Welaýatymyzda galla oragy gyzgalaňly barýar
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň galla oragyna badalga berilmeginiň ilkinji gününden başlap, «uly iliň soltany», saçaklaryň bezegi, berekediň gözbaşy hasaplanýan guşgursak bugdaýyň ýüzlerçe tonnasy harmanlara düşüp başlady. Bugdaý oragynyň gyzgalaňly dowam edýän häzirki günlerinde Köneürgenç etrabynyň «Maslahat» daýhan birleşiginde bolanymyzda, saçaklarymyza mele-myssyk çörek bolup doljak altynbaş bugdaýlary ýitgisiz ýygnap almak boýunça gaýratly zähmet çekýän gallaçy babadaýhanlarymyzyň, olaryň ýakyn ýardamçylary bolan mehanizatorlaryň, sürüjileriň, oba hojalyk hünärmenleriniň sazlaşykly zähmetleriniň joş urýandygynyň şaýady bolduk. Bu daýhan birleşigi etrapda oba hojalygynyň ähli ugurlary boýunça ýylyň-ýylyna guwandyryjy netijeleri gazanýan hojalyklaryň biri hasaplanýar. Hojalygyň aladaçyl gallaçylary geçen güýzde 1060 gektar meýdanda irki möhletde bugdaý ekişini geçirip, onuň idegini agrotehnikanyň talaplaryna laýyk ýerine ýetirdiler. Olaryň çeken yhlasly zähmetleriniň ýerine düşendigine Günüň bolluk bilen eçilýän nuruna çakyşyp, adaja şemala dok başlaryny çalaja yrap oturan bereketli bugdaýlara nazar aýlanyňda-da, oragyň ilkinji günlerinden başlap harmanhana baryp düşýän bugdaý tonnalary bilen tanyş bolanyňda-da göz ýetirmek bolýar. Ynha, etrabyň tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň tejribeli mehanizatorlary Altymyrat Garlyýew hem-de Meretgeldi Seýi