Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda kerwenler uzak ýola rowana bolanda, şol döwürleriň ulag serişdesi hökmünde ulanylan mallaryň içinde Hydyr gören hasaplanylýan düýe maly buýsanç bilen wasp edilýär.
Düýe dürli işlerde ulanylmaga bolan ukyby, adamyň erkine ýeňil tabyn bolmagy, ýolsuz-ýodasyz, suwsuz, gazaply ýollara çydamlylygy, aýratyn idegi talap etmeýän, mallaryň iň güýçlüsi we az iýýän, oňňut etmäge ukyply ulag we iş maly hökmünde türkmeniň ykrar eden malydyr. Magtymguly Pyragynyň «Jan içinde» atly goşgusynda düýe şeýle taryp edilýär: