Ýurdumyzyň milli aýdym-saz sungatynyň ajaýyp owazyndan ylham alýan zehinleriň kalbynda belent joşgun bar. Şol joşgundan döreýän aýdym-saz eserleri bilen ýaşlarymyz halkara derejesindäki bäsleşiklere yzygiderli gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Orkestr saz gurallary» fakultetiniň skripka hünäriniň 2-nji ýyl talyby Jemal Agajanowa Fransiýa Respublikasynyň Nissa şäherinde professional sazandalaryň arasynda onlaýn arkaly geçirilen halkara bäsleşikde 2-nji orna mynasyp boldy.
Bu halkara medeni çärä 30 döwletden — Italiýa, Germaniýa, Fransiýa, Polşa, Bolgariýa, Sloweniýa, Ukraina, Russiýa, Türkiýe, Hytaý, ABŞ ýaly başga-da birnäçe döwletlerden ussat aýdymçylardyr sazandalar, tansçylar we artistler gatnaşdylar. Türkmen ýaşlarynyň daşary döwletlerde geçirilýän halkara bäsleşiklere, festiwallara gatnaşmaklary olary täze döredijilik gözleglerine ataryp, dürli halklaryň sungat ussatlary bilen aýdym-saz sungaty arkaly dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge uly ýardam edýär.