Baýramçylyk bäsleşigi
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň hatarynda harby gullugy geçýän zenan harby gullukçylaryň ata Watanymyza, milli medeni mirasymyza, sungatymyza, däp-dessurlarymyza bolan söýgülerini, türkmen zenanlaryna mahsus edep-ekramlylyk, mähir-mylakatlylyk häsiýetlerini we döredijilik başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen, Halkara zenanlar güni mynasybetli zenan harby gullukçylaryň arasynda «Merdanalygyň nusgasy siz, zenanlar!» atly bäsleşigi geçirildi. Zenan harby gullukçylar bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda 5 şert boýunça öz aralarynda bäsleşdiler. Bäsleşigiň birinji şerti, saýlap alan käriniň wajyplygyny, öňünde goýan maksatlaryny, milli-ruhy gymmatlyklarymyza bolan söýgüsini çeper wasp etmek. Ikinji şertinde bolsa, zenanlar özleriniň sungata, döredijilige bolan ukyplaryny görkezip, türkmen zenanyna mahsus bolan edep-ekram, abraý-mertebe barada goşgyny ýerine ýetirmek. Bäsleşigiň üçünji şertinde taryhda öçmejek yz galdyran, gahrymançylyk görkezen zenanlaryň keşbini janlandyrmak. Dördünji şert bolsa, ata-babalarymyzyň «El hünäri il gezer» diýen nakylyndan ugur alyp, gadymdan gelýän çeper el işlerinden öz başarjaňlygyny görkezmek. Jemleýji bäşinji şert bolsa «Bereketli türkmen saçagy» atly kitapdan ugur alyp, unaş kesmek.