Kaka etrabynyň «Ýaz meýdan» daýhan hojalygy ýurdumyzda ilkinjileriň hatarynda gallaçylykda ajaýyp zähmet üstünligine eýe boldy. Guramaçy ýigit Arslan Nuryýew tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän agzalan daýhan hojalygynyň gazanan üstünligi yhlas bilen çekilen päk zähmetiň miwesidir.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda tarp ýerleriň özleşdirilişine, topragyň hasyllylygynyň ýokarlandyrylmagyna, melioratiw ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna, suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyna, tohumçylygyň ösdürilmegine, şeýle-de pudagyň düzümleriniň tehniki taýdan döwrebaplaşdyrylmagyna berilýän üns-alada oba hojalygyny ösüşiň täze belentliklerine çykarmakda uly ähmiýete eýe bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň bu ugurdaky tagallalary oba hojalygyny ylmy esasda ösdürmek, ony düşewüntli pudaga öwürmek, ýurdumyzda bereket-bolçulygyny pugtalandyrmak bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Muňa oňat düşünýän ýer eýeleri bu gün oba hojalygynda amala aşyrylýan özgertmelerden ruhlanyp, sahawatly toprakdan gowaçanyň, dänäniň we beýleki ekinleriň bol hasylyny ýetişdirmek ugrunda yhlasly zähmet çekýärler.