Arkadagyň sahawaty — nusgalyk

31 Mart 2021
1282

Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz 29-njy martda geçiren Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisiniň ikinji bölegini howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek bilen bagly meselelere bagyşlady. Şonuň esasynda-da, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Magtymguly atamyzyň: «Ýetimi göreňde, güler ýüz bergil» diýen paýhasly setirini arşa göterip, eziz Arkadagymyz täze döredilen bu gazna öz gazanjyndan ilkinji bolup serişde goýýandygyny aýtdy. Munuň özi dünýä nusgalyk ýurdumyzda ynsanperwerlik, bir-birege goldaw etmek ýörelgelerine eýerilýändigini ýene bir gezek aýan etdi.

Hawa, adam özüne nähili günleriň garaşýandygyny asla bilip bilmeýär. Şonuň üçinem, oňa ykbal diýilýär we gat-gat kitaplarda-da, terjimehallarda-da ol ykbalyň saýlanyp alynmaýandygy nygtalýar. Biz durmuşda ykbalyň hut saýlanyp alynmaýandygy üçin, syrkawlyk, ýol heläkçiligi ýaly sebäplere görä, nebir çagalaryň ene-atasyz galaýýandygyna durmuşda az duşmaýarys. Ol wakalaryň ählisi ýüregiňde çuňňur gynanjy oýarýar. Şeýle ýagdaýda dünýäňi, ilki bilen, «Olaryň indiki ykbaly, durmuşy nähili bolarka?» diýen ýaly pikirler gurşap alýar. Bu agyr pikirleriň yzýany bilenem eýýäm rahatlyk tapýarsyň. Çünki Gahryman Arkadagly ýurdumyzda olaryň her biri hossarly. Saý-sebäp bilen ene-atasyndan mahrum bolan çagalaryň terbiýelenýän we hossarlyk edilýän bilim-terbiýeçilik edarasy bolan «Döwletliler köşgi» bar. Şeýle hem, ýurdumyzda çagalar üçin ençeme köşkler, çagalar öýleri, mekdep-internatlar we döwrebap binalar gurulýar. Mähriban Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, ata-babalarymyz il bilen bolmak, bir-birege kömek etmek, dertliniň derdini, begeneniň şatlygyny paýlaşmak ýörelgelerini berk ýola goýupdyrlar. Ýetim-ýesiri goldap, olaryň özlerini hossarly ýaly duýmaklary üçin ähli şertleri döredipdirler. Eger-de, obada bir maşgala ene-atasyz galaýsa, olara ellerinden gelen kömegi edipdirler. Bu günki günde bolsa hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, howandarlyga mätäç çagalara hemaýat etmek maksady bilen, haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi şol asylly ýörelgeleriň dowam edýändigini doly aýan edýär.

Ogultäç ORAZTAGANOWA,
«Watan».