Başarjaň bagban

9 Iýun 2021
1202

Obadaşlarynyň salgy berýän «guýuly öýüni» ahyry tapdyk. Şeýle diýmezçe-de däl, Atajanyň öýüni kimden sorasak, «Pylan köçede guýuly öýdür» diýip salgy berdi. Asyl, bu ýönelige däl eken. Guýy köçedäki beýleki hojalyklarda-da bardyr welin, Atajanlaryň guýusy edil ýoluň gyrasynda gazylypdyr. Gör, ol näçe ýyldan bäri bu köçeden geçýänlere bal ýaly, buz ýaly suwuň çeşmesi bolup hyzmat edendir. «Guýuly öýden» çykan pälwansypat ýigidi hem alyp, onuň üzümçilik bagyna sary ýola düşdük...

Atajan Mamedow Saýadyň Çaltut geňeşliginiň ýaşaýjysy. Mundan 10-12 ýyl çemesi ozal Ukrainanyň Harkow şäherinde ýokary bilim alyp gelen hem bolsa, kakasy Hemra aganyň ýoluna eýerip, ol rysgyny oba hojalygyndan gözledi. Bu gün mal-garasy hem ep-esli bolup giden Atajan mundan 20-25 ýyl çemesi ozal kakasyna berkidilen 1 gektar üzüm bagyna hem eýeçilik gözi bilen seredýär.

Agageldi ITALMAZOW,
ýörite habarçymyz.