar Ýewropada, Aziýada, Amerikada, Afrikada we Ýakyn Gündogarda sportuň ösüşinde dürli taryhy döwürlere ünsi jemläp, geografiki we tematiki pudaklara bölünýär. Olaryň içinde grafiki, audiowizual we interaktiw eksponatlar, ylham berýän faktlar we sanly giňişlikler bar. Sportuň gelip çykyşy, ösüşi we medeniýeti hakynda taryhy maglumatlar dünýä jahankeşdelerine ýetirilýär. Muzeý sagdyn durmuş ýörelgeleriniň muşdaklary, janköýerler, hünärmen türgenler üçin gyzyklydyr. Şeýle hem muzeýde sowgatlar dükany, sport kafesi we Londondaky iň meşhur aşpezleriň biri bolan Mişeliniň ýyldyzy Tom Aýkens tarapyndan döredilen Naua restorany bar. Arap dilinde «Däneli tohum» sözüni aňladýan restoranyň ady sagdynlygy we sagdyn iýmitlenmegi aňladýar.