Türkmen ýüpekçileriniň bu günki gazanan zähmet ýeňşi halkymyzy diýseň begendirdi. Aklygy ýüzüne sylýan halkymyz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji hasylynyň aklykdan başlamagyny bereketden nyşan hasaplaýar. Ýurdumyzda örän irki döwürlerden bäri ýöredilip, ösdürilip gelinýän ýüpekçilik pudagy täze, belent derejelere göterildi. Şu ýylky öndürilen 2 müň 100 tonnadan gowrak çig pile hereket edýän we çig piläni işläp önüm öndürýän kärhanalaryň esasy çig mal gory bolup durýar. Olaryň arasynda Türkmenabat şäherindäki ýüpek önümçilik birleşigi iň ulusy hasaplanýar. Bu kärhananyň durkuny täzelemek işleri geçirilenden soňra onuň önümçilik kuwwaty has-da artdy. Netijede, Lebap welaýaty tutuş ýurt boýunça öndürilýän piläniň ýarysyna golaýyny öndürmegi-de öz üstüne aldy. Bu ýyl hem lebaply ýüpekçiler özüniň asylly däbine wepaly bolmak bilen, 1 müň 10 tonnadan gowrak ýokary hilli piläni Watanyň uly çäjine goşdy.
Ýeri gelende bellesek, welaýatyň gündogar etraplary ýüpekçilik pudagynda has-da ýokary netijelere eýe bolýar. Şu ýyl hem Kerki etrabynyň ýüpekçileri ýurdumyzda ilkinji bolup, Watana pile tabşyryp başlady. Olaryň göreldesine eýerýän Köýtendag, Halaç, Hojambaz we Döwletli etraplarynyň ýüpekçileri-de öz üstüne alan borçnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Halaç etrabynyň J.Mähremow adyndaky daýhan birleşiginiň ýüpekçilik boýunça hünärmeni Döwrangeldi Mähmedow jemi 168 ýüpekçä ýolbaşçylyk etmek bilen, olaryň ählisiniň-de idedýän ýüpek gurçugynyň ýokary hilli pile saramagyny gazandy. Onuň özi-de maşgalasy bilen 71 kilogram piläni uly harmana goşdy. Kerki etrabyndan Ogulsabyr Pygamowa, Döwletli etrabyndan Gülbadam Çöliýewa, Hojambaz etrabyndan Aýna Hojagulyýewa, Halaç etrabyndan Ogulsenem Agamyradowa ýaly ussat ýüpekçileriň atlary mydama öňdebaryjylaryň hatarynda agzalýar.