Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda eden çykyşynda: «Hakyky ykbal kesgitleýji maksatlara ýetmek üçin wagtlaýyn bähbitlerden we artykmaçlyklardan el çekmeli diýip hasap edýärin. Şol maksatlar pugta parahatçylygy we howpsuzlygy, uzak döwür üçin ösüşi üpjün edip biler. Muny bolsa diňe bilelikde we Birleşen Milletler Guramasynyň aýgytly orny bolanda gazanyp bolar. Häzirki zaman dünýäsinde BMG-niň orny baradaky çekişmeler, ony özgertmek boýunça teklipler netijesinde, bu guramanyň ýerini tutjak edaranyň ýokdugy üýtgewsiz we äşgär bolup galýar. Esaslandyrylan gününden bäri geçen onýyllyklaryň dowamynda bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasy häzirki döwürde hem parahatçylygy saklamak, ählumumy, hemmetaraplaýyn howpsuzlygy, halkara gatnaşyklaryň häzirki gurluşynyň durnuklylygyny üpjün etmek üçin jogapkär bolan ýeke-täk köptaraply we kanuny gurama bolup çykyş edýär» diýmek bilen, munuň Türkmenistanyň düýpli garaýşydygyny aýratyn nygtady.
Biziň ýaşaýan döwrümiz iki müňýyllygyň kesişýän eýýamy, adamzadyň öz taryhynda geljege gönükdirilen aýgytlaýjy pursady başdan geçirýän döwürleriniň biridir. Syýasatda güýje daýanmak usuly hernäçe gadymy bolsa-da, onuň öňüni almaga gönükdirilen gurallar, serişdeler hem öz köklerini has gadymyýetden alyp gaýdýar. Bitaraplyk bolsa urşuň öňüni almaga gönükdirilen şeýle serişdeleriň iň möhümidir. Berilýän nusgawy kesgitlemä laýyklykda, «bitaraplyk» diýmek uruşda, dawa-jenjellerde iki tarapyň ne biriniň, ne-de beýlekisiniň tarapyny tutmazlygy aňladýan bolsa-da, onuň düýp tebigaty hiç hili hereketsizlikden, gol gowşuryp oturmakdan ybarat däldir. Aslynda, bitaraplygyň urşa, dawa-jenjele ýigrençden, oňa bolan nägilelikden dörändigini ýatlasak, onuň düýp mazmunynda agzalan nogsanlyklary köki-damary bilen ýok etmegi niýet edinýän ynsanperwer pelsepe dur. Başgaça aýdanymyzda, bitaraplyk — bu biperwaýlyk ýa-da özüňi üzňe tutmak däldir. Ol güýjüňe baýrynmak hem däldir. Bitaraplyk — bu gara güýji gowşatmak, başaryp bolsa, ony agyzdyryklamakdyr, mätäje hemaýat etmekdir, akyldar Magtymgulynyň sözleri bilen aýtsak, «Entäni goldara hemaýat ýagşy» diýen ýörelgä eýermekdir, «çar tarapa il bolmaga» çagyryşdyr. Mollanepesiň aýdyşy ýaly, «iki adam uruşsa, öter ýaly ýol bermezlik, birine gep berip, beýlekisine al bermezlikdir», ýagny taraplary dawa-jenjele küşgürmezlikdir. Bitaraplyk söweşmän ýeňmek sungatydyr. Bitaraplyk söweşiň öňüni alyp, asudalygy gazanmak sungatydyr.