Hormatly Prezidentimiz: «Geljegimiz bolan ýaşlar giň aň-düşünjesi, ylmy-bilimi, eziz Diýarymyza we mähriban halkymyza egsilmez söýgüsi hem-de buýsanjy bilen ata Watanymyzy gülledip ösdürmek ugrunda alyp barýan beýik işlerimize öz mynasyp goşantlaryny goşmalydyr» diýip belleýär. Bu parasatly jümleleri ýol-ýörelge edinýän ýaşlarymyz halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklerde yzygiderli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolup gelýärler.
Şeýle halkara bäsleşikleriň biri-de golaýda ilkinji gezek onlaýn görnüşinde Fransiýa döwletiniň Nissa şäherinde Associazione Culture «Melos» diýen at bilen, dünýäniň 30-dan gowrak döwletinden ýaş sazandalaryň gatnaşmagynda geçirildi. Bu bäsleşige Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň orkestr fakultetiniň kirişli saz gurallary kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby Jemal Agajanowa gatnaşyp, 2-nji orna mynasyp boldy.