''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy «Açyk gapylar» gününe çagyrýar

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy 2024-2025-nji okuw ýylynda okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlary 2024-nji ýylyň 22-nji aprelinde sagat 09:00-da geçiriljek «Açyk gapylar» gününe çagyrýar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ýörite we çagalar sazçylyk, sungat mekdeplerini tamamlaýan uçurymlar «Açyk gapylar» gününde okuwa girmek üçin talap edilýän resminamalar, ýokary okuw mekdebinde taýýarlanylýan hünärler, alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik hem-de medeni köpçülikleýin işler barada giňişleýin maglumatlar, şeýle hem «Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň muzeýi» bilen tanşyp bilerler.

Talyplar tejribelikde taplanýarlar

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Türkiýäniň Awiasiýa assosiasiýasynyň uniwersitetinde bilim almaga çagyrýar

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Türkiýäniň Awiasiýa assosiasiýasynyň uniwersitetinde “uçarman” hünäri boýunça bilim almaga çagyrýar. Okuw awiakompaniýanyň serişdeleriniň hasabyna geçirilýär. Onuň möhleti 4 ýyl.

Dil – dostluk köprüsi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde ykdysady we medeni durmuş ulgamlarynda uly üstünlikler gazanylýar. Döwlet we jemgyýetçilik gurluşyny, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny, şol sanda milli bilim ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek boýunça giň möçberli işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Dil halklaryň arasyndaky dostluk köprüsi hasaplanýar. Şeýle hem daşary ýurt dillerini bilýän hünärmen dünýäniň ylmy edebiýatlaryndan habarly bolýar. Munuň özi ylym-bilimde hem möhüm ähmiýete eýedir. Diliň özi pikirleniş bilen berk baglanyşyklydyr. Şonuň üçin hem dil bilýän ýaşlaryň pikirlenişi hem ösýär, ylym-bilime bolan garaýşy kämilleşýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmek, milli we dünýä tejribesiniň öňdebaryjy usullary esasynda okuw-tejribelik işlerini ýokarlandyrmak we bilime, ylma höwesli ýaşlary goldamak bilen baglanyşykly özgertmeler üstünlikli alnyp barylýar. Bu özgertmeler dünýä halklary bilen dost-doganlygy üpjün edýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaşlaryň ylymly-bilimli bolmaklaryna aýratyn üns berilýär. Şunda dünýäniň ylmy edebiýatyndan peýdalanmak, döwrebap ylymlary özleşdirmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Munuň üçin bolsa dünýä dill

Üstünligiň aýdyň ýoly

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda ylym, bilim ulgamlaryny ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär. Ylym kämilligiň binýady bolup, ýurdumyzda ylymly ýaşlary kemala getirmek esasy wezipeleriň hatarynda goýulýar. Bu babatdaky işleriň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin ähli şertlerdir mümkinçilikler döredilýär. Ylym ulgamyna döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde garalyp, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy hem ösdürilýär, öňdebaryjy tejribeler ornaşdyrylýar. Dünýäniň sanly tehnologiýalarynyň öňdebaryjy gazananlarynyň esasynda ýurdumyzyň bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyny, her bir raýatyň ösen tehnologiýalardan oňat baş çykaryp bilmegini gazanmak maksady bilen, milli bilim ulgamynyň öňünde goýlan wezipeler giň möçberlidir. Bular sanly bilimiň innowasion çeşmeleriniň, häzirki zaman tehniki serişdeleriniň we ulgamlarynyň, maglumat gorlarynyň ulanylyşynda, bilim işgärleriniň bu ugurda taýýarlygyny kämilleşdirmekde düýpli özgertmeleriň amala aşyrylmagy bilen şertlenýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen bilim ulgamynyň ösüşlerini üpjün etmäge gönükdirilen özgertmeleriň çuňňur many-mazmuny bar. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýokary ok

Bilim — röwşen geljegiň şuglasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesliň ruhubelent, berk bedenli bolmagy, aň-bilim taýdan ösmegi we terbiýesi üçin ähli şertler döredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda bilimli, terbiýeli, maksada okgunly nesil kemala gelýär. Häzirki döwürde umumadamzat gymmatlyklaryny we dünýäniň ösen döwletleriniň tejribesini öwrenmek, şeýle hem halkymyzyň medeni, milli-ruhy ýörelgelerini, däp-dessurlaryny sazlaşykly peýdalanmak arkaly ýurdumyzyň bilim ulgamy mundan buýana-da döwrebaplaşdyrylýar. Bu ulgamda düýpli özgertmeleri amala aşyrmagy çuňlaşdyrmagyň we belent sepgitlere ýetirmegiň ýolundaky maksatnamalaýyn wezipeleri çözmek ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmekde ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Bu mümkinçilikler bilim ulgamyny kämilleşdirmekde we ýaşlara berilýän bilimiň hil derejesiniň dünýä ülňülerine kybapdaş bolmagynda özüniň ýokary netijesini berýär.

Iş tejribeden

Sapagyň täsirliligi usulyýete bagly Matematika sapagyna okuwçylar örän işjeň gatnaşýarlar, sebäbi her gezekki sapagy gyzykly guramak we okuwçylaryň höwesini artdyrmak, elbetde, mugallymyň sapagy guraýşyna bagly bolup durýar. Okadýan 3-nji synpymda berlen mysallary ýatdan hasaplamak, tagtada işlemek, okuwçylaryň oturan ýerlerinde özbaşdak işlemek ýaly usullary ulanýarys. Berlen tabşyryk boýunça çalt we dogry işlän okuwçylary dürli şekiljikler bilen höweslendirýäris.

Usuly maslahat geçirildi

Çagalar bagymyzda «Matematika we sowat öwretmek sapaklarynda öwrediji oýunlardan peýdalanmagyň usullary» diýen mowzuk esasynda usuly maslahat geçirildi. Oňa etrap bilim bölüminiň hünärmenleri, çagalar baglarynyň müdirleri we terbiýeçileri gatnaşdylar. Usuly maslahatyň dowamynda ýaş nesle sowat öwretmegiň we bilim bermegiň ilkinji basgançaklarynda alnyp barylýan işler seljerildi. Terbiýeçiler öz iş tejribelerine daýanyp, sapaklary milli we döwrebap ruhda alyp barmak boýunça öz başarnyklaryny görkezdiler. Myhmanlar çagalar bagynda körpeler bilen matematika we iňlis dili sapaklarynyň geçirilişini hem synladylar. Körpeleriň ýerine ýetiren çykyşlary, hereketli oýunlary usuly maslahatyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Şeýle-de terbiýeçiler mekdebe çenli bilim edaralarynda çagalara türkmen milli oýunlaryny öwretmegiň usullary we ähmiýeti dogrusynda hem gürrüň berdiler.

Zehin zehinden zyýada

Welaýatymyzyň mekdep okuwçylary Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty tarapyndan fizika we matematika dersleri boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijileri boldular. Orta mekdepleriň 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda yglan edilen bäsleşikde fizika dersi boýunça Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiň okuwçysy Döwlet Sultanow bilen Halaç etrabynyň Magtymguly adyndaky 14-nji orta mekdebiniň okuwçysy Derkar Abdyrahmanow ikinji orny eýelediler. Şunda türkmenabatly okuwçynyň mümkin bolan 50 utukdan 37, halaçly ýaş zehiniň bolsa 30 utuk toplap bilendiklerini aýtmak gerek.

Maslahat ― tejribe mekdebi

Darganata etrabynyň 3-nji «Bilbil» çagalar bakja-bagynda welaýat baş bilim müdirligi tarapyndan usuly-amaly maslahat geçirildi. Bäş ýaşly çagalary başlangyç bilimiň maksatnamasyny özleşdirmäge taýýarlamakda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň mekdep we maşgala bilen bilelikdäki işlerini guramagyň ýollaryna bagyşlanan maslahata welaýatyň etrap-şäherlerinden bilim işgärleri gatnaşdylar. Maslahatyň çäklerinde Gündogar sebitiň öňdebaryjy bilim işgärleriniň iş terjibesi bilen tanyşdyrýan sergi hem guraldy. Şeýle hem etrabyň dürli çagalar bakja-baglarynyň terbiýeçileri çagalar bilen gyzykly sapaklary geçmek bilen bagly ukyp-başarnyklaryny we iş tejribelerini paýlaşdylar.

Daşary ýurt dillerini okatmakda täzeçil usullar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň syýasy, ykdysady hem-de medeni ulgamlarynda uly üstünlikler gazanylýar. Döwlet we jemgyýetçilik gurluşyny, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny, şol sanda milli bilim ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek boýunça giň möçberli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär hem-de bu ugurda geçirilýän özgertmeler barha rowaçlanýar. Şeýle hem, ýuirdumyzda hereket edýän “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatynda örän ähmiýetlidir. Bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda bitewi bilim gurşawyny döretmek, daşary ýurt dillerini okatmagyň mazmunyny ulgamlaýyn döwrebaplaşdyrmak, dil öwrenýänleriň dil we medeni bilimleriniň hiliniň ýokarlanmagyny hem-de netijeli okuw işini ele almagyny üpjün edýän innowasion dil öwrediş tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak, olary durmuşa ornaşdyrmak - bu Konsepsiýanyň esasy maksadyny düzýär. Bu babatda mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän dersara bäsleşikler häzirki döwürde okuwdan daşary işiň, özbaşdak bilimiňi artdyrmagyň giňden ýaýran görnüşleriniň biridir. Şeýle hem okuwçynyň dersi özleşdirişiniň netijeliligini kesgitle

Ýaş matematikleriň olimpiadasy

üstünliklere beslendi Halkymyz «Hünär — akar bulak, ylym — ýanar çyrag» diýýär. Wagtyň eleginden geçip gelen bu nakyl öz manysyny hiç haçan ýitirmez. Sebäbi taryha ser salanymyzda ata-babalarymyzyň ösen ylmyň eýeleri bolandygyna göz ýetirmek bolýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ylym-bilim boýunça uzak geljegi nazarlaýan işler durmuşa geçirilýär.

Arkadag şäheri — ylmyň-bilimiň merkezi

Begenç GUMMANOW, altyn medalyň eýesi, Türkmenistan: — Arkadag şäherinde geçirilen halkara matematika olimpiadasyna gatnaşmak bagty maňa hem miýesser etdi. Bu olimpiada örän çekeleşikli geçdi. Men öz ukyp-başarnygym bilen altyn medal gazandym. Watanymyza, halkymyza mynasyp ruhly ýaşlary kemala getirmekde uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan işleri hemişe rowaç bolsun.

Goşun tejribeligi

Ýakynda TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynda awtomobil tehnikalaryny ulanmak hünäri boýunça bilim alýan 3-nji ýyl harby talyplar podpolkownik Muhammetberdi Kakajanowyň serkerdelik edýän harby bölüminde goşun tejribeligini geçdiler. Harby talyplar tejribeligiň dowamynda wezipeleri ýerine ýetirmek, tejribe toplamak endiklerini kämilleşdirdiler. Olar harby tehnikalarda tehniki ideg we bejergi işlerini geçirmegi özleşdirdiler. Goşun tejribeliginiň tamamlanmagy bilen, harby talyplardan tejribeligiň maksatnamasy we ýekebara ýumuşlar esasynda bahaly hasap kabul edildi. Goşun tejribeligi boýunça harby talyplar Hydyr Rejepow, Ylýas Rejepow, Meýlis Nurmuhammedow, Abdylla Nurgylyjow dagy gowy netije görkezdiler. Ýazmuhammet ATDAÝEW,podpolkownik.

Bilimli bolmak — dünýä akyl ýetirmek

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri türkmen halkynyň täze taryhyna ösüşleriň we oňyn özgerişleriň döwri hökmünde baky ýazylýar. Şeýle hem ýurdumyzyň harby ulgamynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler bu hakykata dolulygy bilen şaýatlyk edýär. Beýleki pudaklar bilen bir hatarda Ýaragly Güýçlerimiziň Raýat goranyşy ulgamynda hem ägirt uly sepgitlere ýetilýär. Şol bir wagtda Garaşsyz Watanymyzyň goranyş ulgamy düýpli özgertmeler netijesinde gün-günden öňe ilerleýär. Ýaşlaryň döwrebap bilim almagy we hünär öwrenmegi möhüm wezipeleriň biridir. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň: «Ýaşlar hemişe kämillige ymtylmalydyrlar. Çünki kämillik ýaşlar üçin iň ýokary derejedir» diýen ajaýyp sözleri ata-babalarymyzdan gelýän milli gymmatlyklaryň häzirki döwürde hem giň gerime eýe bolýandygyny görkezýär. Şundan ugur alyp, harby talyp ýaşlarymyzyň döwrebap hünärleri ele almagy, raýat goranyşy we howpsuzlygy babatynda nazary bilimlerini kämilleşdirmegi üçin ýokary okuw mekdebimiziň okuw binýatlarynda, häzirki zaman enjamlary ornaşdyrylan okuw-önümçilik merkezinde, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň okuw binýatlarynda, amaly-tejribe toplumlarynda okuw sapaklaryny özleşdirýärler.

Beýik akyldara hormat

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasy möhüm ähmiýete eýedir. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Raýat goranyşy fakultetinde-de ýörite meýilnama esasynda, beýik akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Guralýan çärelerde beýik akyldaryň: «Berkarar döwlet istärin» diýip, özbaşdak döwlet gurup, halkymyzyň agzybir, asuda we abadan durmuşda ýaşamagy hakynda eden arzuwlary döwletimiziň Garaşsyzlygyna eýe bolmagy bilen doly hasyl bolandygyna aýratyn üns berilýär. Dünýä medeniýetiniň baý genji-hazynasyna öwrülen Magtymguly Pyragynyň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan eserleri hem-de filosofik garaýyşlary, agzybirlik, sahawatlylyk hakyndaky pikirleri, öwüt-ündewleri türkmen jemgyýetiniň ruhy taýdan kämilligine, halkymyzyň häzirki we geljek nesilleriniň aň-düşünje sagdynlygyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň esasyny goýandyr. TÜRKSOÝ-nyň hemişelik geňeşiniň mejlisinde 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň «Dünýäniň

Raýat goranyşy — möhüm wezipe

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli pähim-parasatlary esasynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň ähli sebitlerinde döwrebap ýaşaýyş jaýlary, durmuş-ykdysady maksatly binalar we desgalar yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär. Arkadag şäheri iň iri we naýbaşy binalar toplumydyr. Ol özüniň täsin ymaratlary, haýran galdyryjy binagärlik aýratynlyklary bilen dünýäni aňk edýär. Gurulýan täze binalaryň we desgalaryň uzak möhletli hyzmat etmegini, ilatyň ýüze çykyp biljek tebigy we tehnogen hadysalara garşy dessin goraglylygyny üpjün etmek döwrüň möhüm wezipeleriniň biridir. Şol bir wagtda ýurdumyzda bu ugurdan ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak has wajyp bolup durýar. Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Raýat goranyşynyň esasy wezipelerini, onuň guralyşynyň we işlemeginiň guramaçylyk ýörelgelerini, ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň, kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň ygtyýarlyklaryny, şeýle-de ýurdumyzyň we daşary ýurtly raýatlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň raýat goranyşy babatyndaky hukuklaryny we borçlaryny kesgitleýän «Raýat goranyşy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi.

Ylym we tehnika syýasy-ykdysady özgertmelerimiziň hem-de rowaçlyklarymyzyň özenidir

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow:— Ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän alada öz miwesini hem berýär. Watanymyza, halkymyza, ata-babalarymyzyň ajaýyp ýörelgelerine, milli däp-dessurlarymyza wepaly, ruhubelent, bilim almaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli ýaşlar kemala gelýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy dünýäniň iň ösen ýurtlarynyň derejesine çykarmak maksady bilen, onuň önümçilik, senagat we zähmet, şonuň bilen bir hatarda, intellektual kuwwatyny artdyrmak, diwersifikasiýalaşdyrmak babatda durmuşa ornaşdyrýan özgertmeleri özüniň oňyn netijelerini berýär. Şu maksada ýetmek üçin zerur bolan toplumlaýyn çäreler üstünlikli durmuşa geçirildi, şol sanda ähli ösüşleriň berk binýadyny düzýän ylym-bilim ulgamynyň işi hem dünýäniň ösen tejribelerine laýyklykda alnyp barylýar. Bu özgertmeler ýurduň döwlet gurluşyny kämilleşdirmekden başlap, ykdysadyýetiň we medeniýetiň ähli ulgamlaryny, halkyň gündelik durmuşyna çenli ähli ýagdaýlary öz içine alýar.

Zehin daragtynyň datly miweleri

Golaýda Arkadag şäherinde geçirilen Halkara matematika olimpiadasynda welaýatymyza wekilçilik eden okuwçylaryň üstünlikli çykyş etmekleri bizi diýseň buýsandyrdy. Dünýä döwletleriniň 13-siniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda geçirilen bu olimpiadada Türkmenabat şäherindäki takyk we tebigy ugurlara ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Döwletgeldi Şakirjanow 3-nji orna mynasyp boldy. Özüniň tebigy zehini, asylly terbiýesi, ähli sapaklara göreldeli ýetişigi bilen tapawutlanýan Döwletgeldi ýurdumyzda mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän ders we taslama bäsleşiklerine yzygiderli gatnaşyp gelýär. Ol bu bäsleşikleriň ählisinde diýen ýaly öňdäki orunlary eýeleýär. Döwletgeldi geçen okuw ýylynda «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň döwlet tapgyrynyň ýeňijisi hökmünde Halkara Ýaşlar forumyna hem gatnaşdy. Bu okuw ýylynda bolsa ýene-de «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň döwlet tapgyrynyň ýeňijisi bolup, Halkara matematika olimpiadasyna gatnaşmaga hukuk gazandy. Ol Arkadag şäherinde geçirilen olimpiadanyň ähli taýýarlyk tapgyrlaryndan geçip, esasy tapgyrda-da üstünlikli bäsleşdi.

Ýaşlar — Watanymyzyň geljegi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde döwrüň talabyna laýyk gelýän döwrebap kompýuterler, multimedialar, tehniki serişdelerdir okuw-görkezme esbaplary bilen üpjün edilen çagalar edaralaryndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli ýaşlara döwrebap bilim bermekdäki işler giň gerim bilen dowam etdirilýär. «Ylymly il ozar» diýen paýhasa uýulýan Watanymyzda ýaşlaryň öz höwes edýän hünäriniň ussady bolmaklary üçin bu günki gün ýurdumyzda ähli mümkinçilikler döredilen. Biz — ýaşlaryň okamagymyz, döretmegimiz, kämil hünärmenler bolup ýetişmegimiz üçin ähli mümkinçilikler bar. Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanyp, bagtyýarlyk döwrüniň ösüşlerine, özgerişlerine mynasyp goşandymyzy goşarys. Hormatly Prezidentimiziň ynamyny ödemegi başarýan ýaşlar döwlet we halkara derejesinde geçirilýän abraýly ýaryşlara, zehin bäsleşiklerine işjeň gatnaşyp, oňat netijeleri gazanýarlar. Muňa mysal edip, şanly ýylymyzda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde geçirilen mekdep okuwçylarynyň arasynda matematika dersi boýunça halkara olimpiadasyny, şeýle hem Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş