Tejen etrabynyň gallaçylary oba hojalygyndaky jogapkärli orak möwsümine guramaçylykly girişdiler. Galla oragyny çalt we ýokary hilli geçirmek, oba hojalygyndaky bu jogapkärli işiň depginini ýokarlandyrmak, möwsüme gatnaşyjy kombaýnçylary, awtoulag sürüjilerini we kärendeçileri höweslendirmek maksady bilen, etrapda ongünlük zähmet bäsleşikleri yglan edildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi hem-de etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary tarapyndan möwsüme gatnaşyjylaryň arasynda geçirilýän zähmet bäsleşikleri öňdebaryjylary saýlamakda möhüm ähmiýete eýedir.
Etrabyň gallaçylary şanly ýylymyzda guşgursak ak bugdaýyň bol hasyly ýetişdirdiler. Häzirki wagtda galla meýdanlarynda däne oragy gyzgalaňly dowam edýär. Bu işde etrabyň Tehniki hyzmat ediş kärhanalarynyň däne orujy kombaýnlaryna erk edýän mehanizatorlar, hasyly kabul ediş nokatlaryna daşaýan awtoulag sürüjileri yhlas bilen gatnaşýarlar. Özboluşly zähmet bäsleşikleri bolsa, olary has-da tutanýerli we ruhubelent işlemäge itergi berýär. Bäsleşigiň jemini her on günde jemläp, ýeňijileri iş üstünde, şeýle-de gysga wagtlyk arakesmede meýdan düşelgelerinde guralýan dabaralarda sylaglamak göz öňüne tutulýar.