Ata-babalarymyz: «Gallam bar — tyllam bar» diýipdirler. Şoňa görä, galla bolçulygy rysgal-berekediň, döwletliligiň nyşany hasaplanýar. Edermen gallaçylarymyzyň yhlasly zähmeti netijesinde şu ýyl hem ýurdumyzyň welaýatlarynda bugdaýyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda 4-nji iýunda galla oragyna badalga berildi. Döwlet Baştutanymyzyň ak pata bermeginde Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň babadaýhanlary galla oragyna girişdiler. Balkan we Daşoguz welaýatynyň gallaçylary bolsa olara 11-nji iýunda goşular.