«7/24. tm» № 50 (185) 11.12.2023
Bitaraplyk diýlende ilki bilen parahatçylyk göz öňüme gelýär. Parahatçylyk hem düşünişmek, ylalaşyk arkaly gazanylýar. Aslynda ylalaşyk, birek-birege hormat goýmak, ynsanperwerlik ýaly häsiýetler ata-babalarymyzdan biziň damarlarymyza, süňňümize, aňyýetimize ornan häsiýetlerdir. Şunuň ýaly pähim-paýhasa, söz arkaly ylalaşyga eýe bolmadyk bolsa, nesilbaşymyz Oguz han hem diňe güýç bilen geçmişde şunça döwleti gurmazdy. «Döwlet gurjak bolsaň, türkmeni çagyr» diýlip ýönelige aýdylmandyr. Ata-babalarymyzdan nesilme-nesil geçip gelýän şol asylly ýörelgeler hem häzirki wagtda Berkarar döwletiň türkmen Bitaraplygynyň özenini düzýär. Onuň düýp manysy asudalygy, parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekden ybaratdyr.