Ekologiýa abadançylygy ugrunda

7 Iýun 2021
1664

Tebigata aýawly garamak, onuň gözelligini we baýlyklaryny geljek nesillerimiz üçin gorap saklamak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Ykdysadyýetiň ösüş depginlerini üpjün etmek, durmuş ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça ähli giň gerimli özgertmeler adamlaryň abadan durmuşynyň aýrylmaz şerti hökmünde ekologiýa bilen berk baglydyr.

Biziň ýurdumyz bu möhüm ugurda halkara gatnaşyklara işjeň goşulmak bilen, gyzyklanma bildirýän ähli hyzmatdaşlar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy, beýleki abraýly halkara düzümler bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Türkmenistan häzire çenli daşky gurşawy goramak boýunça ekologiýa konwensiýalarynyň we halkara ylalaşyklarynyň 20-den gowragyny tassyklady.

Ýörite habarçymyz.