Oba hojalyk habarlary

19 Maý 2021
1311

ÝÜPEK GURÇUKLARY KADALY ÖSÝÄR
Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň pileçi kärendeçileri «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň häzirki dowam edýän ýüpekçilik möwsüminde 80 tonna ýokary hilli piläni döwlete satmagy maksat edinip, bu ugurda derwaýys çäreleri amala aşyrýarlar. Olar ýüpek gurçuklaryny wagtly-wagtynda tut ýapraklary bilen iýmitlendirmäge, arassa saklamaga aýratyn üns berýärler. Etrapda tejribeli pileçi hökmünde tanalýan Nurýagdy Haýdarow, Atabaý Gurbanbaýew, Geldimyrat Çaryýew, Maýa Rejepowa dagynyň bu işde köplere görelde bolýandyklaryny bellemek bolýar. Piläniň bereketli hasylyny kemala getirmek ugrundaky işler N.Andalyp adyndaky, «Täze durmuş» daýhan birleşiklerinde has oňat guralýar.
Jelaleddin NASYRALLAÝEW,
TMÝG-niň Gurbansoltan eje adyndaky etrap geňeşiniň başlygy.

* * *