Welaýatymyzda galla oragyna guramaçylykly girişildi

4 Iýun 2021
1196

Halkym yhlasyndan tapýar kemaly, ýaşaýşyň dowamat — dowamy, bugdaý!

Oba hojalyk ekinleriniň iň gadymylarynyň we esasylarynyň biri ak bugdaý, bereketli topragymyzda has irki döwürlerden bäri ösdürilip ýetişdirilýär. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda ak bugdaýyň mekany hasaplanylýan Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde jepakeş ilimiziň zähmeti bilen ak bugdaýyň bol hasyly ýetişdirildi. Ýetişdirilen galla hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnap almak, oragy guramaçylykly we netijeli geçirmek şu günki günüň wajyp we möhüm meselesidir.