Türkmen halkynyň parahatçylykly, döwletli ýoly
Her bir döwletiň, halkyň taryhynda has täsirli, möhüm ähmiýetli, şanly seneleri bolýar. Türkmen halky üçin şeýle naýbaşy seneleriň biri-de, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrydyr. Şol gün Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ykrar edildi. BMG-niň taryhynda-da şu mazmunly Rezolýusiýa ilkinji gezek kabul edildi. Bu taryhy waka halkymyzyň has irki döwürlerde durmuşa ornaşdyran ynsanperwer adat-däpleriniň halkara resminamada öz beýanyny tapandygyny alamatlandyrdy. Döwletimiziň Garaşsyzlyk ýoly bilen galkynyş, parahatçylyk arkaly ösüş ganatyny goşalandyrdy. Şanly sene türkmen jemgyýetiniň ata-baba dowam edip gelýän belent adamkärçilik, agzybirlik, dostluk, duýgudaşlyk, raýdaşlyk ýaly bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklaryna ygrarlydygyny dabaralandyrdy. Danalarymyzyň milletara gatnaşyklarda ylalaşykly, açyk göwünli bolmak, ynsan mertebesini hormatlamak, birek-birege ynanyşmak we goldaw bermek hakynda il-ulsuna miras goýan wesýetleriniň umumadamzat bähbitlidigini dünýä ýaýdy. Buýsançly gün ýagşy niýetli watandaşlarymyzy parasatly akyl-paýhasy, hoşmeýilli erk-islegi, joşgunly döredijiligi, yhlasly zähmeti bilen Zemin asudalygynyň hatyrasyna mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrdy. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Rezolýusiýany ikinji gezek kabul edendigi aýd