Harmanyňa bereket, gallaçy!

6 Iýun 2021
1308

Hormatly Prezidentimiz 2-nji iýunda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynyň barşynda edermen gallaçylaryň yhlasly zähmeti netijesinde, şu ýyl ýurdumyzyň welaýatlarynda bugdaýyň bol hasylynyň ösdürilip ýetişdirilendigini, galla oragy möwsüminiň ýakynlaşyp gelýändigini, şeýle-de galla hasylyny ýitgisiz ýygnap almak we halkymyzy azyk önümleri bilen doly üpjün etmek üçin azyk bolçulygyny pugtalandyrmagyň möhümdigini aýdyp, ýurdumyzyň Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynda 4-nji iýunda, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa, 11-nji iýunda ýaşulularyň gatnaşmagynda galla oragyna «Bismilla» bilen başlamaga ak pata berdi.

Gadymy Ahal ýaýlasy ak bugdaýyň asyl mekany. Bu bereketli ýaýlanyň janypkeş oba zähmetkeşleri ata-babalarymyzdan gelýän daýhançylyk däplerini häzirki zaman ylmynyň gazananlary bilen utgaşdyryp, sahabatly toprakda ýylyň-ýylyna guşgursak dänäniň bereketli hasylyny kemala getirýärler. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň uludan toýlanjak ýylynda hem edermen babadaýhanlaryň irginsiz zähmeti netijesinde ak bugdaýyň boldumly hasyly ýetişdirildi. Geçen hepdäniň anna güni welaýatymyzyň edermen daýhanlary galla oragyna dabaraly ýagdaýda girişdiler. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryşy ýaly, bu jogapkärli möwsüme il içinde uly sylagdan peýdalanýan dili senaly ýaşulularyň «Bismillasy» bilen başlanmagy şol günki zähmet baýramçylygynyň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Aýdo ŞEKEROW,
ýörite habarçymyz. SURATLARDA: galla oragyna ak pata beriş dabarasyndan pursatlar. Surata düşürenler Meretdurdy ROZYÝEW, Begençmyrat ATAÝEW.