Işleri ileri daýhan hojalygy

6 Iýun 2021
1333

Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň çäginde ýerleşýän «Nusgawy meýdan» daýhan hojalygynyň işgärleri oba hojalyk önümlerini öndürmekde we bellenilen şertnamalaýyn meýilnamalaryny üstünlikli berjaý etmekde ýylyň-ýylyna guwandyryjy netijeler gazanyp gelýärler. Daýhan hojalygyna tejribeli oba hojalyk işgäri Azatgeldi Baýjanow ýolbaşçylyk edýär.

Häzirki wagtda 20-ä golaý işgäri bolan bu daýhan hojalygynyň ekin meýdanynyň 2000-den gowrak gektaryna oba hojalyk ekinleri ekilip, daýhanlar tarapyndan bol hasyl ösdürilip ýetişdirilýär. Hojalygyň ekin meýdanynyň 2000 gektarynda ekilen ak bugdaýyň şu ýyl bol hasyly kemala getirildi. Şeýle hem ekin meýdanynyň 17 gektaryna ýeralma, 25 gektaryna sogan, 200 gektaryna ýorunja we 10 gektaryna pomidor, 600 gektaryna pagta, 10 gektaryna gawun-garpyz ekilen ýerlerden bol hasyla garaşylýar.

Saparmyrat HAKMYRADOW,
öz habarçymyz.