Ýurdumyzda oba hojalygyny galkyndyrmak, oba senagat toplumyny özgertmek baradaky belent maksatlar rowaçlanýar, ýer eýelerine topraga göwnejaý hyzmat etmek we bol hasyly öndürmek babatynda ähli mümkinçilikler döredilýär. Munuň özi oba zähmetkeşlerini zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzda däneli, kösükli däneli we ot-iýmlik ekinleri ekmäge uly üns berilýär. Şonuň bilen baglanyşykly, kösükli däneli ekinleriň ylmy esasda ekiliş usullaryny, tohum kadalaryny öwrenmek, olardan ýokary hilli azyklyk we ot-iýmlik, düzüminde birnäçe ekologiki taýdan arassa biologiki işjeň maddalary saklaýan önümleri almak, topragy gurplandyrmak agrosenagat ulgamynyň örän wajyp meseleleriniň biridir. Kösükli däneli ekinleriň ýapragy, baldagy mallara ot-iým bolup hyzmat edýär.