Sungata siňen gaýalar
Petra Iordaniýa patyşalygynyň günorta-günbatarynda ýerleşýän gadymy şäherdir. Ol patyşalygyň paýtagty Ammandan 262 kilometr günortada ýerleşýär. Gadymy Petra şäheri dünýäniň 7 sany täsinlikleriniň biri bolup, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna hem degişlidir. Häzirki wagtda şäherde dürli görnüşli ýadygärlikleriň 800-den gowragy ýerleşýär.