Wageningen uniwersitetiniň Entomologiýa barlaghanasynyň we «lnsectSense» startapynyň alymlary Tuluzadaky (Fransiýa) Pol Sabatier uniwersitetinde işleýän kärdeşleriniň goldawy bilen, arylara koronowirus ýokanjyny ys arkaly saýgarmagy öwretdiler. Bu barada «agroxxi.ru» habar berýär.
Tejribe işleri Pawlow usuly boýunça geçirildi. Onuň dowamynda her gezek ýokanjyň ysyny saýgaranda, arylar şeker bilen sylaglanyldy.