"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Tyllaýy topragyň tolkuny bugdaý, Berekede beslär Balkany bugdaý

Galla — 2021 «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda welaýatymyzyň merdana gallaçylary kesewi dürtseň gögerýän, azabyňy gaýgyrmasaň, hasylyny bolluk bilen eçilýän sahawatly topragymyzdan 80 müň tonna guşgursak bugdaý ýygnap, uly zähmet ýeňşini gazanmagy maksat edinýärler. Olar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalarynyň, durmuşa geçirýän oba hojalyk özgertmeleriniň netijesinde ata-babalarymyzyň asylly daýhançylyk däplerini ösdürip, kämilleşdirip, mynasyp dowam etdirýärler. Milli Liderimiz bu gün ajaýyp döwran dolanan, paýhasly pederlerimiziň daban yzlary galan gadymy topragymyza eýeçilik gözi bilen garap, oňa jany-teni bilen hyzmat etjek hakyky ýer eýeleriniň ösüp ýetişmekleri, olaryň halal işläp, halal gazanmaklary, baýamaklary üçin ähli şertleri döredýär. Daban azaby bilen ene topragy gülledýän, ata Watanymyzyň bedew batly ösüşlerine saldamly goşant goşýan welaýatymyzyň zähmetsöýer daýhanlary indi ýeriň, suwuň hakyky eýeleri boldular. Bol hasyl ösdürip ýetişdirmekde oňat netije berýän peýdaly usullaryň ekerançylyga ornaşdyrylmagy, dünýäniň ösen, döwrebap oba hojalyk tehnikalarynyň hyzmatyndan başarnykly peýdalanylmagy, ekin meýdanlarynyň 99 ýyl möhlet bilen isleg bildirýän tejribesi ýetik daýhanlara berilmegi, ýokary netijeleri gazanmagy başarýan daýhan hojalyklarynyň döredilm

Orak möwsümi gyzgalaňly dowam edýär

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň gallaçylary bugdaý oragyna girişdiler Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda orak möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Toprak-howa şertlerine laýyklykda, Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynyň gallaçylary oraga 4-nji iýunda başlan bolsa, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary 11-nji iýunda girişdiler. Möwsümiň başlanmagyna hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly 2-nji iýunda geçirilen iş maslahatynda ak pata berdi.

Oba hojalyk habarlary

BUGDAÝ ORAGYNYŇ DEPGINI ÝOKARLANÝARHormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen, welaýatymyzda bugdaý oragyna girişilen gününden Gubadag etrabynyň gallaçylary hem «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýetişdirilen galla hasylyny çalt hem-de ýitgisiz ýygnap almak ugrundaky aladalara giň gerim berdiler. Bu babatda etrabyň «Gubadag» daýhan birleşiginde işleriň has hem ýokary depgine eýedigini bellemek bolar. Daýhan birleşiginde şu möwsümde orak geçirilmeli 780 gektar meýdanyň häzire çenli 200 gektara golaýynda bu iş talabalaýyk amala aşyryldy. Şonda birleşigiň ezber kärendeçilerinden Ýusup Saparow, Soltanmyrat Hudaýbergenow we beýlekiler her gektardan 40-41 sentnerden hasyl ýygnamagy başardylar.

Mukaddes topragyň berekedi

Dürli oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasatynyň möhüm ugrudyr. Bu ugurda soňky ýyllarda ýurdumyzda oba hojalygyny düýpli özgertmek, işjeň maýa goýum syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça uly üstünlikler gazanyldy. Häzir Türkmenistan dänäni, esasy azyk önümlerini öndürmekde gurply döwletleriň hataryna goşuldy. Şol önümleriň görnüşleri yzygiderli artyp, daşary ýurt önüm öndürijileriniň önümleri bilen üstünlikli bäsleşýär. Ine, şu ýyl hem edermen daýhanlarymyz ak bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirdiler.

Galla — 2021

Bol hasyl ýygnalýar Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda edermen gallaçylaryň yhlasly zähmeti netijesinde bugdaýyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek maksady bilen toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Kärendeçilere ýerden bol hasyl öndürmek, döredijilikli zähmet çekmek üçin döwlet tarapyndan gerek bolan ähli zerur kömek-goldawlar berilýär.

Gallaçylaryň zähmetine sarpa

Hormatly Prezidentimiz 4-nji iýunda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň ekin meýdanlarynda ýetişdirilen galla hasylynyň köpçülikleýin ýygnalyp başlanandygyna ünsi çekip, etraplaryň daýhan birleşikleriniň işini, oragyň alnyp barlyşyny ýerinde görmegi, daýhanlaryň iş şertleri bilen tanyşmagy we olara zerur bolan kömegi bermegi degişli ýolbaşçylara tabşyrdy. Şonuň bilen baglanyşykly, öňňin Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygyndan, deputatlaryndan, Halk Maslahatynyň agzalaryndan, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylaryndan ybarat topar welaýatymyzda iş saparynda bolup, daýhanlaryň iş-aladalary bilen ýerinde tanyşdy. AK BUGDAÝ. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň ýolbaşçylygyndaky toparyň welaýat boýunça iş sapary Ak bugdaý etrabyndan başlandy. Hormatly myhmanlar etrabyň daýhan birleşikleridir hojalyklarynyň birnäçesine baryp görmek bilen, kärendeçileriň işleriniň aýratynlyklary, ekin meýdanlarynyň ýagdaýy, ýetişdirilýän oba hojalyk ekinleriniň görnüşleri, hasyllylyk derejesi bilen gyzyklandylar, şeýle-de galla kabul ediş kärhanasynda işleriň guralyşy bilen tanyşdylar.

Ýüpekçilerimiziň mynasyp goşandy

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň uludan toýlanjak ýylynda eziz Diýarymyzyň ähli ugurlarynda guwandyryjy netijeler gazanylýar. Oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan üstünlikli işler bolsa rowaçlanýar. Bu pudakda işleriň sazlaşykly guralmagy, oba adamlarynyň yhlasly zähmet çekmegi gallaçylykda-da, pagtaçylykda-da, gök-bakjaçylykda-da, ýüpekçilikde-de, maldarçylykda-da ýokary görkezijileri gazanmaga we şanly ýyly ajaýyp üstünliklere beslemäge şert döredýär. Hormatly Prezidentimiziň 9-njy iýunda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda geçiren iş maslahatynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň üstünde durlup geçilmegi we onda ýurdumyzyň zähmetsöýer ýüpekçileriniň pile taýýarlamak babatdaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendigi baradaky hoş habaryň aýdylmagy ulus-ilimizde şatlyk-begenç duýgusyny döretdi. Bellenilişi ýaly, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň baýram edilýän ýylynda ýurdumyzyň ýüpekçileri Watan harmanyna 2 müň 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, şeýle ajaýyp üstünlige eýe boldular.

Suw hojalyk taslamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär

11-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna seredildi. Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzda suw üpjünçiligini gowulandyrmak, suw serişdelerini netijeli peýdalanmak we goşmaça suw gorlaryny döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

2 müň 100 tonna — edermen pileçilerimiziň üstünligi

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 9-njy iýunynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň iş maslahaty geçirildi. Onda ýurdumyzyň zähmetsöýer ýüpekçileriniň Watan harmanyna 2 müň 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri hakynda buýsançly habar berildi. Munuň özi döwletimizde ýüpekçilik pudagyny ösdürmek üçin döredilen şertleriň netijesidir. Milli Liderimiz hoş habary kanagatlanma bilen kabul edip, hemmeleri, şol sanda welaýat häkimlerini hem-de oba hojalyk toplumynyň ähli işgärlerini ýurdumyzda pile taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamanyň ýerine ýetirilip, ýokary hilli piläniň tabşyrylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Güneşi ýatladýan gyzgyn çöregimizde Günüň nury, ene mähri, Watan görki bar

Ata-babalarymyz nesillerimize «Ýeriň görki galla» diýen ýaly paýhasly sözleriniň üsti bilen haýsy ekine köpräk ähmiýet bermelidigini örän aýdyň düşündirip, bugdaýa «ekinleriň soltany» hökmünde garapdyrlar. Munuň şeýle bolandygyny gadymda galla ammarsyz öýüň bolmandygy hem aýyl-saýyl görkezýär. Galla tylla deňelipdir. Öýüň baýlygy-da, mertebesi-de gallasy bilen ölçelipdir. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, Türkmenistan şu günki günde hem bugdaýly, bereketli ýurda öwrüldi. Halkymyzda çörege mukaddeslik hökmünde garalýar. Bu mukaddeslik ýaşaýşyň sazlaşygyny düzýär. Ynha, biziň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebinden taýýarlan «Tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşligimize gatnaşanlar hem şular bilen baglanyşykly gürrüň etdiler.

Toýa sowgatly barýarys!

Serdar KAKAJANOW, Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň A.Kakabaýew adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi:

Ösümlik ýaglarynyň häsiýetleri

Ösümlik ýaglaryny almak üçin günebakar, raps, gara tmin, gowaça, soýa, künji ýaly ösümlikleriň çigitleri, palmanyň we zeýtunyň hasyly, şaly, bugdaý, mekgejöwen ýaly ösümlikleriň işlenen galyndylary, şeýle hem dürli görnüşli maňyzlar peýdalanylýar. Bu ýaglar degişli ösümligiň ady bilen atlandyrylýar. Mysal üçin, zeýtun ýagy, künji ýagy, mekgejöwen ýagy, pagta ýagy we başgalar. Olar fosfatidlere we E witaminler toparyna (tokoferollara) baýdyr. Bu ýaglar iýmit üçin hem-de derman, kosmetiki serişdeleri taýýarlamak üçin ulanylýar.

Galla oragy gyzyşýar

Parahat ýurtda, abadan durmuşda zähmet gaýnap joşýar. Biz muňa öz Watanymyzda — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda alnyp barylýan işleriň mysalynda aýdyň göz ýetirýäris. Ildeşlerimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak maksady bilen, halk hojalygynyň ähli pudaklarynda tutanýerli zähmet çekýärler. Olaryň yhlasly zähmeti ýerine-de düşýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen şygar astynda geçýän 2021-nji ýylda obasenagat toplumynda alnyp barylýan işler, gazanylýan üstünlikler munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýakynda ýurdumyzyň edermen pileçileri uly zähmet ýeňşini gazandylar. Olar pile taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamany üstünlikli ýerine ýetirdiler. Watan harmanyna 2 müň 100 tonnadan gowrak ýokary hilli pile tabşyryldy. Elbetde, bu uly üstünlik giň gerimli döwlet goldawy netijesinde gazanyldy.

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň gallaçylary bugdaý oragyna girişdiler

DAŞOGUZ, BALKAN, 11-nji iýun (TDH). Türkmenistanda orak möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Toprak-howa şertlerine laýyklykda, oraga 4-nji iýunda başlan Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň gallaçylarynyň yz ýany bilen, şu gün Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem bugdaý oragyna girişdiler. Möwsümiň başlanmagyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly 2-nji iýunda geçirilen iş maslahatynda ak pata berdi. Daşoguz hem-de Balkan welaýatlarynda oragyň başlanmagynyň öňüsyrasynda welaýat we etrap häkimlikleriniň wekilleriniň, tejribeli agronomlaryň, mehanizatorlaryň, kärendeçi gallaçylaryň gatnaşmagynda önümçilik-okuw maslahatlary geçirildi. Okuw maslahatlaryna gatnaşanlaryň üns merkezinde orak möwsüminde degişli derejede guramaçylygy üpjün etmek, galla oragyna gatnaşýan ähli düzümleriň işiniň takyk we sazlaşykly bolmagyny gazanmak meseleleri boldy.

Oba hojalygy — milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy

Watan harmanyna 2 müň 100 tonnadan gowrak pile tabşyryldy 9-njy iýunda hormatly Prezidentimiz obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýeriň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Gün tertibine ara alyp maslahatlaşmak üçin möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek meseleleri girizildi.

Pileçilerimiziň zähmet edermenligi

Taryhdan mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň sebitlerinde ýüpekçilik hem-de ýüpek matany dokamak bilen gadymy döwürden bäri meşgullanylyp gelinýär. Bu ugur Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hem mynasyp dowam etdirilýär. Muňa edermen ýüpekçilerimiziň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň baýram edilýän ýylynda Watan harmanyna 2 müň 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, öz üstlerine alan şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmekleri hem aýdyň şaýatlyk edýär. Obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýeriň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda 9-njy iýunda geçirilen iş maslahatynda milli Liderimize ýüpekçilerimiziň zähmet edermenligi hakdaky hoş habar aýdyldy. Döwlet Baştutanymyz hoş habary kanagatlanma bilen kabul edip, edermen pileçilerimiziň yhlas siňdirip, irginsiz çeken zähmetiniň netijesinde öndürilen piläniň bol hasylynyň bagtyýar durmuşda ýaşaýan agzybir halkymyzyň halal ojaklarynyň berekedidigini, ata-babalarymyzyň gadymy senetçiliginiň biri bolan ýüpekçiligiň mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň subutnamasydygyny belledi.

Pile taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnama ýerine ýetirildi

Türkmenistanyň Prezidenti möwsümleýin oba hojalyk meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi 9-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Welaýatymyzyň ýüpekçileriniň üstünligi

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolan ýüpekçiligi ösdürmek baradaky taýsyz tagallalarynyň netijesinde, dokma senagatymyz üçin gymmatly çig mal hasaplanylýan ak piläniň öndürilişini artdyrmaga ähli zerur şertler döredildi. Şeýlelikde, bu mümkinçiliklerden doly peýdalanyp, welaýatymyzyň ezber ýüpekçileri «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ýüpekçilik möwsüminde örän guwandyryjy üstünlikleri gazandylar. Olar göz öňünde tutulan 500 tonnanyň ornuna 505,8 tonna ýokary hilli piläni Watan harmanyna goşup, bu baradaky meýilnamany artygy bilen berjaý etdiler. Gazanylan zähmet ýeňşine welaýatymyzyň S.A.Nyýazow adyndaky, Gurbansoltan eje adyndaky, Görogly, Gubadag etraplarynyň ýüpekçileri has-da saldamly goşant goşdular. Şonda S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň ýüpekçileri 69, Gubadag etrabynyň «Gökçäge» daýhan birleşiginiň ýüpekçileri 18, Görogly etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň ýüpekçileri 13,5 tonna pile öndürip, ýadawsyz zähmetiň hakyky nusgasyny görkezdiler.

Bereket-bolçulygyň gözbaşy

Hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen, düýn welaýatymyzda bugdaý oragyna girişildi «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň bereketli galla hasylyny ýetişdirmek ugrundaky agzybirlikli zähmetiň guwandyryjy netijeleri bu gün giň meýdanlarda tolkun atyp oturan altyn başly bugdaý sümmülleriniň döredýän ajaýyp görnüşlerinden aýdyň mälim bolýar.

Daşoguzda bugdaý oragyna badalga berildi

Düýn Görogly etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginde gallaçy kärendeçi Bahargül Myradowanyň kärende ýeriniň daş-töweregi toý lybasyna beslendi. Bu ýerde hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen, Daşoguz welaýatynyň gallaçy kärendeçileriniň galla oragyna girişmeklerine bagyşlanan dabara guraldy. Galla meýdanynyň ýanynda ak öýler dikilip, toý gazanlary ataryldy. Bu ýerde türkmen toýuna mahsus tomaşalar, dürli sergiler guraldy. Welaýatyň sungat ussatlary özleriniň ýörite taýýarlan aýdym-sazlary bilen çykyş etdiler. Türgenler görkezme-sport çykyşlaryny guradylar.