Eziz Diýarymyzyň gözel tebigaty

3 Iýun 2021
1727

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň tebigatyny goramakda, has-da gözelleşdirmekde uly işler durmuşa geçirilýär.

Türkmenistanda tebigaty goramak, onuň baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, daşky gurşawy sagdynlaşdyrmak döwlet syýasatynyň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça 2008-nji ýylda milli senenamamyza girizilen Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni ýurdumyzda aýratyn bellenilýän seneleriň biridir. Ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak meselelerine degişli halkara forumlar, maslahatlar, tejribe okuw sapaklary yzygiderli geçirilýär. Jemgyýetiň we ylmy-tehniki ösüşiň möhüm meseleleriniň biri bolan ýokary ekologik medeniýeti kemala getirmek üçin okuw mekdeplerinde, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýaş nesle daşky gurşaw barada üznüksiz nazary we amaly bilimdir terbiýe berilýär.

Daýançmyrat PÖTDIÝEW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.