«Ýagmyr ýagdyr, Soltanym!»

16 Maý 2021
1441

Pähimdar pederlerimiz müňýyllyklardan aşyp gelýän milli ýörelgelere we däp-dessurlara, yrymlara berk ynanypdyrlar. Zerurlyk ýüze çykanda, olary ulanmagy hem başarypdyrlar. Şeýle däp-dessurlaryň, yrymlaryň biri-de, ygalyň az düşýän ýerlerinde ýagyn ýagmagy dileg edilip, Burkut babanyň ýoluna sadaka berilmegidir.

1965-nji ýylyň güýz paslynyň ilkinji aýynyň başlarydy. Şol ýyl biziň sebitimize ygal az düşdi. Tomusda ýagan ýagyşlar siňňitli we dowamly bolmansoň, guýularyň suwy hem çekilip barýardy. Suw ýetmezçiligi düýeler, dowarlar suwa ýakylanda has-da ýiti duýulýardy. Gün ýaşyp örüden gelýän dowar sürülerini suwa ýakmak hyllallady. Käte guýularyň içine ýetginjek oglanlaryň birini sallap, jürdek bilen gowany doldurmaly bolýardy. Ir säherden Gün ýaşýança guýularyň başynda suwsan goýunlaryň mäleşýän, düýeleriň bozlaşýan sesleri çopanlaryň dowarlary suwdan gandyrmak üçin «gurryýt-gurryýt» diýip, telim gezek gaýtalanýan sesleri bilen gabatlaşyp, özboluşly ýaň berýärdi.

Hojabek ÝAGŞYÝEW,
Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjysy.