"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Bugdaýyň bereketli hasyly

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen daýhanlarynyň päk zähmeti bilen ýetişdirilen, gözüňi dokundyrýan bugdaý meýdanlaryny synladygyňça kalbyň joşýar. Bereketli bugdaý hasyly ýetişen meýdanlar göýä Günüň nury siňen deýin altynsow öwsüp, deňiz kimin tolkun atýar. Bugdaý sümmülleriniň ygşyldysy aňyrsyna göz ýetmeýän türkmen sähralaryna ýaýylyp bereket-bolçulykdan habar berýär. Halkymyzda bugdaý öndürýän toprak keramat hasaplanylýar. Bugdaý ekýän halk dünýäde umumadamzat ýaşaýşyna bahasyna ýetip bolmajak genji-hazyna goşýan, belent mertebeli ykdysady taýdan ösen halk hökmünde tanalýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzda azyk bolçulygyny döretmäge gönükdirilen sahawatly işler, buýsançly çözgütler eşretli zamanamyzda halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrýar we ata Watanymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýýar. Eziz Diýarymyzda bugdaý gadymy döwürlerden bäri ekilip gelinýär. Şonuň üçin hem gallaçylyk, galla ekini babadaýhanlarymyzdan gelýän asylly ýörelgedir. Bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň döredýän giň mümkinçiligi esasynda gallaçylar bugdaýyň bol hasylyny ýygnaýarlar. Türkmen halkynyň ak bugdaýa, mukaddes çörege bolan hormat-sarpasy, gadyr gymmaty kalbynyň töründen gaýdýandyr. Türkmen maşgalasy öýüne myhman gelende öňi bilen desterhan ýazyp, duz-çörek hödür edýär. Şonuň üçin türkmen saçagyny bugdaý çöreksiz göz öňüne getirmek asla mümkin

Gyzgalaňly günüň goşa şatlygy

Galla — 2021 Gahryman Arkadagymyzyň ak patasy hem-de il sylagly ýaşulularyň «Bismillasy» bilen ýokary guramaçylykly ýagdaýda girişilen galla oragy welaýatymyzda gowşamaýan depginlerde alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň ählitaraplaýyn kömek-goldawlary, döredip berýän giň mümkinçilikleri kärendeçilere yhlas siňdirip ýetişdiren bol galla hasylyny isripsiz ýygnap, Watan harmanyna tabşyrmaga doly mümkinçilik berýär. Galla taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirmegi başarýan kärendeçileriň sany bolsa welaýatymyzda barha köpelýär.

Bugdaý orulsa

Aladaly, gyzgalaňly bu döwür,Meýdanda ýetişen bugdaý orulsa.Çörekden bol bolar saçakly böwür,Meýdanda ýetişen bugdaý orulsa. Gallaçy begensin alan hasylna,Harmanlar bezegdir tomus paslyna,Bolelinlik ýurtda türkmen nesline,Meýdanda ýetişen bugdaý orulsa.

Gowaçanyň täze sorty

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Umumy we amaly biologiýa instituty ylmyň biologiýa ugruny ösdürmek, tebigy baýlyklar bolan ösümlik we haýwanat dünýäsini düýpli öwrenmek üçin ýöriteleşdirilen ylmy edara bolup durýar. Ýurdumyzda ylmyň umumy biologiýa, öýjük biologiýasy, molekulýar biologiýa, genetika, biotehnologiýa, bioinženeriýa, bioinformatika, ekologiýa ugurlaryny ösdürmek, tebigy baýlyklar bolan ösümlikler, haýwanat we mikroorganizmler dünýäsini öwrenmek, olaryň biohimiki, fiziki-himiki, dermanlyk häsiýetlerini anyklamak, ösümlik hem haýwanat dünýäsini goramak we rejeli peýdalanmak, oba hojalyk ekinleriniň we mallaryň seçgi-tohumçylyk işini talabalaýyk alyp barmak, täze görnüşlerini döretmek boýunça düýpli hem-de amaly ylmy barlaglary geçirmek institutyň esasy maksadydyr.

Galla — halkyň baýlygy

Hormatly Prezidentimiz möwsümleýin oba hojalyk işleriniň meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi 14-nji iýunda milli Liderimiz sanly ulgam arkaly obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýeriň, Daşoguz welaýatynyň we etraplarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda galla oragynyň barşy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Topraga mähri siňen

Toprak hemişe sahylygyň we jomartlygyň nusgasyna deňelip gelnipdir. Bu toprak her bir sepen dänäňi müň edip gaýtarýar. Ene topragyň sahylygyna bil baglap, ömrüni daýhançylyga bagyşlan, «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medalyň eýesi bolan bu zähmetsöýer ynsanyň adyna Döwletgeldi Hallarow diýýärler. Ol Serdar etrabynyň Zaw obasynda ýaşaýar, «Goç» daýhan birleşiginde kärendeçi bolup zähmet çekýär. Oglanlykdan zähmete werziş bolan bu daýhan çärýek asyra golaý wagt bäri alyn derini döküp, toprakdan bol hasyl alýar.

Gyzgalaňly möwsümi üstünlikli geçirmegiň möhüm wezipeleri

14-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, Daşoguz welaýatynyň we etraplarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda galla oragynyň barşy ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe söz berdi. Wise-premýer häzirki döwürde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depgini, galla oragyny gysga möhletde we ýitgisiz geçirmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Sahawatly toprak bereket eçilýär

Şu günler mähriban Diýarymyzda möhüm oba hojalyk möwsümi — galla oragy üstünlikli dowam edýär. Edermen daýhanlarymyz şu ýyl ak bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirdiler. Bereketli hasyly çalt we ýitgisiz ýygnap almak bolsa esasy wezipeleriň biridir. Golaýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, Daşoguz welaýatynyň we etraplarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda galla oragynyň barşy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gawun siňeginden nähili goranmaly?

Tomus — bakja ekinleriniň köpçülikleýin ýetişýän pasly. Olaryň arasynda baldan datly türkmen gawunlary hem bar. Eýýäm bazarlarymyzda kyrkgünlükleriň, peýda bolup başlandygy siziň hem gözüňize ilendir. Gawunlaryň beýleki görnüşleri hem mundan beýläk assa-ýuwaşdan bişip, ýetişip başlaýar. Maglumatlara görä, ata-babalarymyz gawunlaryň 400-den gowrak görnüşini döredipdirler. Ussat bakjaçylarymyz bu görnüşleriň aglabasyny asyrlaryň dowamynda saklap galmagy we biziň günlerimize çenli ýetirmegi başarypdyrlar.

Ýürek sözi

ALADAŇYZ ÜÇIN SAG BOL, ARKADAG! Şu hepdäniň duşenbe güni hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatymyzyň we etraplaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda jogapkärli möwsüm bolan bugdaý oragynyň barşy bilen içgin gyzyklandy. Gahryman Arkadagymyzyň welaýatymyzda bu ugurda zähmet çekýän ildeşimiziň iş we durmuş şertleri bilen gyzyklanmagy hemmeleriň ruhuny belende göterip, göwünlerini has-da ganatlandyrdy.

Haýyrly işe badalga

Her gektar ýeriň düşewüntliligini artdyrmak, önüm öndürijileriň girdejilerini ýokarlandyrmak, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmäge goşant etmek häzirki döwrüň iň uly wezipeleriniň biri bolup durýar. Daýhan baýasa, döwlet baýaýar. Alym Arkadagymyz, irki ekinlerden hem-de galla hasylyndan boşan meýdanlara süýjülik ekin bolan gant şugundyryny, giçki gök ekinleri ekmegi maslahat berýär. Biziň der döküp, yhlas etseň, zer önýän bereketli topragymyz bar. Ýylyň-ýylyna bu toprakda edermen, janypkeş daýhanlarymyz ak bugdaýdyr “ak altynyň”, gökdür bakja, miwe önümleriniň bol hem datly hasylyny ösdürip ýetişdirýärler. Esasy ekinleriň hatarynda ekilip, ideg edilýän gant şugundyryndan bolsa “Maryşeker” kärhanasynda işlenilip, islegli önümler öndürilýär.

Gyzgalaňly dowam edýär

Halkymyz bugdaýa uly sarpa goýýar. Onuň bir dänesini hem yrýa etmän ýygnap, Watan harmanyna tabşyrýar. Şeýle etmek bilen ýurdumyzyň azyk bolçulygyna uly goşant goşulýar. Şeýlelikde, dükanlar we söwda nokatlary halkymyzyň islegli çörek we çörek önümleri bilen üpjün edilýär. Şu günler hem Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň orak möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlardan alyp berýän ýokary iş öndürijilikli, kuwwatly kombaýnlary tejribeli mehanizatorlara berkidilip, bugdaýly atyzlarda iş çalşygynda işledilip, kärendeçilere ýardamçy bolýarlar. Olar az salymyň içinde birnäçe gektar ýeri ýygmak bilen wagt tygşytlap, iş öndürijiligini artdyrýarlar. Kärendeçiler daýhanyň ygtybarly daýanjy bolan kuwwatly tehnikalary alyp berýän Gahryman Arkadagymyza alkyşly sözleri aýdýarlar.

Gowaça ideg edilýär

Gowaça ekişini gowy hilli geçiren pagtaçy kärendeçiler öz çeken zähmetiniň miwesini topragy nagyş bolup bezeýän gowaçalarda görýärler. Etrabymyzyň pagtaçy kärendeçileri üstümizdäki ýylda pagta hasyly üçin 22800 gektar ýere gowaça ekip kadaly gögeriş aldylar. Bereketli toprakdan rysgal tapýan babadaýhanlar gowaçalaryň, hatar aralarynyň topragyny ýumşatmak, olary ýerli we mineral dökünler bilen gurplandyrmak, ösüş suwuny tutmak işlerini gyzgalaňly alyp barýarlar. Gysga wagtda agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ýokary guramaçylykly geçirilýän bu işler «ak altynyň» bol hasylynyň girewidir. Pagtaçy daýhanyň rysgal-döwletini artdyrýan bu gymmatly önümi ýetişdirýänlere ene toprak egsilmez sahawat, guwandyryjy bereket eçilýär. Işiňiz ileri, edermen babadaýhanlar!

Daýhançylygy telekeçilik bilen utgaşdyranlar

Hakyt ýarym müň gektardan-da artyk ýere degerli hyzmat etmegi başarýan ýigitleri bu töwerekde daýhan doganlar diýip tanaýarlar. Ata-baba daýhançylykdan eklenen bu döwletli maşgala geçen ýylyň ahyryndan bäri telekeçi. Dogduk obalarynyň ekin çäginden 501 gektar ýeri uzak möhletleýin kärendesine alan batlaryna, ozalkylary ýaly galdawlyk bilen, 350 gektarda ur-tut bugdaý ekişini geçiren Gowşakowlar indi telekeçiligiň ilkinji hasylyny ýygnap ýörler. Durun obasyndan 20 — 22 kilometrlik gaýrada ýerleşen «Ýuha» diýilýän ýerde indi ymykly iş mekanyny tutunan doganlaryň 7-si hem häzir aýak üstünde, orak möwsümini tamamlap barýarlar. Gowşakowlaryň körpesi Hudaýnazar bilen biz Bäherdeniň etrap häkimliginden çykyşymyza, şäherden dik gaýralygyna ugrap, peseň çägelige direýän, ýaýylyp ýatan meýdana guşluk bolmanka bardyk.

Dary çuwal doldurar...

Ýurdumyzyň toprak-howa şertlerinde ýerden iki-üç hasyl almaga, şonuň netijesinde-de azyk önümleriniň bolçulygyny döretmäge giň mümkinçilik bar. Azyk garaşsyzlygyny pugtalandyrmakda aralyk ekinleriň ähmiýeti iňňän uludyr. Biz aralyk ekin bolan darynyň ösdürilip ýetişdirilişi, peýdalanylyşy barada gürrüň etmekçi. Alymlaryň kesgitlemelerine görä, darynyň watany Hytaý hasaplanýar. Arheologlar tarapyndan ol ýerde gazuw-agtaryş işleri geçirilende tapylan deliller darynyň biziň eýýamymyzdan öňki III müňýyllykda hem ekilendigini subut edýär. Dary artykmaç hyzmaty talap etmeýändigi, galyberse-de, adam üçin iýmitlik derejesiniň ýokarydygy bilen tapawutlanýar. Ol dünýäniň köp ýurtlarynda — Hytaýda, Ýewropa ýurtlarynda, Aziýada, Amerikada, Afrikada örän ýaýrawly bolup, ylmy maglumatlarda onuň 400-e golaý görnüşiniň ekin dolanyşygyna girizilendigi aýdylýar. Darynyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýurtlarynda sekiz görnüşi, ýurdumyzda dört görnüşi ekilýär. Tejribeli daýhanlaryň gürrüňlerine görä, idegine laýyklykda, sary dary 70 — 90, ak dary 60 — 90, gara dary 60 — 70 günde ýetişýär. Ata-babalarymyz gyzyl daryny-da ekipdirler. Ol 90 — 120 günde ýetişipdir, ýöne darynyň bu görnüşiniň tohumy wagtyň geçmegi bilen ýitirilipdir.

Yhlas üstünlige ýetirýär

Ýusup Bäşimow diňe bir Ak bugdaý etrabynda däl, onuň çäginden daşarda hem tejribeli oba hojalyk işgäri hökmünde tanalýar. Ol topragyň “dilini” tapýan, ykbalyny topraga baglan ynsanlaryň biri. Indi 45 ýyla golaý wagtdan bäri toprak bilen iş salşyp gelýän Ýusup aganyň bu ugurdan örän baý tejribesi bar. Hormatly Prezidentimiziň oba hojalygyny özgertmek bilen bagly kabul eden çözgütleri, şol sanda ýerleri raýatlara 99 ýyla çenli möhlet bilen peýdalanmaga bermek hakdaky degişli Karary gürrüňi edilýän daýhanyň ykbalyna oňyn täsirini ýetirdi. Ýusup aga şondan ugur alyp, daýhan hojalygyny döretdi, 99 ýyla çenli peýdalanmak maksady bilen sürümli ýerlerden 135 gektar meýdany aldy. Köp ýyllaryň dowamynda toplan baý tejribesine daýanyp, uzak möhletleýin peýdalanmaga alan ekerançylyk ýerlerine daýhan azabyny siňdirip, şol meýdanlarda gallanyň, gowaçanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirip gelýär.

Zähmetkeşleriň armasy ýetirildi

Şu günler Tejen etrabynda galla oragy gyzgalaňly dowam edýär. Üstümizdäki şanly ýylda 86 müň tonna ak bugdaýy ýygnap almagy maksat edinýän etrabyň edermen gallaçylaryny ajaýyp zähmet üstünligine ruhlandyrmakda jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guralýan höweslendiriş çäreleriň uly ähmiýeti bar. Etrabyň «Tejen» daýhan birleşiginiň meýdan düşelgesinde gallaçylaryň armasyny ýetirmek maksady bilen geçirilen aýdym-sazly dynç alyş dabarasy jogapkärli orak möwsümine gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri döretdi. Etrap häkimliginiň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda bolan dabarada saz-söhbede orun berildi. Onda çykyş edenler guşgursak ak bugdaýyň rysgal çeşmesidigini, saçagymyzyň berekedidigini, jogapkärli möwsümiň çalt we ýitgisiz alnyp barylmagynyň uly ähmiýetiniň bardygyny bellediler hem-de galla oragyna gatnaşyjylara iň oňat arzuwlaryny aýtdylar.

Azyk önümçiligi

Milli Liderimiziň tagallasy bilen Türkmenistan azyk bolçulygyny döretmäge işjeň gatnaşýan döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýär. Ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň ähli düzümleri döwrebap ösdürilýär. Oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak üçin ekerançylarymyza ähli şertler döredilýär. Ýokary hilli tohumlar, dökünleriň dürli görnüşleri, häzirki zaman oba hojalyk tehnikasy, suw we beýleki zerur serişdeler bilen doly üpjün edilýär. Agrosenagat toplumynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga we ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa oba hojalyk önümlerini artdyrmaga ýardam etmäge gönükdirilen tagallalar öz netijelerini hem berýär. Sahy toprakda gök we bakja önümlerini öndürmek üçin ekin meýdanlarynyň giňeldilmegi we bejerilmegi ýurtda azyk önümleriniň bolçulygyny döretmäge ýardam berýär. Ýurduň maldarçylyk pudagynda hem giň özgertmeler alnyp barylýar. Gara mallaryň we dowarlaryň, düýeleriň we guşlaryň baş sanyny köpeltmäge, et we süýt önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak boýunça anyk çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan goldamak boýunça şertler döredilýär. Daýhan hojalyklary, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetleri, kärendeçiler, oba-hojalyk ylmy-barlag institutlary bu ugur boýunça ýeňillikli bank karzlaryny alyp bilýärler. Bu karz serişdeleri maldarçylygy we guşçulygy, oba hojalyk önümlerini öndürmek we gaýtadan işlemek hem-

Galla oragy — gyzgalaňly möwsüm

Ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Rysgal-berekediň gözbaşy ak bugdaýyň mekany bolan eziz Diýarymyzda her ýyl galla öndürmek babatynda-da uly üstünlikler gazanylýar. Türkmenistan özüniň sarp edýän gallasyny özünde öndürýän ýurtdur. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň halkyň parahat hem-de eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan beýik işleriniň aýdyň netijesidir. Türkmen babadaýhanlaryna ene toprakdan bol hasyl öndürmek üçin giň şertleriň döredilendigini buýsanç bilen bellemek isleýäris. Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagy döwrebap tehnikalar bilen doly üpjün edildi. «Daýhan mert — ýer jomart» diýlişi ýaly, ene toprakdan bol hasyl almak üçin yhlasly zähmet hem, harajat hem birjik-de gaýgyrylmaýar. Eziz Diýarymyzyň giň galla meýdanlaryny synlanyňda buýsançly başyň göge ýetýär. Ýurdumyzyň bäş welaýatynda-da galla oragy gyzgalaňly dowam edýär. Döwrebap kombaýnlaryň isripsiz ýygnaýan altyn däneleri — galla hasyly ýük awtoulaglarynyň uzyn kerweni bilen Watan harmanlaryna daşalýar. Şeýle tutanýerli hem-de sazlaşykly zähmet bilen halkyň eşretli-bolçulykly ýaşaýşy üpjün edilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti möwsümleýin oba hojalyk işleriniň meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 14-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, Daşoguz welaýatynyň we etraplarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda galla oragynyň barşy ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe söz berdi. Wise-premýer häzirki döwürde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depgini, galla oragyny gysga möhletde we ýitgisiz geçirmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.