«Garybymdan» başlanan ýol

2 Aprel 2021
1507

Türkmen opera sungatynyň pajarlap ösmegine ägirt uly goşant goşan Maýa Kulyýewa bilbil owazy bilen halkymyzyň ruhy dünýäsini belende göterdi. Ussat aýdymçy «Zöhre-Tahyr», «Leýli-Mejnun», «Şasenem-Garyp», «Abadan», «Aýna» ýaly operalarda baş gahrymanlaryň keşplerini ýatda galyjy we ynandyryjy janlandyrmagy başaryp, tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy. Ol ýaşlaryň ukyp-başarnygyny ýüze çykaryp, özi ýaly tanymal sungat ussady bolup ýetişmegi barada alada etdi. Ýaşlar bilen geçirilýän döredijilik duşuşyklarynda ol milli sungatymyzyň ösmegine saldamly goşant goşan halypalar, olaryň bu ugurda bitiren hyzmatlary barada gürrüň bererdi.

2012-nji ýylda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda «Zöhre-Tahyr» operasy görkezildi. Maýa Kulyýewa bu opera tomaşaçy hökmünde gatnaşyp, ýaş artistleriň çykyşyny synlady. Ussat halypa opera tamamlanandan soň, özünde galan täsirler barada gürrüň berdi. Şol duşuşyga gatnaşmak, ussat halypa bilen ýakyndan tanyşmak bagtyna eýe bolanymy ömrümiň iň bir ajaýyp pursady hökmünde ýatlaýaryn.

Seýitmuhammet SEÝITMUHAMMEDOW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.