Fransiýanyň «Ynsect» kompaniýasy Amýen şäherinde dünýäde iň uly mör-möjek kärhanasynyň gurluşygyna girişdi. Bu ýerde her ýyl 200 müň tonna mör-möjek ýetişdiriler. Olar oba hojalyk pudagy üçin peýdaly mör-möjeklerdir.
Täze önümçiligiň üçden bir bölegi suw we oba hojalygynda, galan bölegi bolsa dökün önümçiliginde ulanylar. Gurluşyk şu ýylyň ahyrynda tamamlanar.