"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Bitaraplyk — bagtyýarlyk

«7/24. tm» № 49 (184) 04.12.2023 BMG bi­len hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek Wa­ta­ny­my­zyň oňyn Bi­ta­rap­lyk, pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk hem-de ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň baş­tu­tan­ly­gyn­da Wa­ta­ny­myz saý­lap alan dö­re­di­ji­lik­li da­şa­ry sy­ýa­sy ug­ry bi­len öňe git­me­gi­ni do­wam ed­ýär. Türk­me­nis­tan BMG hem-de onuň ýö­ri­te­leş­di­ri­len dü­züm­le­ri, şeý­le-de beý­le­ki köp san­ly iri hal­ka­ra we se­bit gu­ra­ma­la­ry bi­len hem ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy alyp bar­ýar.

Parahatçylyga çagyryş

Bu gün agzybir halkymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlarynyň esasynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýyly diýlip yglan edilen 2023-nji ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 28 ýyllyk baýramyny aýratyn ruhubelentlik we uly şatlyk bilen toýlaýar. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan hemişelik Bitarap diýlip ykrar edilen ýeke-täk döwletdir. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy özboluşly nusgawy häsiýete eýedir. Häzirki zaman halkara gatnaşyklarynda bitaraplygyň dürli görnüşleri bolup, olar hemişelik, pozitiw, adaty we şertnamalaýyn mazmunlydyr. Bitaraplyk syýasaty degişli sebitlerde we dünýä derejesinde parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna itergi berýär. Dünýä ýurtlarynyň arasynda parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösmeginde möhüm orun eýeleýär.

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 28 ýyllygyna

Şanly senä bagyşlanan maslahat Hemmämiziň bilşimiz ýaly, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji ýubileý mejlisinde “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” hakynda Rezolýusiýa kabul edildi. Türkmenistanyň BMG tarapyndan resmi taýdan ykrar edilen ilkinji hemişelik Bitarap döwlet bolmagy halkymyzyň mukaddes Garaşsyzlygymyzdan soňky iň uly gymmatlygydyr. Çünki hemişelik Bitaraplyk türkmen döwletiniň asuda ösüşlerine, halkymyzyň parahat, eşretli ýaşaýşyna bakylyk nuruny çaýdy. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde ähli agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda hem-de 47 döwletiň awtordaşlyk etmeginde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda Rezolýusiýa ikinji gezek kabul edildi. Bu bolsa Türkmenistanyň bu hukuk ýagdaýynyň sebitde parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalanmagyna uly ýardam edýändiginiň ykrarnamasydyr.

Bitaraplyk — dünýäniň ýürek aýdymy

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň taryhy ýoluna gysgaça nazar aýlamak gyzyklydyr. 1991-nji ýylda Türkmenistanyň Konstitusiýasynda ýurduň Garaşsyzlygynyň we döwlet gurluşynyň binýatlaýyn hukuk esaslarynyň goýulmagy özbaşdak döwletiň ösüş ýolundaky ilkinji ädimi boldy. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy BMG tarapyndan iki gezek resmi ýagdaýda ykrar edildi. Türkmen Bitaraplygy  birinji gezek BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky 50-nji mejlisinde hem-de ikinji gezek 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda 69-njy mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» hakyndaky Rezolýusiýasy bilen ykrar edildi. Geçen ýyllaryň dowamynda Bitaraplyk ýörelgesine ygrarly bolmak bilen, biziň ýurdumyz syýasy, ykdysady we medeni ugurlarda baý tejribe toplady.  Dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen ynsanperwerligiň ajaýyp nusgasy kemala geldi. Bu bolsa türkmen döwletiniň halkyň asyl ruhy ýörelgelerinden gözbaş alýan Bitaraplyk syýasatynyň üçünji müňýyllygyň ählumumy maksatlaryna gönükdirilendigini görkezýär. Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine eýe bolmagy, Aziýada ylalaşdyryjy merkeze öwrülmegi — ak mermerli Aşgabadymyzda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy, döwletimiziň birnäçe gezek BMG-niň Baş Assambleýasynyň wise-başlyklygyna saý

Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlandy

Welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde hemişelik Bitaraplygymyzyň 28 ýyllyk baýramy mynasybetli maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň guramagynda «Bitaraplyk — buýsanjymyz, berkarar döwletimiziň röwşen geljegi» diýen at bilen geçirilen bu maslahata guramanyň agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri, mugallymlar we talyplar gatnaşdylar. Maslahatda parahatçylyk, dost-doganlyk ýörelgelerine ygrarly eziz Diýarymyzyň dünýäde ählumumy howpsuzlygy we durnukly ösüşi saklamakda öňe sürýän başlangyçlarynyň giň seslenmä we gollanma eýe bolýandygy, hemişelik Bitaraplygymyzyň halkymyzyň agzybir we asuda ýaşaýşyna, jebisligine, ýurdumyzyň ösüşlerine ýetirýän oňyn täsiri dogrusynda çykyşlar diňlenildi. Şeýle-de çykyşlarda ata Watanymyzyň ýeten belent derejesiniň, häzirki ösüşiniň we halkymyzyň abadan, parahat ýaşaýşynyň hormatly Prezidentimiziň ynsanperwerlige ýugrulan daşary we içeri syýasatyndan gözbaş alýandygy nygtaldy. Maslahata gatnaşyjylar halkymyzy berkarar döwletde, galkynyşlar zamanasynda ýaşadýan Milli Liderimiziň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwletli tutumlarynyň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Halkara Bitaraplyk gününe

Hoşniýetlilige, dost-doganlyga gönükdirilen taglymat Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyz Türkmenistan halkara borçnamalaryna hem-de halkara hukugyň ýörelgelerine berk we gyşarnyksyz eýerýän döwlet hökmünde dünýä jemgyýetçiliginiň doly ykrarnamasyna eýe boldy. Baky Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolan ýurdumyzyň geosyýasy hem-de geoykdysady mümkinçilikleri parahat durmuşy pugtalandyrmaga, döredijilikli ösüşi üpjün etmäge gönükdirilýär. Bitarap döwletimiz Birleşen Milletler Guramasy bilen ähli ugurlarda gatnaşyklary pugtalandyrmaga we giňeltmäge aýratyn ähmiýet berýär.

Umumadamzat gymmatlygy

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» atly rezolýusiýasyna laýyklykda, Türkmenistan BMG tarapyndan ykrar edilen we kanun esasynda berkidilen hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýedir. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy 1995-nji ýylda dünýäniň 185  döwleti tarapyndan, 2015-nji ýylda dünýäniň 193 döwleti tarapyndan goldanyldy. Dünýäde ilkinji gezek döwlete bitaraplyk hukuk ýagdaýyny iki gezek tassyklap bermek Milletler Bileleşiginiň taryhynda hem möhüm sahypa öwrüldi. Milli Liderimiziň taýsyz tagallasy bilen 12-nji dekabr Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edildi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy onuň içeri we daşary syýasatynyň esasy bolup durýar. Birleşen Milletler Guramasy özüniň ähli agzalaryny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna, Garaşsyzlygyna, özygtyýarlylygyna we çäk bitewüligine hormat goýmaga, goldamaga çagyrýar. Bitaraplyk hukuk ýagdaýy türkmen halky üçin buýsanjyň, bagtyň gözbaşy. Hemişelik Bitaraplygymyz hem, edil Garaşsyzlygymyz ýaly, ýakymly, dabaraly baýram. Garaşsyzlyk, hemişelik Bitaraplyk bu türkmen halkynyň goşa ganaty. Şol goşa ganata daýanyp, halkymyz ösüşleriň belentligine tarap öňe barýar. Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösmeginde, ykdysady kuwwatynyň pugtalanmagynda, halkara bile

Tagallalar — halkyň bähbidine

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli başlangyçlary esasynda Watanymyzyň ösüşleriniň binýady barha pugtalandyrylýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolmak bilen, Watanymyzyň halkara abraýynyň we şan-şöhratynyň artmagyna giň ýol açdy. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesini ykrar edýän «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň ýöredýän parahatçylyksöýüjilikli daşary syýasatynyň halkara bileleşigi tarapyndan giňden oňlanylýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Merjen paýtagtymyzda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy Gahryman Arkadagymyzyň düýbüni tutan döwletlilik ýörelgesiniň we parahatçylyksöýüjilikli daşary syýasat ugrunyň uly üstünligidir. 2015-nji ýylyň 3-nji iýulynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde dünýä döwletleriniň 193-si tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň ikilenji gezek biragyzdan kabul edilmegi, daşary ýurtlaryň 47-siniň bu resminamanyň awtordaşy bolup çykyş etmegi güneşli Diýarymyzyň ählumumy ösüşe we abadançylyga gönükdirilen daşary syýasatynyň uly üstünliklere eýe

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 28 ýyllygyna

Rrowaçlygyň ýoly bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ösüşiň hem-de rowaçlygyň ýoly bilen ynamly öňe barýan Bitarap Türkmenistan döwletimiziň at-abraýy barha beýgelýär. Dünýäniň halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürýän, Gahryman Arkadagymyzyň kesbine eýerýän döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyz parahatçylyksöýüjilikli döwlet hökmünde giňden tanalýar. Ýurdumyz dünýäniň ençeme döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy, halkara guramalarynyň birnäçesiniň agzasy boldy. Munuň özi ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgesine öwrülen hoşmeýilli gatnaşyklaryň dowam edip gelýändigini subut edýär.

Zeminiň asudalygy, asmanyň päkizeligi

Berkarar döwletimiz Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygynyň şanly toýuny uly dabaralara besleýär. Türkmen bitaraplygynyň asyrlardan aşyp gelýän milli ruhy-ahlak gymmatlyklarymyzdan, asylly däp-dessurlarymyzdan gözbaş alýandygyny uly buýsanç bilen bellemek gerek. Taryhymyza ser salanymyzda, merdana halkymyzyň hoşniýetli goňşuçylyga ygrarly bolandygyna, beýleki halklar bilen dostluk gatnaşyklaryny alyp barandygyna şaýat bolýarsyň. Türkmenistanyň üstünden Gündogary we Günbatary birleşdirip, halklaryň ýaşaýyş-durmuşynda, döwletleriň ösüşinde möhüm orny eýelän Beýik Ýüpek ýolunyň geçmegi syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklaryň has-da gülläp ösmegine şert döredipdir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda: «Ata-babalarymyz ýakyn-u-alys halklar bilen dostluk-doganlyk gatnaşyklaryny saklamaga, ähli ugurlarda çuň hyzmatdaşlygy ýola goýmaga nesil terbiýesiniň aýrylmaz ugry hökmünde garap, oňa ruhy dünýäsinde orun beripdir. Açyk asmanyň astynda, parahatçylygyň eşretini görüp ýaşamagy ündäpdir» diýip belläp geçmegi şol durmuş hakykatyndan ugur alýar. Bitaraplyk we parahatçylyk barada gürrüň edilende, Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly ajaýyp eserine ýüzlenmesek, bärden gaýtdygymyz bolar. «Parahatlyk — Zeminiň asudalygydyr, asmanyň pä

Dostlukly gatnaşyklaryň ýoly

Ata Watanymyz Türkmenistanyň 28 ýyl mundan öň saýlap alan bitaraplyk ýoluna esaslanýan daşary syýasaty sebitiň we dünýä halklarynyň asudalygyny, parahatlygyny we bagtyýarlygyny özünde jemleýär. Munuň özi ata-babalarymyzyň nesilden-nesle miras bolup gelýän ynsanperwerlik ýörelgesidir. Bu köňülleriň, ýürekleriň, maksatlaryň birligidir. Özeninde päklige, ýagşylyga giň orun beren Türkmenistanyň baky Bitaraplygydyr. Bu biziň dünýä halklaryny parahatçylyga çagyrýan we ynsanperwerlik ýörelgelerimizi dünýä ýaýýan taglymatymyzdyr. Bitaraplyk taglymaty eziz Diýarymyzyň beýik geljeginiň şanyna döredýän we gurýan bagtyýar halkymyza ýeňişleri gazanmaga uly güýç berýär hem-de dünýä halklarynyň arasynda parahatçylygyň, özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň ýola goýulmagyna oňyn täsir edýär. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda» Kararnamanyň kabul edilmegi taryhy waka bolupdy. Şu güne çenli berkarar döwletimiz saýlap alan ýoluna ygrarlydygyny doly subut etdi. Baky Bitarap ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyga giň orun bermegi, sebit we dünýä halklary bilen dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Häzirki wagtda asudalyga, parahatçylyga, goňşy gatnaşyklarynyň jebisleşmegine, ynanyşmaga gönükdirilen bitaraplyk syýasatymyz giň goldawa eýe bolýar hem-de merdan

Hemişelik buýsanjymyz

Berkarar döwletimiz geçen ýyllarda öz saýlap alan syýasy ýoluna doly ygrarlydygyny, Bitaraplygyň ähli borçlaryny we talaplaryny gyşarnyksyz berjaý edýändigini dünýä ýüzünde subut etdi. Hemişelik Bitaraplygymyz sebitiň we dünýäniň ähli döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge giň mümkinçilikleri açýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň ösüş ýoly bilen öňe barýandygyny, bu ýoluň parahatçylyga, dostluga, birek-birege hormat goýmagyň hem-de özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ýörelgelerini berjaý etmäge esaslanýandygyny nygtaýar. Hemişelik Bitarap Diýarymyza söýgi-buýsanjymyz egsilmeýär. Hormatly Prezidentimiziň bitaraplyk ýörelgesine esaslanýan daşary syýasatynyň miwelerini gündelik durmuşymyzda görýäris. Parahat, agzybir halkymyzyň, durnukly we çalt depginler bilen ösýän döwletimiziň bitaraplyk ýörelgesi ygtybarly, geljegi bolsa has-da nuranadyr.

Abadançylyk we parahatçylyk

Täze taryhy eýýamda eziz Watanymyz saýlap alan döredijilikli daşary syýasy ugry bilen ýagty geljege barýar. Türkmenistan Aziýa-Ýuwaş umman sebiti, Orta we Ýakyn Gündogar, Ýewropa we Amerika ýurtlary, Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara we sebit guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy barha ösdürýär. Türkmenistan taryh üçin gysga döwrüň içinde dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna dostluk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygy ýola goýmakda, halkara bileleşigiň tagallalaryny utgaşdyrmakda gymmatly tejribe toplady. Ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesi Milletler Bileleşigi tarapyndan iki gezek ykrar edilip, 12-nji dekabr Halkara Bitaraplyk güni hökmünde giňden bellenilýär. Garaşsyz döwletimiziň halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, ekologiýa abadançylygyny goramak, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, halkara ulag geçelgelerini döretmek ugrundaky başlangyçlary dünýäde giň goldaw tapýar.

Baýramçylyk dabaralary

Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 28 ýyllygyny hem-de Halkara Bitaraplyk gününi giňden dabaralandyrmak maksady bilen, häzirki wagtda welaýatymyzyň ähli ýerlerinde baýramçylyk dabaralaryna uly orun berilýär. Şu gün, Şabat etrabynyň medeniýet merkezinde «Ýaňlandyryp Bitaraplyk mukamyn» ady bilen dabaraly konsert geçirildi. Etrap häkimliginiň guramagynda geçirilen dabara il sylagly ýaşulular, mährem eneler, dürli ugurlarda zähmet çekýän adamlar, ýaşlar gatnaşdylar.

Parahatçylyk söýüjilik taglymaty

Golaýda «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşary syýasaty — parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik we hoşniýetlilik» atly buýsançly şygar astynda maslahat geçirildi. Baky Bitaraplygymyzyň 28 ýyllyk şanly senesini dabaralandyrmak maksady bilen, TDP-niň welaýat hem-de şäher komitetleriniň, Daşoguz şäher häkimliginiň bilelikde guramagynda häkimligiň mejlisler zalynda geçirilen maslahata dürli ugurlarda zähmet çekýän adamlar gatnaşdylar.

Netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek — Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugry

Bitarap Türkmenistan häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň deňeçer çözgütlerini işläp düzmekde işjeň we başlangyçly orny eýelemek bilen, sebit hem-de ählumumy derejede parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine, netijeli hyzmatdaşlyga esaslanýan daşary syýasy ugry durmuşa geçirýär. Şu ýylyň dowamynda guralan halkara derejeli möhüm wakalar Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan bu öňdengörüjilikli strategiýanyň netijeliliginiň aýdyň güwäsidir. Şol wakalaryň hatarynda döwlet Baştutanymyzyň sentýabr aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherine iş saparyny amala aşyrandygyny bellemek gerek. Ýurdumyz öz parahatçylyk söýüjilik we döredijilik kuwwatyny ählumumy abadançylygyň bähbidine gönükdirmäge taýýardygyny iş ýüzünde görkezýär hem-de bu ugurda başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär. Munuň şeýledigine 18-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň belent münberinden beýan eden anyk teklipleri we Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary hem şaýatlyk edýär.

Baýramçylyga bagyşlanan dabara

Baky Bitaraplygymyzyň şanly 28 ýyllyk baýramyny dabaralandyrmak maksady bilen, Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mejlisler zalynda dabaraly maslahat geçirildi. «Bitarap Watanyň bagtyýar ýaşlary» atly şygar astynda geçirilen maslahaty Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz şäher geňeşi mugallymçylyk mekdebi bilen bilelikde gurady. Oňa şu okuw mekdebiniň mugallymlary, talyplary, ýaşlar guramasynyň işgärleri gatnaşdylar.

Bitaraplyk bagtyýarlyk buýsanjym

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy eýýamynyň eşretli günlerinde bedew bady bilen öňe barýan Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplygyna bu gün 28 ýyl dolýar. Bu döwrüň içinde parahatçylygy söýüjilik syýasatyny amala aşyryp, Türkmenistan ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň, gepleşikleriň geçirilýän, üstaşyr ulag geçelgeleriniň ygtybarly hereket edýän ýerine öwrüldi. Bu babatda Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň we türkmen goňşuçylyk hem-de ynsanperwerlik ýörelgeleriniň ähmiýeti uludyr. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda türkmen Bitaraplygy sebitleýin durnuklylygyň, parahatçylygyň we ösüşiň möhüm faktory bolup çykyş edýändiginiň hem-de ähli ýurtlaryň hem-de halklaryň bähbitlerine laýyk gelýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Türkmenistan diňe bir öz sebitinde hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny alyp barmak bilen çäklenmän, ähli gyzyklanma bildirýän döwletler bilen şeýle syýasaty durmuşa geçirýär hem-de diňe bir bähbitleriň gabat gelmegini gözlemän, öz hyzmatdaşlaryny ählumumy abadançylygyň bähbidine bilelikde netijeli işlemäge gönükdirilen pikirdeşlerine öwürýär. Munuň özi ýurdumyzyň häzirki wagtdaky we geljekde alyp barjak halkara işiniň üstünliklerine beslenmeginiň kepili bolup durýar. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda hemişelik Bitaraplyk derejesine

Bitaraplygyň mizemez binýady

Hemişelik Bitaraplyk Türkmenistanyň bütin dünýä we sebit döwletleri bilen dostlukly, ikitaraplaýyn bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge, jemgyýetde durnuklylygy, ylalaşygy berkitmäge gönükdirilen içeri hem-de daşary syýasatynyň düýp esasy bolup durýar. Türkmenistan hoşniýetli daşary syýasaty alyp barmak bilen, döwletleriň içerki işlerine gatyşmazlyk we olary hormatlamak, deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda özara gatnaşygy ýola goýýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň möhüm wezipesi we aýrylmaz bölegi öňüni alyş diplomatiýasydyr. Ony gözel paýtagtymyzda 2007-nji ýylda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy doly tassyklaýar.

Baky belent dereje

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 18-nji noýabrynda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçiren mejlisinde ýurdumyzyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna biragyzdan saýlanandygy baradaky hoş habaryň aýdylmagy bizi örän begendirdi. Munuň özi güneşli Diýarymyzyň halkara abraýynyň has-da ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýän ajaýyp wakadyr. Döwlet Baştutanymyzyň ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasyndan gelip gowşan bu hoş habara ünsi çekip: «Biz muňa ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk ýörelgeleri esasynda alyp barýan daşary syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldaw tapýandygynyň aýdyň subutnamasy hökmünde baha berýäris» diýip bellemegi Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň gadyr-gymmatynyň örän ýokarydygyny, halkymyzyň müňýyllyklara uzap gidýän taryhy geçmişinden gözbaş alýan ynsanperwerlik ýörelgelerine baky ygrarlydygyny aýdyň subut edýär. Bu gün Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde bolup geçýän şanly wakalar, gazanylýan üstünlikler ýagty geljegimize röwşen şuglasyny saçýar.